"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat — London gatnawy boýunça petekler onlaýn satuwa çykarylýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web sahypasynda Aşgabat (ASB) — London (LGW) — Aşgabat (ASB) ugurlary boýunça petekleriň satuwyna başlady. 2024-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — London ugrunda petekleriň bahasy 5950 TMT, London — Aşgabat ugrunda bolsa 6399.7 TMT. Şeýlelik bilen, ikitaraplaýyn petekleri 10017,6 TMT satyn alyp bolar.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ösüş strategiýasynyň çäklerinde «Airbus» we «Boeing» uçar öndürijileri bilen olardan 235 uçar satyn almak barada gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Türkiýäniň Milli awiagatnadyjysynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Bolat habar berdi diýip, TASS ýazýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kuala-Lumpur şäherine goşmaça uçuşa başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy maý aýynyň başyndan Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuşa başlady. Bu barada awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi. Täze uçuş her sişenbe güni amala aşyrylar we türkmen howa ýollarynyň Malaýziýanyň paýtagtyna gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar. Goşmaça uçuşy ýola goýmak karary iki ýurduň arasyndaky barha artýan howa syýahatyna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin kabul edildi.

«Dünýä Syýahat» täze ýola goýan hyzmaty barada habar berýär

«Dünýä Syýahat» hojalyk jemgyýeti täze hyzmaty — howa menzilinden myhmanhana ýa-da müşderiniň islegi boýunça başga bir salga alyp gitmek hyzmatyny ýola goýdy. Bu hyzmat dünýäniň islendik howa menzilinde elýeterlidir. Täze hyzmat syýahatçylara barmaly ýerlerine amatly we arkaýyn barmaga mümkinçilik berýär.

Seýil edeliň bu jahana!

Bereketli bazar Özbegistanyň Daşkent şäheriniň Almazar etrabynda ýerleşýän «Çorsu» bazary Merkezi Aziýada iň uly bazarlaryň biri hasaplanýar. XV asyrda gurlan bu bazaryň depesi owadan nagyşlar bilen örtülen ýapyk görnüşli bolup, umumy meýdany 75 metre barabardyr. Ilatyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan bu bazar 3 gatdan ybarat bolup, aşaky gatda ýerzemin, dynç alyş otaglary, ýokarky gatlarda bolsa dükanlar ýerleşýär. Bazarda söwda nokatlary satylýan harytlaryň görnüşlerine görä bölünýär.

Jümle-jahan habarlary

Bütindünýä binagärlik paýtagty

Rus kruiz gämisi 2025-nji ýylda Hazaryň bäş ýurduny birleşdirer

2025-nji ýylda täze «Wladimir Žirinowskiý» gämisi Hazaryň kenarynda ýerleşýän bäş döwleti – Türkmenistany, Russiýany, Azerbaýjany, Eýrany we Gazagystany birleşdirýän ugur boýunça syýahata başlar. Bu barada «TASS» Russiýa Federasiýasynyň Dumasynyň Syýahatçylyk komitetiniň agzasy Alekseý Woloskowyň sözlerine salgylanyp habar berýär. Astrahanyň «Lotos» gämi zawodynda gurulýan dört palubaly gämi 2024-nji ýylda ulanylmaga berler. 2025-nji ýylda bu gäminiň Wolga derýasyna hem-de Hazar deňziniň kenarýakalaryna, Hazarýaka döwletleriň bäşisini hem öz içine alýan ugur boýunça aýlaw görnüşli syýahatçylyk saparlaryny guramakda ulanylyp başlamagyna garaşylýar.

Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar

Dubaý ýylda 260 million ýolagça hyzmat etjek dünýäde iň uly aeroport gurmak barada maksatnamasyny yglan etdi. Bu barada «Business Insider» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Emirligiň hökümdary Şeýh Mohammad ben Raşid Al Maktumyň beýanatyna görä, «Al Maktoum International Airport» atly äpet awiahabyň gurluşygyna öňdäki 10 ýylda 128 milliard dirhem (34,9 mlrd dollar) bölnüp berler. Howa menziliniň ýolagçy münüp-düşýän 400 geýti we bäş uçuş-gonuş zolagy bolar.

«Turkish Airlines» 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi

Türkiýedäki flagman «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2023-nji ýylda 83,4 million ýolagçy gatnadyp täze rekord goýdy. Bu 2022-nji ýyldakydan 16,1 göterim köpdür. Geçen ýyl halkara ýolagçy gatnawy 27,1 göterim artyp, 29,8 million adama ýetdi. Mundan başga-da, awiakompaniýanyň uçarlarynyň sany 440-a ýetdi. Geçen ýyl olaryň üsti täzeleriniň birnäçesi bilen ýetirildi.

Keşt eýleseň bu Diýara...

Türkmenistan — taryhy-medeni ýadygärliklere, tebigy gözelliklere baý ýurt. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, taryhy ýadygärlikler, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrýan içerki we daşarky syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň wajypdygyny belleýär. Bu babatda 1994-nji ýyldan bäri jahankeşdelere hyzmat edip gelýän «Aýan» hojalyk jemgyýeti hem göreldeli işleri alyp barýar. Kärhananyň alyp barýan işleri barada hojalyk jemgyýetiniň giriş syýahatçylygy bölüminiň müdiri Abdul-Samet Ablesenow:

Suwasty muzeý

2010-njy ýylda Meksikanyň Kankun şäherinde ilkinji suwasty muzeý açyldy. Muzeý Isla Muheres adasyndan daş bolmadyk Karib deňziniň 4 metrden 8 metre çenli çuňlugynda ýerleşýär. Ol ululygy hem-de içindäki eksponatlaryň sany, köpdürlüligi boýunça-da beýleki suwasty muzeýlerden tapawutlanýar. Muzeýde adamlaryň, binalaryň, ulaglaryň we başga-da köp zatlary sypatlandyrýan eksponatlar bolup, olar asyl ululykda bolşy ýaly sergilenýär. Muzeý adamzat bilen tebigatyň sazlaşygy, adamlaryň daşyny gurşap alýan tebigata aýawly çemeleşmegi, suwasty baýlyklary hem-de haýwanat dünýäsini goramagy ündemek üçin gurlupdyr. Şol sebäpden eksponatlarda ýörite suwasty haýwanat wekilleri üçin «öýjükler» hem göz öňüne tutulyp, taýýarlanypdyr.

Urumçy-Aşgabat-Urumçy ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar

Hytaýyň “China Southern Airlines” awiakompaniýasy Urumçi (Hytaý)-Aşgabat (Türkmenistan)-Urumçi (Hytaý) ugry boýunça ýolagçy howa gatnawynyň sanyny şu ýylyň 18-nji maýyndan başlap, hepdede iki gezege çykarmagy meýilleşdirýär. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň şenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda bu gatnaw hepdede bir gezek, ýagny her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyrylýar.

Turkish Airlines kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekilleri Türkiýede boldular

16-20-njy aprelde «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Türkiýe Respublikasy medeniýet boýunça geňeşi (Türkiye Cumhuriyeti Kültür Müşavirligi) bilen bilelikde awiakompaniýanyň Türkmenistandaky agentlikleriniň wekilleri üçin Türkiýä medeni-tanyşdyrylyş syýasatyny guradylar. Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Şanlyurfa we Gaziantep taryhy şäherlerinde boldular we bu ýerleriň binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.

«Belavia» Türkmenistana ýene bir göni awiagatnawyny açýar

Belarus Respublikasynyň «Belavia» döwlet awiakompaniýasy 12-nji awgust — 2-nji sentýabr aralygynda diňe sişenbe günleri däl, eýsem, duşenbe günleri hem Türkmenistana awiagatnawy amala aşyrar. Täze uçuş tertibi: Minskden ugraýan wagty — 19:40, Türkmenbaşy şäherine gelip düşýän wagty — 1:50. Türkmenbaşydan ýola düşýän wagty — 2:50, Minske barýan wagty — 5:10.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasyň Aşgabatdaky wekilhanasy awiapetekleri bronlamagyň mümkinçiliklerini artdyrýar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylaryna awiapetekleri bron etmegiň birnäçe amatly usulyny hödürleýär.  Adatça, köpçülikleýin belli bolan petek sargyt edilýän turkishairlines.com web sahypasyndan peýdalanmakdan başga-da, munuň üçin şu amallary ýerine ýetirip bilersiňiz:

Lebapda halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy gorap saklamak, ony ylmy esasda öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şu gün Lebap topragynda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem şu maksatdan ugur alyndy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, welaýat häkimliginiň bilelikde guraýan bu çäresine ýerli we daşary ýurtly alym-arheologlar, mirasy öwrenijiler, bilermenler gatnaşýarlar.

Seýil edeliň bu jahana!

Meşhur muzeý Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde ýerleşýän «Köşk» muzeýi 1406 — 1420-nji ýyllar aralygynda gurulýar. Bina ilki şalara niýetlenen köşk bolup, soňra 1925-nji ýylda muzeý hökmünde halk köpçüligi üçin gapysyny giňden açýar. Muzeýiň umumy tutýan meýdany 720 000 inedördül metre deň bolup, uzynlygy 961 metre we ini 760 metre barabardyr. Bu ýerde sungat eserleri bilen birlikde, imperiýa kazyýetiniň eserleriniň hem ençemesi saklanylýar. Şeýle-de, şa maşgalasynyň we köşgüň gündelik durmuşda ulanýan zatlarynyň bu ýerde ýerleşdirilmegi muzeýiň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Jümle-jahan habarlary

Eýfel diňindäki dünýä rekordy

Stambuluň howa menzilleri geçen üç aýda 27,1 million adama hyzmat etdi

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda Türkiýäniň Stambul şäheriniň howa menzilleri 27 104 054 ýolagça hyzmat etdi, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13 göterim köpdür diýip, «Trend» ýazýar. Stambuluň howa menziliniň 17 671 971 sany ýolagçylarynyň 3 558 813-si içerki gatnawlardan, 14 113 158 sanysy halkara gatnawlardan peýdalandy.

Sekiz ýyl gä­mi­de we we­lo­si­ped­de

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Muş­dak­la­ry­nyň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, ga­ýyk we we­lo­si­ped bi­len bü­tin dün­ýä sy­ýa­ha­ty­ny gu­ran sy­ýa­hat­çy Kar­lis Bar­de­lis Na­mi­bi­ýa­da sy­ýa­ha­ty­nyň baş­lan­gyç we ahyr­ky no­ka­dy­na goý­dy. Umu­man, Bar­de­lis 2898 gün ýa-da 7 ýyl 11 aý wag­ty­ny sy­ýa­hat­da ge­çir­di. Gä­mi­de 46 326 ki­lo­metr, we­lo­si­ped­de bol­sa 11 972 ki­lo­metr ara­ly­gy geç­di.