Aş­ga­bat­da eko­lo­gik çä­re ge­çi­ril­di

6 Maý 2023
1670

Aş­ga­bat, 5-nji maý (TDH). Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky “Aş­ga­bat” me­de­nidynç alyş se­ýil­gä­hin­de “Gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy bi­le­lik­de go­ra­lyň!” ady bi­len eko­lo­gik çä­re ge­çi­ril­di. Bu çä­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň uzak möh­let­le­ýin te­bi­ga­ty go­ra­mak sy­ýa­sa­ty­nyň halk köp­çü­li­gi­niň ara­syn­da giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Çä­rä­niň açy­ly­şyn­da çy­kyş eden­ler eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne, äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösüş üçin ta­la­ba­la­ýyk şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän bu giň ge­rim­li çä­rä­niň mö­hüm­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ÝU­NES­KOnyň klub­la­ry­nyň we ka­fed­ra­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Olar ýaş­la­ry umu­ma­dam­zat hemde mil­li gym­mat­lyk­lar esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mä­ge, ola­ryň eko­lo­gik we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça dü­şün­je­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, eko­lo­gik bi­li­mi­ni­dir me­de­ni­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär.