Ekologiýa abadançylygy

15 Awgust 2023
1764

Ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek we ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty, bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlar, «ýaşyl» ykdysadyýeti emele getirmek ugrundaky tagallalar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Munuň özi şol bir wagtyň özünde durnukly ösüşiň esasy düzüm bölegi bolmak bilen, daşky gurşawy goramakda hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi ekologiýa meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen toplumlaýyn çärelerden ugur alnyp, amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna öňe süren başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalary netijesinde, Türkmenistan häzirki döwürde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň halkara derejede çözülmegi üçin bu babatdaky anyk usullaryň birnäçesini teklip edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Rio+20» Bütindünýä sammitinde Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça sebitara merkezini döretmek barada öňe süren başlangyjy ählumumy maýylganlygyň öňüni almaga gönükdirilýändigi bilen häsiýetlendirilýär.

Gülsere KUŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.