“Kak daragyň, batly ýaňlansyn sesi!”
Haly — türkmeniň kalby, milli buýsanjymyz hem guwanjymyz. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Asyrlardan gözbaş alýan haly dokamak sungaty hem biziň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýip, juda jaýdar nygtaýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu gadymy we müdimi sungatyň gadyr-gymmaty has-da artdy. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli halyçylyk sungatymyzyň halkara derejedäki sarpasy barha ýokarlanýar. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan toýlanan Türkmen halysynyň baýramynda hem aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Şol gün paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi toý dabarasyna beslendi. Bir tarapda, «Eý, daragym batlan,//Eý, ýüregim şatlan!» diýip, darak kakýan halyçy zenanlaryň sesi ýaňlanýar. Beýleki bir tarapda, sungat ussatlary gazal aýdyp, küşt depip, baýramçylyk şowhunyny barha artdyrýarlar. Dürli reňkli we dürli görnüşli — peýzaž, portret, sowgatlyk halylar sergilenen diwarlyklaryň bezegi biri-birinden owadan. Olaryň arasynda mermer paýtagtymyzyň gözel keşbini, türkmen tebigatyny, behişdi bedewlerimizi, bereketli türkmen saçagyny, gadymy Beýik Ýüpek ýoluny şekillendirýän halylar has-da ünsüňi çekýär. Halyçy zenanlaryň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp zähme