Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

21 Noýabr 2023
1091

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň suw diplomatiýasy suw we suw energetika ulgamlarynda hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen, beýleki döwletler, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen işjeň we gyzyklanma bildirilip hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, Türkmenistan öz esasy wezipesini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda sebit ylalaşygyny gazanmakda görýär.

Şu aýdylanlardan ugur alnyp, suw diplomatiýasyna Türkmenistanyň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň düzüm bölegi hökmünde garalýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan suwdan peýdalanmagyň we suw serişdeleriniň döwletler üçin deň derejede elýeterli bolmagynyň adalatly, köptaraplaýyn bähbitlerini nazara almaga esaslanan ählumumy we sebit ulgamlaryny döretmek boýunça halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna suw diplomatiýasynyň esasy maksady hökmünde garaýar.

Ýunus MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.