"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Dostlukly döwlete syýahat

Son-Kul dag köli Gyrgyz Respublikasynyň Son-Kul dag köli Naryn şäherinden, takmynan, 90 kilometr demirgazyk-günbatarda bolan Içki Týan Şanyň merkezinde ýerleşýär. Uzynlygy, takmynan, 29 kilometr we ini 17 kilometr töweregi bolan bu köl, ýurtda ikinji iň uly köldür. Ol deňiz derejesinden 3016 metr belentlikde bolup, inedördül meýdany 270 kilometr, iň çuň ýeri bolsa 13,2 metre barabardyr. Bu dag kölüniň ýene bir bellenilmeli aýratynlygy onuň süýji suwly bolmagydyr.

Milli raýat awiasiýasy Russiýanyň çäklerindäki şahamçalarynyň täzelenen salgylaryny mälim etdi

"Türkmenistan"awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti özüniň resmi web-saýtynda Russiýanyň çäklerindäki şahamçalarynyň täzelenen salgylaryny mälim etdi. Täzelenip tertibe laýyklykda, "Aerokomfort" jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti awiakompaniýanyň subagenti bolmagyny bes etdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Londona uçuş tertibini üýtgeder

Noýabr aýyndan başlap Aşgabatdan Londona (Beýik Britaniýa) boljak uçar gatnawlary täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi. Aşgabat — London — Aşgabat ugrundaky uçuşlar şenbe güni amala aşyrylar. «Turkmenistan Airlines» häzirki wagtda Aşgabatdan Londona çarşenbe güni Londondaky «Stansted» howa menziline hepdelik uçuşlary amala aşyrýar.

Hytaý deňziň üstünden ýokary tizlikli demir ýoly işe girizdi

Hytaýda özboluşly demir ýoluny açdylar. Ol ýurduň günorta-gündogar kenarýakasyndaky üç iri şäheri biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Bu demir ýoly boýunça otlular sagatda 350 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip, 277 kilometr aralygy bir sagatdan  hem az wagtda geçip bilýärler. Bu ugur boýunça ilkinji otly Fuçžou şäherinden 28-nji sentýabrda ýerli wagt boýunça ir bilen 9.15-de ugrady. Ahyrky nokada ýetmezden ozal otly Putýan, Sýuançžou, Sýamen we Çžançžou şäherlerinde saklandy. Munuň özi Fuçžou bilen Sýamen şäherleriniň arasynda ozal 1 sagat 20 minutda geçilýän ýoly 50 minutda geçmäge mümkinçilik berdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi boýunça petekleriň satuwyna başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi üçin awiapetekleriň satuwynyň 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan güýje girjekdigini we 2024-nji ýylyň 30-njy martyna çenli dowam etjekdigini habar berýär. Agentligiň resmi web sahypasynda «Häzirki wagtda Kazandan Aşgabat we yzyna, şeýle hem beýleki halkara ugurlara: Aşgabat — Stambul — Aşgabat, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Frankfurt — Aşgabat ugurlary üçin petek satyn alyp bilersiňiz» diýilýär.

Bulary bilmek gyzykly

Horwatiýanyň «Plitwis kölleri» milli parky Plitwis kölleri Horwatiýanyň milli parky derejesine 1949-njy ýylyň 8-nji aprelinde eýe boldy we her ýyl bu sene şol ýerde baýramçylyk hökmünde bellenilýär. Bu ajaýyp tebigy park Horwatiýanyň merkezinde ýerleşmek bilen, müňlerçe syýahatçylaryň seýil etmek üçin gelýän ýeridir. Milli park syýahatçylar üçin 1958-nji ýylda açylypdyr.

"Akylly" syýahatçylyk we göni howa gatnawlary: Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi

Pandemiýa hadysalaryndan soň, syýahatçylygy nädip janlandyrmaly? Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri koreý syýahatçylaryna näme teklip edip bilýär? Bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi nähili? Şu we beýleki soraglar "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda we beýleki 5 döwletiň ilçihanalarynyň ýardam bermeginde Seul şäherinde geçirilen "tegelek stol" maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň tertibini düşündirýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň syýasatyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, online awiabilet satuw saýtyndan turkmenistanairlines.tm üpjün edilen awiabilediniň pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy howa gatnawynyň awiabiledine tölegini geçiren şahsyýetiň talap etmegi esasynda, diňe ýolagçy tarapyndan (onuň ynanan şahsyýeti ýa-da kanuny wekili tarapyndan) doldurylan howa gatnawynda uçmaýandygy we pul serişdelerini yzyna gaýtarmak baradaky arza esasynda ýerine ýetirilýär. Howa gatnawynyň online awiabilediniň pul serişdelerini yzyna gaýtarmak üçin arzanyň nusgasy şu ýerden alyp bilersiňiz.

Türkmenistanda daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy tabşyrdy. Mejlisiň dowamynda Mämmethan Çakyýew Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 123,8 göterime deň bolandygyny hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar

Türkmenistan ýakyn aýlarda Aşgabat bilen Parižiň arasynda ýolagçy howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işleýär. Muny Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew fransuz kompaniýalary bilen geçirilen Işewürlik duşuşygynda mälim etdi. 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda hereket eden Aşgabat—Pariž howa gatnawy iki ýurduň arasyndaky iň amatly arabaglanyşyklaryň biridi diýip, B.Annaýew belledi.

Ожидается возобновление в ближайшие месяцы пассажирского авиарейса Ашхабад-Париж

В Туркменистане прорабатывают технические детали возобновления в ближайшие месяцы пассажирских авиаперевозок между Ашхабадом и Парижем. Такой новостью поделился заместитель генерального директора Агентства транспорта и коммуникаций Туркменистана Батыр Аннаев, выступая на Деловой встрече с французскими компаниями. Функционировавший с 2013 по 2018 годы авиарейс Ашхабад-Париж был одним из самых оптимальных сообщений между двумя странами, напомнил он.

“Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy portuna geler

Hazar deňzi bilen Gara deňizinde gezelençleri ýola goýup başlajak “Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geler. Bu barada Türkmenbaşy portunyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, gezelenjiň dowamynda bu syýahatçylyk gämisi Azerbeýjanyň (Baku), Gazagystanyň (Aktau) we Russiýanyň (Mahaçkala) portlaryna hem barar.

Bulary bilmek gyzykly

Ajaýyp çyralar XIX asyr tehnologiýalaryň ösen döwri bolup, adamlar hem her bir oýlap tapyjylyk işinde olardan ugurtapyjylyk, başarjaňlyk bilen peýdalanýarlar. Ösen sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen öz işlerine täzeçillik çaýýan hünärmenler dünýä meşhur bolýan, şeýle-de täsin görnüşi hem-de gurluşy taýdan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alýan zatlary oýlap tapýarlar.

Ýeňil awtoulaglaryň rallisine gatnaşyjylar Türkmenistana geldiler

“Dunaýdan Orhuna çenli Ýüpek ýoly” ýeňil awtoulaglaryň ilkinji rallisine gatnaşyjylar Tükmenistana geldiler. Olary ýurduň resmi adamlary garşyladylar we paýtagtymyzyň gözel ýerlerine aýlandylar.  Bu awtorallä gatnaşyjylar 11 müň kilometrlik ýol geçerler. Ralliniň maksady Günbatar we Gündogar hlklarynyň arasynda dostlugy, medeniýetara aragatnaşygy berkitmekden ybaratdyr. Jemi 15 awtomobiliň gatnaşýan awtorallisi Wengriýadan badalga alyp, Gyrgyzystanda hem tamamlanar. 

Kazanyň aeroportynda uçuş wagtyna çenli dynç almak üçin futurist kapsulalar peýda boldy

Kazan şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçylaryň dynç almagy üçin futurist äheňinde bezelen şahsy kapsula otaglary peýda boldy. Olar ýolagçylara uçuş wagtyna çenli rahat we oňaýly dynç almagyna şert döreder. Eger-de saý-sebäp bilen uçaryň uçuş wagty gijikdirilse, ýolagçy garaşmak we dynç almak üçin 7 (977) 493-28-35 belgisine jaň etmek arkaly öňünden dynç alyş kapsulany öňünden bronlap ýa-da Kazanyň howa menziliniň “Air Lounge” ýazgyly ýerine barmak arkaly kapsulalary kireýine alyp bilerler. Bu barada howa menzili habar berýär.

«Belawiýa» petek satuwyny we bron hyzmatlaryny wagtlaýynça togtadar

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy howa petekleri bronlamak we bermek, şeýle hem goşmaça hyzmatlar mümkinçiliginiň wagtlaýyn çäklendirilendigini yglan etdi. Bu awiakompaniýanyň «Leonardo» howa peteklerini bronlamak üçin rus ulgamyna geçmegi baradaky tehniki işler bilen baglanyşyklydyr. Awiakompaniýanyň web sahypasyndaky habara görä, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Minsk wagty bilen sagat 20:00-dan awiakompaniýanyň we degişli agentlikleriň satuw ofislerinde, web sahypasynda, şeýle hem «Belawiýa» mobil programmasynda awiapetekleri bronlamak, satyn almak, çalyşmak we yzyna gaýtarmak, şeýle hem goşmaça hyzmatlar wagtlaýyn elýeterli bolmaz.

Jahanyň täsin bilim ojaklary

Döwrebap şertler nesilleriň hyzmatynda Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi okuwçylaryň bilimini artdyrmaga gönükdirilen döwrebap şertleriň ählisini özünde jemleýär. Ýöriteleşdirilen toplumda innowasion taýdan okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, taýýarlaýyş toparyndan başlap, esasy dersler bilen bir hatarda, türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Goşmaça okuwlar okuwçylaryň başarnyklaryna görä guralýar. 5-nji synpdan başlap, iňlis dilindäki dersleriň sany has-da artdyrylýar. Çagalaryň ygtyýarynda uly we kiçi sport zallary hem-de mekdebiň çäklerinde ýerleşdirilen açyk howada futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen döwrebap sport meýdançalary işjeň hereket edýär. Mundan başga-da, mekdebiň okuw-tejribe zolagynda howanyň ýagdaýyny synlamak üçin meteorologiýa stansiýasy hem-de meýdany 250 inedördül metr bolan ýyladyşhana bar.

Astrahanyň «Beýik Pýoter» gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar

Astrahan sebitinde «Beýik Pýoter» atly häzirki zaman gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar. Ýolagçylaryň syýahat etmegi üçin niýetlenen bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da durup geçer. Bu barada 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň häkiminiň Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýdyldy. Öz gezeginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Seýitguly Baýseýidow häzirki wagtda türkmen portunda «Beýik Pýoter» gämisini garşy almak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlenilýändigini aýtdy.

“Belavia” awiakompaniýasynyň bilet satuwynda bökdençlik bolmaz

“Belavia” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ulgamynyň täzelenmegi bilen baglanyşykly biletleriň satuwynda hiç-hili bökdençlik bolmaz. Ýakynda Belarus döwletiniň awiakompaniýasy 1-nji sentýabrdan başlap, birnäçe goşmaça hyzmatlary bes edýändigi hakynda habar ýaýradypdy. Şonda mälim edilişi ýaly, bes edilýän hyzmatlar uçar gatnawynda ýer saýlamak, goşmaça ýük we sport enjamlaryny alyp gitmek mümkinçiligini aradan aýyrmagy mümkin.

Türkmenbaşy - Gyzylsuw gämili deňiz gatnawyna biletleriň bahasy arzanladyldy

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 1-nji sentýabrdan Türkmenbaşy - Gyzylsuw aralygyna gämi gatnawlaryna biletleriň bahalaryny arzanlatdy. Bu deňiz ugruna gatnawlar "Çarlak" we "Rowaç" ýolagçy gämileri arkaly amala aşyrylýar. "Çarlak" gämisinde degişli ugra bir tarapa biletiň bahasy 20 manatdan 15 manada çenli arzanladyldy. Bu gämide ýapyk we açyk oturylýan ýerlerde barmaly ýerlerine baryp bilerler. Gämi günde Gyzylsuwa 11:00-da ýola düşüp, yzyna 13:30-da gaýdýar.