Daşky gurşawyň arassalygy — ömrümiziň abadanlygy

5 Iýun 2023
1736

Ýer şarynyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly döwrüň iň iri we gaýragoýulmasyz wezipesini durmuşa geçirmekde tebigatyň näderejede uly orny eýeleýändigi hemmä mälimdir. Daşky gurşawyň ýagdaýy her bir ynsanyň ýaşamagy üçin derwaýys bolan dem almaga, iýmitlenmäge, suwsuzlygy gandyrmaga, pasyllara görä howa uýgunlaşmaga ýiti täsir edýär.

Şoňa görä-de, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Onuň esasy maksady tebigatyň bähbitlerine amala aşyrylýan işleri ýaýbaňlandyrmakdan, durnukly ösüşiň ekologiýa jähetindäki maksatlaryna ýetmäge ýardam bermekden we bu ugurda giň jemgyýetçilik köpçüliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. 1973-nji ýyldan bäri ählumumy derejede bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň döredilenine şu ýyl 50 ýyl dolýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda bu sene ekologiýa taglymlaryny wagyz etmek üçin kuwwatly gurallaryň birine öwrüldi.

Gülälek TANGIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.