Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlaryň gerimini has-da giňeltmek we raýatlaryň pul serişdelerini öz maşgala agzalarynyň arasynda amatly şertlerde ulanmak üçin, ýyllyk 5 göterim möçberi bilen «Maşgala» bank karty atly bank hyzmaty ornaşdyryldy. Siz «Maşgala» bank kartynyň üsti bilen şu aşakdaky amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz:
— «Maşgala» atly bank kartyny almak üçin isleg bildirýän müşderileriň öz arzalary esasynda «Maşgala» bank karty açylýar. «Maşgala» bank kartynyň esasy çeşmesi müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasaby bolup durýar. Müşderiniň arzasyna laýyklykda ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabynyň çäginde «Maşgala» bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini müşderi özbaşdak kesgitleýär.