"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

“Akylly şäher” konsepsiýasynyň aýdyň nusgasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher - Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitde durnukly, “ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Döwlet berkararlygynyň sarsmaz sütünleri

Taryh her bir halkyň hem-de tutuş adamzadyň geçen ýoluna, Ýer ýüzünde galdyran yzlaryna göz ýetirmäge, olardan netije çykarmaga şert döredýän wagtdyr. Şu nukdaýnazardan alanyňda, berkararlygyň binýatlaýyn esaslaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy häzirki döwre çenli ýurdumyzyň içerki ösüşlerinde-de, daşary syýasatda-da netijeli hukuk esasy bolup durýar. Konstitusiýa esasy syýasy-hukuk resminama hökmünde milli döwletliligiň, ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we döwleti ösdürmegiň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmagyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär. Iň ýokary hukuk derejesine eýe bolan Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň gös-göni hereketi bar, kabul edilýän ähli hukuk namalary ondan gözbaş alýar. Şunlukda, hukuk ulgamynyň bitewüligi we özara ylalaşyklylygy onuň başlangyç ýörelgeleriniň umumylygyny üpjün edýär. Syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky özgertmeler hem konstitusion gurluş bilen jebis baglanyşykly alnyp barylýar.

Garaşsyz ösüşiň gymmatly binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenilýär. Her bir ildeşimiz üçin mukaddes gymmatlyklaryň beýany bolan bu baýramda ata-babalarymyzyň özbaşdak, Garaşsyz, hukuk binýady bolan döwleti berkarar etmek baradaky arzuwlarynyň maksat-myrady ýalkym saçýar. Esasy Kanunymyz halkymyzyň uzak geljek üçin bagtyýar, parahat durmuşyny, hukuk taýdan ygtybarly kepillendirilen ýaşaýşyny, erkin zähmet çekmäge, döretmäge, gurmaga bolan isleg-arzuwlarynyň durmuşa geçmegini, ösüşleriň dowamat-dowam bolmagyny üpjün edýän ygtybarly binýatdyr. Eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň baş nyşany bolan Döwlet baýdagymyz döwletliligimizi, halkyň agzybirligini, watansöýüjiligini, pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine wepalydygymyzy alamatlandyrýan esasy nyşanlaryň biridir. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň esaslarynyň mizemezligini dabaralandyryp, BMG-niň Ştab-kwartirasynyň öňündäki baýdak sütüninde belentden parlaýar. Ak mermerli Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşen, dünýäde iň beýik sütünleriň biri bolan 133 metrlikdäki baýdak sütüninde parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjyny dabaralandyrýar.

Döwletliligimiziň şuglasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr». Şoňa görä-de, halkymyzyň agzybirligini, buýsanjyny we mertebesini, Watana bolan söýgüsini, döredijilik we zähmet hyjuwyny alamatlandyrýan bu goşa senäni — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ulus-ilimiz giňden belläp geçýär. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde başymyzyň täjine, gözümiziň görejine deňelýän Döwlet baýdagymyz Ýer ýüzünde, abraýly halkara guramalarynyň binalarynyň öňünde pasyrdap, dünýä halklaryny dostluga, hoşniýetlilige çagyrýar. Döwletliligimiz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz bolan ýaşyl tugumyz her birimizi döretmäge, gurmaga, belent sepgitlere ruhlandyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär.

Bagtyýar çagalygyň mekanynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede guralýan dabaralara beslenýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi hem bu şanly sene mynasybetli geçirilýän dürli mazmunly çäreleriň üstüni ýetirýär. Ýakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza söýgini öz eserlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag we Aşgabat şäher hem-de welaýat geňeşleri tarapyndan guralan bäsleşiklere gatnaşyjylar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda çagalaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini, zehinini açmak bilen birlikde, olaryň mähriban Watanymyza, sahawatly topragymyza bolan söýgüsini h

Bedew münen gaýratly

Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplary bilen halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrdy. Aslynda-da, türkmeniň dünýäsini bedew atsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Munuň şeýledigine Milli Liderimiziň atlar bilen didarlaşýan, olar bilen gezelenç edýän pursatlarynda has ýakyndan göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz: «Menziller bedew bilen aşylýar. Syrdaşyň, gardaşyň, hemdemiň, badalgaň bedewdir!», «At — türkmen üçin ähli zat» diýip belleýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden hem dabaraly bellenilip geçilýär. Baýramçylyk çäreleriniň halkara derejede geçirilip, olara daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmaklary ahalteke bedewiniň şöhratyna şan goşýar. Olaryň gözelliginiň, ýyndamlygynyň şöhratyny bütin dünýä doldurýar. Şu ýyl türkmen bedewiniň şanyna tutulan baýramçylyk dabaralarynyň ilkinji gezek döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde geçirilmegi hemmämizi buýsandyrdy. Bu şäher — atşynaslygyň hem şäheri! Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň we döwrebap athananyň açylyp ulanmaga berilmegi bu ugurdaky taryhy ähmiýetli işleriň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan toýly Diýar

Akyldar şahyryň ady bilen gelen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýene bir şanly sene mynasybetli gadymy oguzlaryň ýurdunda toý toýlanýar, ýagny her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni goşa baýram hökmünde dabaralandyrylýar. Gün-günden ajap keşbe girýän baş şäherimiziň döwrebap ösüş-özgerişi köňül köşgüňe nur çaýyp, ýedi yklyma maglum «Aşgabat — gözelligiň we söýginiň şäheri» diýen jümleler aňyňda şineläp, joşgunly göwnüňe nur çaýýar. Ilki bilen, şuglazar görki bilen ähli binalardyr desgalardan saýlanyp, durnagöz çeşme deý dury mawy asmana egin deňläp, 133 metr belentlikde parlap duran äpet ýaşyl Tugumyz biygtyýar özüne maýyl eder. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alyp, jümle-jahana at-owazasy dolan uly göwrümli Döwlet baýdagymyzyň bäş müňýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň, hemişelik Bitarap döwletimiziň abadançylygynyň nyşanyna öwrülip, erkana hem görkana pasyrdap durşy göwün guşuňy al-asmanda pelpelledip, ömrüňe ömür goşýar.

«KÖMELEJIK» KÖKESI

Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde ýaz ýagşyndan soň peýda bolýan kömelejikleri ýatladýan süýjülikleriň biri hem «Kömelejik» kökesidir. Bu kökäniň aýratynlygy diňe bir onuň süýji tagamynda bolman, eýsem kömelejikleri ýatladýan üýtgeşik görnüşindedir. Žurnalymyzyň şu gezekki sanynda «Kömelejik» kökesiniň taýýarlanyşyny size ýetirmegi makul bildik. GEREKLI ÖNÜMLER:

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

GÖZEL ÄNEWIM Müňýyllyklar içre saklanan sarpaň

Täzelik

Türkmenabat şäherindäki «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabrikde lukmançylykda ulanmak üçin niýetlenilen pamygyň öndürilişi barha artdyrylýar. Fabrigiň agzybir işgärleri şu ýylyň geçen dört aýy boýunça iş meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Has takygy, geçen dört aýda pamyk we pamyk serişdeleriniň 910 tonnasy öndürildi. Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 2 million 247 müň 159 manatlyga deň boldy. Şeýle-de bu döwürde taýýar önümleriň 104 tonnadan gowragy, pul hasabynda bolsa 561 müň 556 manatlygy eksporta ugradyldy. Ýeri gelende belläp geçsek, «Ak pamygyň» önümleri içerki bazar bilen bir hatarda Azerbaýjan, Türkiýe, Belgiýa ýaly ýurtlarda-da islegli önümleriň hatarynda tanalýar.

Dabaraly maslahat geçirildi

Welaýat kitaphanasynda agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli «Golumyzda Baş Kanun, depämizde ýaşyl tug, röwşen geljege dowam, ýolumyza saçýar nur» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleri, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Baş Kanunymyzdan gözbaş alýan kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi diňe bir şu günüň däl, eýsem, geljegiň hem täze gözýetimlerini öz mazmunynda jemleýär. Hukuk kadalaryny kämilleşdirmek işlerine jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşdyrylýandygy bolsa berkarar Watanymyzda milli demokratiýanyň aýdyň dabaralanmasydyr.

Sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gümrük syýasaty has-da dabaralanyp, halkara gatnaşyklaryna giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy daşary döwletleriň ençemesi bilen gümrük işlerinde halkara hyzmatdaşlygyny ýokary derejede alyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen dünýäniň ençeme ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň berekedi we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz, ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine bugdaýy kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama

Söwda-kooperatiw mekdebinde okuw-usuly geňeşiň maslahaty geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiň maslahaty geçirildi. Maslahata Söwda-kooperatiw mekdebiniň direktory we mugallymlary, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň direktorlarydyr okuw işleri boýunça orunbasarlary gatnaşdylar.

«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

11-nji maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde geçirilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Döredijilik bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň barşynda çykyş edenler ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara döredijilik äleminde täze ösüşli menzilleri arzuw etdiler. Bu ýerde balkanly sungat ussatlary özleriniň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşan ýaşlar soňra Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar, şol sanda ýaş senetkärleriň döreden işleri bilen tanyşdylar.

Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimiz

10-njy maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Balkan welaýatynyň häkimliginiň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän agzalary, ylym we bilim işgärleri, halypa ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaş alymlar işjeň gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler çuň manyly pikirleri bilen türkmen halkynyň berkarar döwletini islän Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynyň netijesinde sözüň doly manysynda amala aşandygyny nygtadylar.

Ata Watan ösüşlere beslenýär

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Türkmenistanyň Prezidenti Bäherdensement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä ähmiýetli gazna

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Mätäje goldaw bermek, kyn pursatda hemaýat etmek halkymyzyň häsiýetidir aň-düşünjesiniň, durmuşda eýerýän ýörelgesiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan, howandarlyga mätäç çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Ata-babalarymyz ynsanperwerligiň ýokary derejesini görkezýän, milli kadalarymyza esaslanýan bu däplere gyşarnyksyz eýerip gelipdir. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir. Bu gazna diňe bir ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlaryna durmuş goldawyny bermek bilen çäklenmän, eýsem, daşary döwletleriň çagalaryna hem hemaýat edýär.

Ýurt baýdagyndan belli

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Döwlet nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, olara goýulýan hormat-sarpa bolsa parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Budur türkmen binasy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Halkymyzyň umumymilli şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragy külli ynsan kowmunyň ruhy genji-hazynasynyň baýlaşmagyna, aňyýetiniň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan şahyrdyr. Dünýäniň halklary türkmenleriň iň gowy häsiýetleri, baý adamkärçilik sypatlary bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary arkaly has ýakyndan tanşyp bilýärler. Mundan başga-da, olar beýik akyldaryň eserlerinden daşymyzy gurşap alan tebigat hem jemgyýet bilen nähili sazlaşykda ýaşamalydygyny görüp bilýärler. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmeniň halk hakydasynyň üznüksizliginiň, dowamat-dowamlylygynyň üpjün edilmegine ýardam edipdir.