Dagdanly taýmaz...

25 Noýabr 2023
1335

Dagdan — türkmen daglarynyň gelşigi we ýaraşygy hasaplanýan gadymy agaç. Bu dag daragty dag çeşmeleriniň golaýynda ösüp, olary kölege bilen büreýär.

Daragtyň dünýäde 50-den gowrak, Türkmenistanda bir görnusi duşýar. Dagdanlaryň boýy 10 — 15 metre çenli ýetýär. Bu agaç örän gaty, agyr, çeýe we çydamlydyr. Şonuň üçin-de, dagdana «demir agaç» ýa-da «daş agaç» diýilýär. Dagdan agajy guraklyga çydamly haýal ösýän ösümlikdir. Bu agaç 200 ýyldan 600 ýyla çenli ýaşamaga ukyply bolup, ol ýagtylygy we guraklygy halaýar. Dagdan agajy tohumyndan we nahalyndan  köpelýär. Agaç 7-8 ýaşlarynda gülleýär. 8 — 16 ýaşlarynda miwe berýär. Miwesi iýmäge ýaramly.

Jahan NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.