Adam durmuşdaky ähli zerurlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigatdan alýar. Ýurdumyzda raýatlaryň abadan durmuşyna gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşinde möhüm görkezijidir. Diýarymyzda ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy daşky gurşawyň abadançylygyny gorap saklamakda, şäherleri, obalary gurşap alýan tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmekde alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we ekologik medeniýeti ýokarlandyrmak bilen bagly özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary hem ekologik abadançylygy üpjün etmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysallarydyr. Uludan-kiçä ähli ildeşlerimiziň ruhubelentlikde, agzybirlikde gatnaşýan bu ekologik çärelerinde ýylyň-ýylyna ýurdumyzda miweli, pürli we saýaly bag nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar, ozalky bar bolanlaryna ideg edilýär. Ekilýän nahallaryň Diýarymyzyň sebitleriniň toprak-howa şertlerine mahsus görnüşleriniň saýlanyp alynmagy täze oturdylan bag nahallarynyň tiz düýp tutmaklaryna, gysga döwrüň içinde uly baglara, daragtlara öwrülmegine ýardam berýär.