Dag meýnesi
Dag meýnesi Günorta Aziýada, Hindistanyň demirgazygynda Günorta Gimalaý daglaryna çenli hem-de Türkmenistanyň Gündogarynda giňden ýaýrandyr. Dag meýnesi — öz watanynyň çäklerinde oturymly ýaşaýan guş. Bu guş biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 1963-nji ýylda Köýtendagyň eteginde hasaba alyndy hem-de Owganystandan tötänden uçup gelen görnüş hasap edilýär. Daglyk sebitlerde dag meýnesi 120 — 150 metr beýiklikde ýaşaýar, ýöne dag eteklerinde bolsa onuň ekerançylyk ýerlerinde hem duşmagy mümkin.