"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Malaýziýa: özara ynanyşmagyň binýady

Malaýziýa Türkmenistanyň Gündogar-Günorta Aziýa sebitindäki iri hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy. Geçen döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplanyldy. Malaýziýanyň häzirki ýokary ösüş depgininiň binýadyny goýan Premýer-ministr Mahathir Mohammad 1994-nji ýylda Türkmenistanda resmi saparda bolupdy. Aýratyn-da, 2007-nji ýyldan bäri türkmen-malaý gatnaşyklaryna netijeli ösüşler mahsusdyr. Aziýa sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan Türkmenistan Malaýziýa bilen özara hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda däp bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Şunda bilim ulgamy hem hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurdyr. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpur şäherinde malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň netijeli ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýa

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Adamyň ili bilen jebisligi, dosta wepalylygy, mertlige sarpasy bu adamkärçiligiň iň asylly ýörelgeleriniň — watançylygyň beýan edilmesidir. Watançylyk sözüniň manysyny bolsa, ýüregiňdäki telwasly sözler bilen beýan edeniň azlyk eder. Watançylygyň iň esasy şerti adam bolmakdadyr. Bu mert gerçekleriň ömrüniň bize galdyran sapagydyr. Mertler tutuş il-ulsuny özüne dost, ýakyn hemdem bilýär. Köýtendag sebitlerinde Abdyllahan galasy diýen bir köne gala bar. Ol barada okanlarymdan size ýetireýin. Abdyllahan ýaş wagtynda onuň kakasy:

Haýyr-sahawatyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda ýaşlaryň Watana wepaly, innowasiýa tehnologiýalardan baş çykarýan, beýik ösüşlerimize mynasyp goşant goşmaga ukyply şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan diňe bir Türkmenistanda däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy körpe nesil baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine çykarylandygynyň aýdyň mysalydyr. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleri hil taýdan täze derejä çykardy hem-de gerimini giňeltdi. Maksatnamada bellenilen çäreleriň çäklerinde, şol sanda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň ösüşini üpjün etmek, olara inklýuziw bilim we terbiýe bermegiň has netijeli çemeleşmelerini peýdalanmak göz öňünde tutulandyr. Inklýuziw bilim umumy bilimiň ösüş derejesini alamatlandyrýar hem-de mümkinçiligi çäkli çagalar üçin bilimiň elýeterliliginiň üpjün edilm

«Magtymguly, syrym çohdur...»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegini mähriban halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan Magtymguly atamyzyň giň ummana deňelýän döredijiligi islendik okyjyny özüne çekýär. Şahyryň goşgularyny okap, manysyna düşünmekçi bolanyňda, ýekeje setiriň özi hem uly bir mana eýe bolup, onuň aňyrsynda uly bir wakanyň ýa-da täsin rowaýatyň durandygyna göz ýetirýärsiň. Magtymguly atamyzyň «Gul bolgul» atly şygrynda:

Kitap halklary dostlaşdyrýar: «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem çagyryldy.

Beýik taryhyň beýany

Berkarar Diýarymyzda beýik şahyrymyzyň adyny göterýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara baý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda aýdan hoş habary göwünlere ganat bekledi. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy bar. Baý medeni mirasy, taryhy gymmatlyklary özünde jemleýan, milli medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gülläp ösen döwri bolan geçmiş taryhymyz häzirki wagtda dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Asyrlar aşyp, halkymyzyň hakydasynda baky ýaşap gelýän bu hakykatyň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserinde giň beýan edilmegi diýseň buýsandyrýar. Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän eserler diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýär.

Gündizleri — görkana, gijeleri — nurana

Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda Ýer ýüzünde beýik ösüşleriň, ajaýyp binagärligiň, parahatçylygyň we abadançylygyň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleri ýurdumyzyň sebitlerinde açylan häzirki zaman şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň ajaýyp keşbinde has-da aýdyň duýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Halkymyzyň beýik söýgüsine hem buýsanjyna beslenen, eziz hem mukaddeslik saýylan gymmatlyklar hemişe göwnüňi telwaslandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Paýtagtymyzyň tutuş çägini gurşap alan ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, dynç alyş meýdançalary gözel şäherimiziň binagärlik aýratynlyklaryny has-da baýlaşdyrmak bilen birlikde, türkmen döwletiniň kuwwatyny hem dabaralandyrýar. Ajaýyp binalaryň töwereginiň dürli güller, täsin baglar, seýilgähler bilen bezelişi bolsa ýaşaýşa bolan höwesimizi artdyryp, ruhyňy belende galdyrýar. Ak şäherimiziň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, gök baglara, ter güllere beslenip durşy göwünleri galkyndyrýar, joşgunly zähmet çekmäge, yhlasly okamaga höweslendirip, her birimize lezzet eçilýär. Paýtagtymyzyň adyny göterýän «Aşgabat» seýilgähi hem arassa we jana tenekar howasy, gyşyn-ýazyn gök öwüsýän agaçlary bilen bu ýere dynç almaga gelýän raýatlaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Ş

Baýramçylyk owazlary

Ýakynda ak mermerli Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli meşhur estrada aýdymçylarynyň konsertleriniň ilkinjisi geçirildi. Şeýle konsertlerde Türkmenistanyň hem-de daşary döwletleriň estrada ussatlarynyň birnäçesi çykyş edýärler. Şanly baýramçylyga bagyşlanan konsert dabaralary eýranly türkmen aýdymçysy Emin Raseniň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Rejebowyň we Ahmet Atajanowyň, şonuň ýaly-da Annaberdi Orazmämmedowyň çykyşlaryndan badalga aldy.

Döwletli desgalaryň ýalkymy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gözel paýtagtymyzda bina edilýän desgalary, şaýollary, ýaşaýyş toplumlaryny, seýilgähleri, şeýle hem beýleki medeni-durmuş maksatly binalary synlanyňda, bitirilýän beýik işlere bolan buýsanjyň goşalanýar. Yzygiderli gurulýan binalaryň sany gün-günden artyp, şäheriň gözelligine görk goşýar. Bu günki gün ak şäherimiz Aşgabat öňküden-de gözel keşbe girdi. Ine, hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär, toý lybasyny geýen paýtagtymyzyň şaýollarynyň, seýilgähleriniň, dynç alyş merkezleriniň täsin bezegleri göwnüňi galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ata Watanymyzda agzybir, zähmetsöýer halkymyz ähli baýramçylyklary ruhubelentlikde toýlaýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki gözleri gamaşdyrýan, dürli öwüşginli yşyklandyryjylar bilen bezelen Täze ýyl arçasy her bir ynsanyň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar. Dürli öwüşginli çyralar, täsin oýnawaçlar bilen bezelen arçalar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Täsin bezelen, owadan arçalar geçip barýan ýyla hoşallyk, geljek ýyla bolsa badalga berýär.

Hyrydarly harytlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek baradaky tagallalary uly rowaçlyklara beslenýär. Täze ýylyň öňüsyrasynda bazara gelýän alyjylara bereket-bolçulygy alamatlandyrýan ýokary hilli önümlerdir harytlar hödürlenilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ak bazarlaryň we dükanlaryň haryt bolçulygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2025-nji ýyly uly zähmet sowgatlary bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda berekede beslenýän ak bazarlara we dükanlara baranyňda daýhanlarymyzyň bereketli türkmen topragynda ýetişdiren, ekologik taýdan arassa gök-bakja önümleriniň, olaryň gaýtadan işlenen görnüşleriniň, et, balyk, süýt we çörek önümleriniň, şeýle-de senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň elýeterli bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Ak bazarlara baranyňda eşidilýän, «Gökderäniň almasy», «Bagyr obasynyň narpyzy, reýhan oty», «Gökdepäniň gök önümleri», «Nohuryň pomidory», «Baharlynyň garpyzy», «Garrygalanyň nary, hozy, injiri ýa-da böwürsleni», «Gäwersiň üzümi ýa-da garpyzy», «Tejeniň waharmany», «Lebabyň gülabysy», «Köýtendagyň arnaby», «Daşoguzyň garrygyz gawuny», «Sarahsyň pissesi» ýaly mahabat sözleri türkmen topragynyň berekedine bolan ýürekleriň töründäki buýsanjy oýarýar» diýip nygtalýar.

Aşgabadyň binalary

Dünýä meşhur eziz ady, il-ulusyň göwün şady,Haýran edýär ýakyn-ýady Aşgabadyň binalary.Baky bahar-ýaza eýe, kalba direg, köňle söýe,Ýaraşyk her toýdan-toýa Aşgabadyň binalary. Göz aýlasam ýekän-ýekän, ömre nurdur ata mekan,Polat ýaly berk hem mäkäm Aşgabadyň binalary.Garaşsyzlyk binasyn gör, durşy bilen aýdym-mukam,Buýsanjym, synmaz mertebäm — Aşgabadyň binalary.

Buýsanç

Sungata bolan söýgi juwan ýürek joşumdyr,Şygyrlaryň giň jahanyň şugla saçýan çyragy.Beýik halkyň ebedilik şöhraty sen, şany sen,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy!». Türkmeniň däp-dessury, atalaryň messebi,Jemlenipdir şygyrlaňda perzentleriň edebi,Ýaşlara ganat hem nusga, göreldelik mekdebi,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy!».

Watan

Belent şöhrat-şan, mertebe,Bize berlen paýdyr Watan.Külli Oguz han nesline,Ýaradandan serpaý Watan. Guba gazly kölleriň bar,Soňlanmajak sazlaryň bar,Pasly bahar ýazlaryň bar,Halkyma peşgeşdir Watan.

Belent sepgitler bilen aýdyň geljege

Ata Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän zamanasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklary, aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, saglygy goraýyş ulgamy jemgyýetiň iň wajyp sütünleriniň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak we durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler her bir döwletiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň, maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryndan netijeli peýdalanylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda döwrüň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk merkezleri dürli keselleriň irki döwürde anyklanmagyna, şeýle hem ýokary derejeli bejergi almaga şert döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň bu ugurdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça hem ençeme işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21. 03-20. 04) Geljek hepdede hamallar iş meselesinde özleriniň ugurtapyjy ukyplaryny ussatlyk bilen ulanarlar. Işleýän ugurlaryňyzda köpsanly mümkinçilikler dörär. Ýöne işiň ähli meselelerini ýekelikde çözmäge synanyşmak biraz köp wagtyňyzy alyp biler. Şonuň üçin gerek ýerinde işdeş ýoldaşlaryňyz bilen hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutuň.

Ätiýaçlandyryş kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň netijesinde halk hojalygynda düýpli özgertmeler bolup geçýär, tutuş ýurt ösüşlere beslenýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryndaky beýik ösüşler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny şertlendirýär. Berkarar Diýarymyzda gazanylýan ösüşlere, özgertmelere Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Ätiýaçlandyryşyň hereket edýän düzgünleri we kadalary döwrüň talabyna laýyk gelmegi üçin elmydama kämilleşdirilýär we ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň nyrh möçberleriniň elýeterli bolmagy üçin ähli zerur işler geçirilýär. Halkymyzyň durmuşynda göz öňüne tutulmadyk, tötänleýin, duýdansyz ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleriň öňüni almakda, özüniň wezipesi boýunça ýüze çykýan ýitgileriniň (zelelleriň) öwezini dolmakda ätiýaçlandyryşyň hyzmaty uludyr. Şular esasynda, döwlet ätiýaçlandyryş guramalary ýuridik şahslara işgärleriniň saglyklaryny goramak maksady bilen, «Ýuridik şahslaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş» hyzmaty hem hödürlenýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyla çenli we bir ýyldan hem köp möhletlere baglaşylyp bilinýär.

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan

■ Ak zat alnyňa ýagşy. ■ Akyl — aýnamaz, altyn — çüýremez.

Bilim — bossan, döwür — dessan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyz şanly ösüşleriň täze belentliklerine gadam goýup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Täze taryhy döwürde amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde bilim ulgamyny özgertmek, hemmetaraplaýyn bilimli, täzeçe pikirlenýän hem-de maksada okgunly ýaş nesliň kemala gelmegini gazanmak ugrunda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda-da durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli özgertmeler, bilim işgärleri, ýaşlar barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, ylym we hünär öwrenmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda orta

Täze ýyla täsin sowgat

Täze ýyl saçagynda balykdan taýýarlanan önümlere aýratyn orun degişlidir. Bitewi görnüşde gowrulan balyk taýýarlamak ýylanyň göwnünden turýar hem-de oňa täsin sowgat bolýar. Çünki balyk elmydama öňe ýüzýär, bu bolsa öňegidişligiň nyşany hasaplanýar. Mundan başga-da, balyklar bir wagtyň özünde onlarça işbil goýýarlar, bu hem bolçulykdan, bereketden nyşandyr.

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Ahal welaýaty, 24-nji dekabr (TDH). Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşaýjylar gatnaşdylar.