Nebitgaz pudagynda uly işler bitirip, saýlan hünärine ömrüni bagyşlan halypalaryň biri hem görnükli alym, geolog, ylmyň we önümçiligiň başarjaň guramaçysy Ýagşymyrat Hojagulyýewdir.
Ýagşymyrat Hojagulyýew bary-ýogy 51 ýaşapdyr. Ol 1936-njy ýylyň 23-nji aprelinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda doglan. Ol barada arhiw maglumatlaryna ser salanyňda, juda kän işleri bitirendigine göz ýetirip bolýar. Ussat geolog 1973-nji ýylda geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, 1975-nji ýylda professor, 1981-nji ýylda TSSR YA-nyň habarçy agzasy bolupdyr. 1983-nji ýylda Döwletabat — Dönmez gazkondensat ýatagynyň açylmagy üçin oňa Ylym we tehnika boýunça SSSR-iň Döwlet baýragynyň laureaty diýen hormatly at berlipdir.