Golýazma çeşmelerinde orun alan pähimler

11 Awgust 2023
481

Türkmen halky özüniň müňýyllyklara uzap gidýän taryhynyň bütin dowamynda nesilleriň terbiýe mekdebi bolup gelen nakyllardyr atalar sözlerini ymgyr köp mukdarda döredipdirem, olary ilat arasynda wagyz etmegiň hem dürli ýollaryny ulanypdyr. Ol usullaryň iň esasysy we elýeterlisi dili senaly ýaşulularyň özleriniň öwüt-ündew häsiýetli söhbetlerini: «Öňküler aýdypdyr-a...» diýip, ugurdaş manyly nakyllar bilen berkitmegidir. Gadymy golýazma çeşmeleri bilen içgin tanşylanda bolsa nakyllary wagyz etmek babatda has guramaçylykly hem-de täsin usullaryňam bolandygy hakdaky maglumatlara-da duş gelmek bolýar.

Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde türkmen halkynyň milli mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Bu sogaply iş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Şol işleriň biri hem milli mirasyň esasy sütüni, millet bolmagyň ilkinji şerti bolan türkmen diliniň taryhyny dikeltmek we şol esasda häzirki zaman türkmen dilini çuňňur öwrenmek bolup durýar. Bu ugurda ýerine ýetirilen köp sanly işlere mysal hökmünde ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen 1008 — 1105-nji ýyllarda ýaşap geçen türkmen dilşynas alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» («Diwany lugat-at-türk») atly ilkinji türkmençe-arapça düşündirişli sözlügini görkezmek bolar. Türkmen diline, edebiýatyna, taryhyna, medeniýetine degişli gymmatly maglumatlary öz içine alýan bu kitap araplara türkmen dilini öwretmek maksady bilen 1074-nji ýylda ýazylypdyr.

Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar