Türkmen işewürleri “Chinaplas” halkara sergisine gatnaşdylar

22 Aprel 2023
352

17 — 20-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherindäki Bütindünýä sergi merkezinde «Chinaplas» ady bilen plastmassa we polimer önümçiligi boýunça halkara sergi geçirildi. 150-ä golaý döwletden 50 müňe golaý işewür, şol sanda türkmen telekeçileriniň hem onlarçasy bu sergä gatnaşyp, plastmassa we polimer önümleri boýunça dünýäniň iň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldular.

Dünýäde elektronika önümleriniň iň köp öndürilýän ýeri bolan Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilen sergide 18 sany bölümde müňlerçe görnüşli täze önümleriň mysalynda plastmassa we polimer önümçiliginiň ýeten sepgitleri, geljekki gözýetimleri tanyşdyryldy. Bu ýerde gatnaşyjylara degişli ugurdaky döwrebap innowasiýalar, maşyngurluşykda ulanylýan dürli düzüm bölekleri hem-de ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary, plastmassa we polimer zibillerini gaýtadan işlemek, olary arassalamak, zyýansyzlandyrmak hem-de täzeden ulanmak babatda gazanylan häzirki zaman tejribeleri görkezildi. Öz gezeginde türkmen telekeçileri hem olar bilen ýakyndan tanyş bolup, bu innowasiýalarydyr önümleri ýurdumyzda ulanmagyň mümkinçilikleri, Türkmenistanda plastmassa we polimer senagatyny ösdürmek üçin esasy üns berilmeli ugurlar barada öňdebaryjy bilermenler bilen pikir alyşdylar.

Döwletgeldi BALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty, telekeçi.