Tebigata söýgi — durmuşa söýgi

3 Awgust 2023
1970

Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy meseleleriniň biri arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmekden ybaratdyr. Bu ugurda, ilkinji nobatda, ýurduň şäherleriniň we obalarynyň töwereginde gök guşak meýdançalaryny döretmek maksady bilen, bag ekmek çäreleri yzygiderli amala aşyrylýar. Çünki tebigaty goramagyň geljekki nesilleriň bagtyýarlygyny üpjün etmek bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz halkyň kalbyna hemişelik guýdy. Her ýylyň mart aýynyň ortasynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek asylly däbe öwrüldi, watandaşlarymyz tebigaty goramagyň we ony baýlaşdyrmagyň ynsan durmuşy üçin ählitaraplaýyn bähbitlidigini göz öňünde tutup, millionlarça bag nahallaryny oturdýarlar.

Tebigaty goramak — ýaşaýşymyzyň gözelligine goşant goşmak. Çünki biziň eken ýa ideg eden her bir agajymyz bu Zeminiň gözelligini artdyrýar. Bu gün bolsa türkmen topragynda bagy-bossanlyga öwrülip oturan täze şäher döredi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň gözellik döretmek baradaky nobatdaky nusgalyk işidir. Gözellik diňe bir biziň gözümiziň görüp duran zatlarynyň owadan bolmagy däl, ol biziň içki dünýämizde hem kemala gelýär. Onuň kemala gelmeginiň ilkinji şertleriniň biri hem saglyk. Sagdyn durmuş bolsa tebigatyň arassalygy, ekologiýanyň goraglylygy bilen berk baglanyşykly. Milli Liderimiz hem Arkadag şäheriniň mysalynda gözelligiň goşalandyrylyşynyň nusgasyny görkezdi. Ýagny bu şähere baryp, ol ýeriniň gözelliginden kalbyňy gandyrmak bilen birlikde, bag-bakjalyga bürenip oturan täze şäheriň şypaly howasyndan melhem paýyňy-da alyp gaýtmak mümkinçiligine eýe bolýarys. Ine, şu-da Gahryman Arkadagymyzyň binagärlige siňen beýik pelsepesi.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.