Bütindünýä ähmiýetli gazna

13 Maý 2024
527

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024

Mätäje goldaw bermek, kyn pursatda hemaýat etmek halkymyzyň häsiýetidir aň-düşünjesiniň, durmuşda eýerýän ýörelgesiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan, howandarlyga mätäç çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Ata-babalarymyz ynsanperwerligiň ýokary derejesini görkezýän, milli kadalarymyza esaslanýan bu däplere gyşarnyksyz eýerip gelipdir. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir. Bu gazna diňe bir ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlaryna durmuş goldawyny bermek bilen çäklenmän, eýsem, daşary döwletleriň çagalaryna hem hemaýat edýär.

Daýanç AMANMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.