«Mejal» — guşçulyk hem maldarçylyk üçin ýokumly iýmler

22 Oktýabr 2023
1593

Güýzüň hysyrdyly günleri oba hojalykçy daýhanlardyr maldarlar üçin aýratyn jogapkärli döwür. Howanyň sowap başlan günlerinde «ak altyn» hasylyny ýitgisiz ýygnamak we güýzki bugdaý ekiş işleri gyzgalaňly dowam edýän bolsa, «Malym bar — halym bar» diýýän çopanlardyr maldarlar eýýämden sürülerini göwnejaý gyşlatmagyň aladasynda. Obasenagat toplumynda iş alyp barýan kärhanalar, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem Diýarymyzda amala aşyrylýan döwletli işlere mynasyp goşant goşýarlar. Biz bu hakykata Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çägindäki Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň ýakynynda ýerleşýän «Mejal» haryt nyşanly ýokumly goşundylar bilen baýlaşdyrylan kombinirlenen granula görnüşindäki iýmleri öndürýän kärhanada alnyp barylýan işleriň mysalynda ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik.

Öz ugrunda ilkinjileriň hatarynda işe girizilen döwrebap kärhana baranymyzda, onuň esaslandyryjysy, telekeçi Batyr Nyýazmuhammedow bizi güler ýüz bilen garşylap, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Iki gektar çemesi meýdany eýeleýän kärhananyň ortarasynda ýerleşýän 5 gatdan ybarat önümçilik binasy we çig mal hem-de taýýar önümler ammarlary onuň kuwwatyny görkezýär. Elbetde, taslama kuwwaty ýylda 30 müň tonna iým öndürmäge niýetlenen kärhana hut şunuň ýaly bolmaly. Çig mal ammaryna tirkeglere ýüklenilip, mekgejöwen, arpa, dary, soýa ýaly däneli ekinler we ýorunja, günebakar çigidiniň ýagy we saruny, balyk uny getirilip düşürilýär. Çig mal bu ýerden önümçilik binasyna geçirilýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».