"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistan — rowaçlygyň we bagtyýar çagalygyň ýurdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady. Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Dürli maksatly binalaryň we lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemleýän häzirki günlerimizde Siziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyňyzyň ilkinji nusgasyny elimize aldyk. Täze kitabyňyzyň neşir edilmegi mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak şeýle eserleriňiziň höwrüniň köp, döwet galamyňyzyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyz rowaç bolsun!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Sankt-Peterburg — Aşgabat, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy

Mary welaýaty, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda zerur işler amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Aşgabat, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan — Malaýziýa: özara ynanyşmagyň binýady

Malaýziýa Türkmenistanyň Gündogar-Günorta Aziýa sebitindäki iri hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy. Geçen döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplanyldy. Malaýziýanyň häzirki ýokary ösüş depgininiň binýadyny goýan Premýer-ministr Mahathir Mohammad 1994-nji ýylda Türkmenistanda resmi saparda bolupdy. Aýratyn-da, 2007-nji ýyldan bäri türkmen-malaý gatnaşyklaryna netijeli ösüşler mahsusdyr. Aziýa sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan Türkmenistan Malaýziýa bilen özara hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda däp bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Şunda bilim ulgamy hem hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurdyr. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpur şäherinde malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň netijeli ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýa

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Adamyň ili bilen jebisligi, dosta wepalylygy, mertlige sarpasy bu adamkärçiligiň iň asylly ýörelgeleriniň — watançylygyň beýan edilmesidir. Watançylyk sözüniň manysyny bolsa, ýüregiňdäki telwasly sözler bilen beýan edeniň azlyk eder. Watançylygyň iň esasy şerti adam bolmakdadyr. Bu mert gerçekleriň ömrüniň bize galdyran sapagydyr. Mertler tutuş il-ulsuny özüne dost, ýakyn hemdem bilýär. Köýtendag sebitlerinde Abdyllahan galasy diýen bir köne gala bar. Ol barada okanlarymdan size ýetireýin. Abdyllahan ýaş wagtynda onuň kakasy:

Haýyr-sahawatyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda ýaşlaryň Watana wepaly, innowasiýa tehnologiýalardan baş çykarýan, beýik ösüşlerimize mynasyp goşant goşmaga ukyply şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan diňe bir Türkmenistanda däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy körpe nesil baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine çykarylandygynyň aýdyň mysalydyr. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleri hil taýdan täze derejä çykardy hem-de gerimini giňeltdi. Maksatnamada bellenilen çäreleriň çäklerinde, şol sanda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň ösüşini üpjün etmek, olara inklýuziw bilim we terbiýe bermegiň has netijeli çemeleşmelerini peýdalanmak göz öňünde tutulandyr. Inklýuziw bilim umumy bilimiň ösüş derejesini alamatlandyrýar hem-de mümkinçiligi çäkli çagalar üçin bilimiň elýeterliliginiň üpjün edilm

«Magtymguly, syrym çohdur...»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegini mähriban halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan Magtymguly atamyzyň giň ummana deňelýän döredijiligi islendik okyjyny özüne çekýär. Şahyryň goşgularyny okap, manysyna düşünmekçi bolanyňda, ýekeje setiriň özi hem uly bir mana eýe bolup, onuň aňyrsynda uly bir wakanyň ýa-da täsin rowaýatyň durandygyna göz ýetirýärsiň. Magtymguly atamyzyň «Gul bolgul» atly şygrynda:

Kitap halklary dostlaşdyrýar: «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem çagyryldy.

Beýik taryhyň beýany

Berkarar Diýarymyzda beýik şahyrymyzyň adyny göterýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara baý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda aýdan hoş habary göwünlere ganat bekledi. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy bar. Baý medeni mirasy, taryhy gymmatlyklary özünde jemleýan, milli medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gülläp ösen döwri bolan geçmiş taryhymyz häzirki wagtda dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Asyrlar aşyp, halkymyzyň hakydasynda baky ýaşap gelýän bu hakykatyň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserinde giň beýan edilmegi diýseň buýsandyrýar. Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän eserler diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýär.

Gündizleri — görkana, gijeleri — nurana

Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda Ýer ýüzünde beýik ösüşleriň, ajaýyp binagärligiň, parahatçylygyň we abadançylygyň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleri ýurdumyzyň sebitlerinde açylan häzirki zaman şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň ajaýyp keşbinde has-da aýdyň duýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Halkymyzyň beýik söýgüsine hem buýsanjyna beslenen, eziz hem mukaddeslik saýylan gymmatlyklar hemişe göwnüňi telwaslandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Paýtagtymyzyň tutuş çägini gurşap alan ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, dynç alyş meýdançalary gözel şäherimiziň binagärlik aýratynlyklaryny has-da baýlaşdyrmak bilen birlikde, türkmen döwletiniň kuwwatyny hem dabaralandyrýar. Ajaýyp binalaryň töwereginiň dürli güller, täsin baglar, seýilgähler bilen bezelişi bolsa ýaşaýşa bolan höwesimizi artdyryp, ruhyňy belende galdyrýar. Ak şäherimiziň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, gök baglara, ter güllere beslenip durşy göwünleri galkyndyrýar, joşgunly zähmet çekmäge, yhlasly okamaga höweslendirip, her birimize lezzet eçilýär. Paýtagtymyzyň adyny göterýän «Aşgabat» seýilgähi hem arassa we jana tenekar howasy, gyşyn-ýazyn gök öwüsýän agaçlary bilen bu ýere dynç almaga gelýän raýatlaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Ş

Baýramçylyk owazlary

Ýakynda ak mermerli Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli meşhur estrada aýdymçylarynyň konsertleriniň ilkinjisi geçirildi. Şeýle konsertlerde Türkmenistanyň hem-de daşary döwletleriň estrada ussatlarynyň birnäçesi çykyş edýärler. Şanly baýramçylyga bagyşlanan konsert dabaralary eýranly türkmen aýdymçysy Emin Raseniň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Rejebowyň we Ahmet Atajanowyň, şonuň ýaly-da Annaberdi Orazmämmedowyň çykyşlaryndan badalga aldy.