Mähir bagy — alaja

11 Awgust 2023
671

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ajaýyp wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigine golaýda milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalarynyň hem-de olary taýýarlan iş guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylan pursatlarynda ýene bir ýola göz ýetirdik. Milli Liderimiziň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň öz gaýynenesiniň çeper el sungatyna belent sarpa goýup, olary muzeýe tabşyrmagy milli mirasymyza bolan söýgimizi has-da artdyrdy.

Aslynda, el hünäri, alajalar, keşde-nagyşlar özüniň çuňňur manylylygy bilen uly ähmiýete eýedir. Alajalar hem gözden-dilden goramak bilen baglydyr. Şonuň üçin çaganyň gundag, sallançak bagyna çenli alajadan edilýär. Onuň goşaryna hem alaja dakylýar. Munuň özi bägül ýaly balanyň ytygsaman ösüp-ulalmagy hakdaky dileg bilen baglanyşyklydyr. Gyzjagazlar ulalandan soň, ejeleri, eneleri, gelnejeleri tarapyndan olara alaja örmek hem öwredilýär. El hünärine höwesli gyzjagaz onuň üsti bilen edepli-ekramly, belent adamkärçilikli, zähmetsöýer bolmagyň kämil mekdebini geçýär. Alaja örmek özboluşly hünärdir.

Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar