Ekoşäher Aşgabat!

8 Awgust 2023
1803

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem beýik ösüşlere beslenip, bedew bady bilen özgermegini dowam edýär. Aşgabady dünýäniň arassa hem gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, döwletimiz tarapyndan iri möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleri, inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen milli binagärlik tejribesi mäkäm utgaşdyrylyp ösdürilýän ak mermerli paýtagtymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähleri, medeni-durmuş maksatly binalar toplumlary yzygiderli gurulýar. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge, täze seýilgäh zolaklaryny döretmäge, şaýollaryň we köçeleriň durkuny täzelemäge uly ähmiýet berilýär. Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek esasy maksatlar hökmünde öňe çykaryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň: «...Aşgabat türkmen topragynyň gözel künjeginde — keremli Köpetdag bilen sahawatly Garagum sährasynyň arasyndaky giňişlikde döredi. Bir tarapynda gojaman daglarymyz howalanyp duran, beýleki tarapynda owadan sähramyz ýaýylyp ýatan bu ýerlerde Aşgabat şäheriniň bina edilmegi türkmen halkynyň döwletlilik, berkararlyk babatda köpasyrlyk arzuwlarynyň hasyl bolandygyny aýdyň görkezýär. Şonuň üçin hem biz paýtagtymyza «Aşgabat — arzuwlaryň amala aşýan şäheri» diýýäris, gözel Aşgabady perzentlik buýsanjymyz bilen söýýäris» diýen sözleri Watanymyzyň ýüregi hasaplanylýan paýtagtymyzy arassa saklamaga, onuň gözelliklerini we gymmatlyklaryny goramaga çagyryşdyr.

«Türkmen dünýäsi».