"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Joşgunly zähmet barha batlanýar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwrebap ulaglar düzümi hem-de ulag ýollary hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir. «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 22-nji şahamçasynda hem bu ugurda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde netijeli işler alnyp barylýar. Şahamçada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň demirýol we beýleki käbir gaýry pudaklaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça döwrebap we üznüksiz hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar. Watanymyzda daşalýan ýükleriň agramly bölegi demirýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ulgamyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Bu barada şahamçanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nigara Hemraýewa şeýle gürrüň berýär.

Açyklyk we aýanlyk esasynda

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljek güni barha golaýlaşyp gelýär. Bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka ýurdumyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. Şol gün raýatlarymyz iň mynasyplara öz seslerini berer. Häzirki wagtda bolsa saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Täzelikler

Döwletli etrabynyň çäklerinde döredilen «Gaýrat agro» daýhan hojalygy tarapyndan uzynlygy 3,7 kilometre ýetýän suw akabasy çekildi. Häzir bolsa 7 kilometrlik awtomobil ýoluň gurluşygy dowam edýär. Olaryň ikisi hem daýhan hojalygyna berkidilen ekin meýdanlaryna sary uzaýar. «Gaýrat agro» mundan alty aý ozal Çärjew etrabynyň H.Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň Döwletli sebitlerindäki ýerlerinde döredildi. Daýhan hojalygyna berkidilen 1350 gektar ýeriň 690 gektaryna bugdaý ekildi. Bu ýeriň 337 gektaryna gowaça ekmek meýilleşdirilýär.

Asyr yzlan asylly ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän kitaplarynyň ählisinde türkmen döwletini we jemgyýetini kämil ýol bilen ösdürmegiň anyk ýörelgeleri öňe sürülýär. Bu bolsa köküni geçmişden alan, geljege beýik miras bolup durýan ýörelgelerdir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr» diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda il-halkyna peşgeş beren bu eserinde türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň jümmüşinden gelýän däp-dessurlary, döwleti dolandyrmagyň ýollary, ruhy-ahlak gatnaşyklary, syýasy filosofiki aňyýeti, parahatçylyk, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmaklyk baradaky ajaýyp maglumatlar dürli durmuşy tymsallaryň, hekaýatlaryň, pähim-parasadyň üsti bilen beýan edilýär. Kitapda Oguz han Türkmeniň döwründen bäri dowam edip gelýän döwleti dolandyrmagyň tejribesi, usullary barada aýdylýar. Olar türkmen halkynyň müňýyllyklardan gelýän bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak garaýyşlary, däp-dessurlary bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryndaky üstünliklerinde wajyp orn

Halkara ýaryşlaryň mekany

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow:— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň gurduran Olimpiýa şäherçesi häzirki wagtda dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

Älem içre arşa galsyn şanymyz!

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Garaşsyz Türkmenistanda gündogar-günbatar, demirgazyk-günorta ulag ugurlaryny döretmek we ösdürmek ugrunda giň maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ugurda iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň dowam etmegine ýardam edýär. Ýurdumyz bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly we üstünlikli amala aşyrmaga çalşyp, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge, şeýle hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny gazanmaga gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar. Şu ýylyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenistan ― Owganystan ― Täjigistan demir ýolunyň Akina ― Andhoý şahasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça ýetilen belent sepgitleriň ýene-de biridir. Ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna gurlan bu 30 kilometrlik demir ýol ýakyn geljekde sebitleriň we yklymlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, halklaryň özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä göterilmegine şert döreder. Täze, döwrebap ulag ýollarynyň, düzümleriniň we geçelgeleriniň köpsanlysynyň döredilmegi ýurdumyzyň çägine gelýän we ü

Göwünleriň hem dünýäniň ykrary

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň meselelerine bagyşlanyp ýakynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalary 11 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi» diýen sözlerini eşidip, kalbymyzda ýene bir ýola merjen şäherimize, ak paýtagtymyza bolan söýgimiz artdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen gabat gelýän bu şanly senä barýan günlerimizde Aşgabadyň bütindünýä täsinlikler neşiriniň güwänamalaryna mynasyp bolan ýakymly pursatlarynyň käbirini ýatlap geçmek merjen şäherimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Mundan 13 ýyl ozal ― 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň öňünde dikilen ýaşyl Tugumyz we onuň sütüni «Dünýäniň iň belent baýdak sütüni» diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu sütüniň beýikligi 133 metre ýetýär. Şeýlelikde ol mundan ozal rekordy elinde saklan Iordaniýadaky sütünden 1 metr beýikdir. Bu kuwwatly sütündäki Döwlet Baýdagymyzyň ini 52,5, boýy 35 metre çenli uzady. Bu ägirt baýdak bagtymyzyň güwäsi bolup, şu ýyl 140 ýaşy bellenilýän paýtagtymyzyň ähli künjegind

Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly — beýik ösüşleriň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen beýik başlangyçlary netijesinde, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we birek-birege ynanyşmak ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban Diýarymyzyň her güni toý-baýramlara, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny pugtalandyrýan, agzybirligi, jebisligi has-da rowaçlandyrýan şanly wakalara beslenýär. Milli Liderimiziň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, nurana geljegini nazarlaýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar halkymyzyň her gününe ýagty şuglasyny saçýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bagtyýar zamanamyzyň eşretini görüp ýaşaýan halkymyzyň zähmet çekmegi, döretmegi hem-de ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlige ýugrulan mukaddes däp-dessurlaryny, ynanç-ygtykatlaryny berjaý etmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň, türkmen milletini bolsa dünýäniň iň bagtyýar halklarynyň birine öwürdi.

Aşgabat

Uzaklardan ýalkym atar jaýlaryň,Ak mermerli ak şäherim Aşgabat!Toýlara beslenen günüň, aýlaryň,Ak mermerli ak şäherim Aşgabat! Söýgi, yhlas bilen düýbüň berkedi,Gözelligiň haýran edýär her kesi,Hoşmeýilli ylalaşyk  merkezi,Ak mermerli ak şäherim Aşgabat!

Täze wezipeler — ösüşe badalga

Ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň döwletlilik ýoly parahatçylygyň hem ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň ýoly bolup dünýä ýaň salýar. Bu hakykat ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar bilen has-da baýlaşýar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygynda eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň bagtly geljegi üçin alnyp barylmaly işler barada dürli ugurlara degişli tabşyryklary bermegi, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli wezipeleri öňde goýmagy her pursatda täzelenişi hemra edinip, ýokary tizlikli ösýän döwletimizde ak ýollarda üstünlikli sepgitlere aýgytly gadam goýulýandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyz üstümizdäki ýylyň taryhy wakalaryna, tutumlaryna degişli işleri deputatlar bilen bilelikde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň halkyň arasynda geçirmeli işleri barada beren tabşyryklary öz işimizi ösen döwrüň talabyna mynasyp derejede guramaga we alyp barmaga uly itergi berdi. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda bolup geçýän özgertmeleri halkyň aňyna ýetirmekde syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň işine bil baglaýan Gahryman Arkadagymyz olar bilen taryhy duşuşyklary geçirip, ösüşiň hil taýdan kämil derejesini üpjün

Mähriban siz, gahryman siz, zenanlar!

Güneşli ülkämize pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tebigat gaýtadan janlandy, degre-daşymyz al-elwan güllere beslendi, baglar ak patrak kimin gül açdy. Ynha, tebigatyň şeýle ajaýyp keşbe giren çagynda, baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenildi. Oba-şäherlerimizde uludan tutulan toý-dabaralarda ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar, aýdylan ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler mähriban zenanlarymyza bagyşlandy. Türkmen jemgyýetinde zenanlaryň sarpasy belent tutulýar, olar üçin durmuşda ähli ýeňillikler döredilýär. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň sahawatly başlangyçlary esasynda zenanlarymyza pul sowgadynyň gowşurylmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zenan harby gullukçylaryna we işgärlerine baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa ykballaryny Watanyň, ene topragyň ykbaly bilen mäkäm baglap, ýurdumyzyň asudalygyny ähli zatdan ileri saýyp, halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, ulus-ilimize ak ýürekden gulluk edýän zenanlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýaşuly nesliniň wekilleri, ýazyjy-şahyrlar hem-de harby gullukçylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, ýaşlar babatyndaky edilýän aladalar, häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylyklary mynasybetli görülýän ýokary derejeli taýýarlyk işleri dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Milli Liderimiz her bir çykyşynda döwletimiziň bagtyýar geljegi hökmünde ýaş nesliň watançylyk terbiýesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belleýär. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlarymyzyň ýokary bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dabarada çykyş edenler halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi, türkmen ýaşlarynyň bagtyýar geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Bahar buşlukçysy

(Şahyrana oýlanma) Daglaryň garlary eräp, daragtlaryň şahalary pyntyk ýaryp, ýere ýyly gidip başlan, guşlaryň nagmasy äleme dolýan pursady — her ýylyň baharynda söýgüli şahyrymyz Halyl Kulyýewiň «Bahar buşlukçysy» goşgusy köpleriň biygtyýar serine gelse gerek...

Baýramçylyk bäsleşigi

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçýän zenan harby gullukçylaryň ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgülerini, türkmen zenanlaryna mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk häsiýetlerini we döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan harby gullukçylaryň arasynda «Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» atly bäsleşigi geçirildi. Zenan harby gullukçylar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 5 şert boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şerti, saýlap alan käriniň wajyplygyny, öňünde goýan maksatlaryny, milli-ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini çeper wasp etmek. Ikinji şertinde bolsa, zenanlar özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny görkezip, türkmen zenanyna mahsus bolan edep-ekram, abraý-mertebe barada goşgyny ýerine ýetirmek. Bäsleşigiň üçünji şertinde taryhda öçmejek yz galdyran, gahrymançylyk görkezen zenanlaryň keşbini janlandyrmak. Dördünji şert bolsa, ata-babalarymyzyň «El hünäri il gezer» diýen nakylyndan ugur alyp, gadymdan gelýän çeper el işlerinden öz başarjaňlygyny görkezmek. Jemleýji bäşinji şert bolsa «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, unaş kesmek.

Arkadagyň pähimi bilen

Türkmenistan, ata-baba baky bagtyň mekany sen, Sähralaňda müşgün saçýan ak baharlaň soltany sen,

Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Diýarymyz ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, sagdynlygyň nusgasyna öwrüldi. Golaýda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň we TAP-nyň etrap komitetleriniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramagynda «Kalbymyzda Arkadaga alkyşlar, dillerimizde ajap döwrüň aýdymy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Serdar Muhyýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada we şu ýylyň dost-doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda işjeň gürrüň etdiler. Şeýle hem şu ýyl uly dabara bilen bellenilip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdiler.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat döwlet Baştutanymyzyň döredijilik ylhamynyň nyşanydyr

Döwrebap ylym-bilim merkezi Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen häzirki döwrüň Aşgabady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde belent abraýa eýe bolmagyny üpjün etdi.

Gözelligiň şäheri

Ak şäherimiz Aşgabat şu ýyl 140 ýaşyny belleýär. Ilkibaşda Aşgabat çeşmesiniň boýundaky 800 çemesi ak öýden ybarat bolan kiçeňräk oba bu gün ak mermere beslenen müňlerçe gözel ymaratlary özünde jemleýän ajaýyp şähere öwrüldi. Ilki-ilkiler şäheriň köçeleri dar, egrem-bugram görnüşde bolan bolsa, bu gün döwrebap şaýollary, birnäçe gatly ýollar, köprüler, ýerasty hem ýerüsti pyýada geçelgeler paýtagt şäherimize iň döwrebap görnüş berýär. Şäherimiz bu gün dünýäniň ählitaraplaýyn ösen şäherleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Gözel paýtagtymyz bu günki gün ýurdumyzyň ýüregi hökmünde durmuş-ykdysady düzümleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bilim edaralarynyň ençemesini özünde ýerleşdirýän Aşgabat ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän ýaşlary gujak açyp garşy alýar.

Göwher gaşly Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz Aşgabady ösdürmek, paýtagtymyzda täze taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak babatda taýsyz tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde berkarar Watanymyzyň ak mermerli paýtagty gözümiziň alnynda günsaýyn ösýär, özgerýär we dünýäniň iň owadan, nurana şäherleriniň birine öwrülýär. Aşgabadyň özgerýän keşbinde häzirki taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde, baş şäherimizde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar paýtagtyň ýaşaýjylarynyň döredijilikli işlemegine, amatly dynç almagyna, sport bilen meşgullanmagyna giň amatlyklary açýar. Şeýle binalaryň we desgalaryň binagärlik hem-de bezeg işlerinde sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň ulanylmagyna aýratyn ünsüň gönükdirilýändigi has-da buýsandyryjydyr.

Möhüm syýasy çäre

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde, hakyky halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlar hem onuň aýdyň güwäsidir. Döwletimiziň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri meýilnama laýyk üstünlikli alnyp barylýar. Şu güne çenli welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, mynasyp dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlandy. Bellige alnan dalaşgärlere Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, saýlawlaryň öňýanyndaky ähli çäreler demokratik, aýanlyk, köppartiýalylyk hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirildi.