Geljegiň ekoşäheri
Şweýsariýada fransuz binagäri Winsent Kallebonyň işläp taýýarlan geljegiň ekologik şäheriniň taslamasy tassyklanyldy. «The Greenhouses» diýlip atlandyryljak şäheriň binalary agaçlardan gurlup, onda awtoulag ýollary bolmaz. 10 000 inedördül metr meýdany eýelejek şäheriň seýilgähinde bolsa diňe pyýadalar we welosipedçiler üçin ýodajyklar bolar. Aňrybaş derejede ýagtylygyň düşmegini gazanmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň penjireleri günorta tarapa garar. Olaryň hersiniň balkonynda ýörite bölünen ýerlerde dürli ösümlikler ekiler. Bu usulyň esasy maksady bugarmagyň we Gün radiasiýasynyň täsiriniň azalmagy netijesinde howanyň gyzgynlygyny 3 — 5 derejä çenli azaltmakdyr. Taslama doly durmuşa geçirilende, şäherde ösümlikleriň we gyrymsy agaçlaryň 30000-den gowragy ösdürilip ýetişdiriler. Bu bolsa her ýylda kömürturşy gazynyň 170 tonnasyny ýok etmäge müminçilik berer.