Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly — beýik ösüşleriň ýoly

10 Mart 2021
653

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen beýik başlangyçlary netijesinde, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we birek-birege ynanyşmak ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban Diýarymyzyň her güni toý-baýramlara, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny pugtalandyrýan, agzybirligi, jebisligi has-da rowaçlandyrýan şanly wakalara beslenýär. Milli Liderimiziň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, nurana geljegini nazarlaýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar halkymyzyň her gününe ýagty şuglasyny saçýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bagtyýar zamanamyzyň eşretini görüp ýaşaýan halkymyzyň zähmet çekmegi, döretmegi hem-de ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlige ýugrulan mukaddes däp-dessurlaryny, ynanç-ygtykatlaryny berjaý etmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň, türkmen milletini bolsa dünýäniň iň bagtyýar halklarynyň birine öwürdi.

Ogulnur JUMAÝEWA,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň Daşoguz şäher bölüminiň arhiwçisi.