Tokaý sugunlary

22 Noýabr 2023
996

Amyderýanyň kenarlarynyň tokaýlar bilen jäheklenen gorag meýdançalarynda owadan hem gelşikli sugunlar ýaşaýarlar. Owadanlygy üçin olara, başgaça, «hangül» hem diýýärler. Sugunlar Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň nyşany hasap edilýär. Biziň ýurdumyzda asylly sugunyň buhar ýa-da tokaý aşaky görnüşi duş gelýär. Ol asylly sugunyň beýleki görnüşlerinden göwresiniň kiçiligi we şahlarynyň görnüşi bilen tapawutlanýar. Bu uly hem gelşikli haýwanlar oturymly ýaşaýarlar, olar toraňňy jeňňelliginden çykmaýarlar. Tokaýlyklarda dürli otjumak ösümlikleriň köp bolmagy, şeýle-de ösümlikleriň bol hasyl getirmegi olaryň asuda ýaşamagyna, köpelmegine amatly şertleri döredýär.

Tokaý sugunlary örän duýgur, ys alyş we görüş agzalary güýçli ösen süýdemdiriji haýwanlardyr. Olar tokaýlarda petde, igde we beýleki ösümlikleriň şahalary, güli we miweleri bilen iýmitlenýärler. Tokaý sugunynyň boýy 120 santimetr, agramy 280-300 kilograma çenlidir.

Zarina ŞUKRULLAÝEWA,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.