Ekologiýa abadançylygy bagtyýarlygyň binýadydyr

6 Sentýabr 2023
1684

Daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda her ýylda agaç nahallarynyň oturdylmagy indi asylly däbe öwrüldi. Bu gün baglar ýurdumyzyň obalaryna, şäherçelerine, şäherlerine görk bermek bilen birlikde, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga möhüm täsirini ýetirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalar, düzümler bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly sebitleýin we halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň ençemesine goşuldy. Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda öňe sürýän başlangyçlary dünýäde barha giň goldawa eýe bolýar.

Gülnahal Taganowa,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň daşky gurşawa gözegçilik laboratoriýasynyň inžener-himigi.