«Belawiýa» petek satuwyny we bron hyzmatlaryny wagtlaýynça togtadar

31 Awgust 2023
1026

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy howa petekleri bronlamak we bermek, şeýle hem goşmaça hyzmatlar mümkinçiliginiň wagtlaýyn çäklendirilendigini yglan etdi. Bu awiakompaniýanyň «Leonardo» howa peteklerini bronlamak üçin rus ulgamyna geçmegi baradaky tehniki işler bilen baglanyşyklydyr.

Awiakompaniýanyň web sahypasyndaky habara görä, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Minsk wagty bilen sagat 20:00-dan awiakompaniýanyň we degişli agentlikleriň satuw ofislerinde, web sahypasynda, şeýle hem «Belawiýa» mobil programmasynda awiapetekleri bronlamak, satyn almak, çalyşmak we yzyna gaýtarmak, şeýle hem goşmaça hyzmatlar wagtlaýyn elýeterli bolmaz.