«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy

2 Maý 2024
721

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ösüş strategiýasynyň çäklerinde «Airbus» we «Boeing» uçar öndürijileri bilen olardan 235 uçar satyn almak barada gepleşikleri alyp barýar.

Bu barada Türkiýäniň Milli awiagatnadyjysynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Bolat habar berdi diýip, TASS ýazýar.