Repetegiň reňbe-reň düzlüginde

22 Noýabr 2023
1170

Garagum sährasynyň iň gözel ýerleriniň biri Repetek döwlet biosfera goraghanasy diňe Türkmenistanda däl, eýsem, çöllük zonada döredilen ilkinji goraghanadyr. Ol welaýatymyzyň merkezi — Türkmenabat şäherinden 70 kilometr uzaklykda Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşýär. Repetek çöl stansiýasy 1912-nji ýylda «Rusgeografiýa» jemgyýeti tarapyndan Garagum çölüni yzygiderli öwrenmek, 1927-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa Repetegiň daş-töweregindäki çölüň täsin we ajaýyp ojar tokaýlaryny goramak maksady bilen döredildi. Onuň tutýan meýdany 34600 gektara barabar. 1979-njy ýylda Repetek goraghanasy halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşuldy. 1977-nji ýylda goraghananyň düzümine Ýerajy tebigy çäkli goraghanasy hem girizilýär. Ol Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan 90 kilometr Günbatarda ýerleşýär. Ol, esasan, gara sazakly tokaýlary, ýerde we suwda ýaşaýan guşlary, olaryň höwürtgeleýän çäklerini gorap saklamak, köpeltmek maksady bilen döredilendir. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde süýdemdirijileriň 29 görnüşi, süýrenijileriň 22 görnüşi, oňurgasyzlaryň 1343 görnüşi we guşlaryň 200-den gowrak görnüşi duş gelýär. Dünýäniň iň uly çägeli çölleriniň biri çäge ulgamlarynyň, aklaň çägeleriň we jülge şekilli peslikleriň gezekleşip ýerleşmegi döwlet biosfera goraghanasynyň landşaft dürlüligini emele getirýär. Goraghananyň ösümlik dünýäsinde gandymlyklar, ak we gara sazaklyklar agdyklyk edýär. Türkmenistanda duş gelýän mör-möjekleriň 34 toparynyň 18-si döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde duş gelýär. Olardan hakyky uzynmurt çekirtgeler, byzowlar we çekirtgeler maşgalalarynyň wekilleri ýaýrandyr. Goraghanada ýaşaýan we goralýan seýrek jandarlaryň biri-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Uwarowyň çölçi çekirtgesi bolup, ol Türkmenistanyň endemigidir we orta ululykdaky çekirtgedir. Esasy reňki çal ýa-da sarymtyl çal, garyn böleginiň aşagy sary, ösümlik düýpleriniň arasynda ýaşamaga uýgunlaşan çekirtgedir.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.