«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze belentliklere göterilişi, şanly ýyllarymyzyň taryhy wakalary we döwrümiziň gymmatlyklary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda barha dabaralanýar. Muňa Arkadag şäheriniň durky we ajaýyp keşbi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gadymy Oguz topragynda kemala gelen kämil şäheriň keşbinde zamanamyzyň altyn ruhy, türkmen halkynyň Milli Liderine bolan köňül alkyşlary aýdyň duýulýar. Öz täzeçilligi, ajaýyp taslamalary, ekologiýa arassalygy we innowasiýanyň ornaşdyrylmagy boýunça halkara ykrarnamalarynyň we bütin dünýäniň ykrarynyň eýesi bolan yklymyň täze bir täsin gaşy bolup dörän Arkadag şäheri, sözüň doly manysynda, beýik paýhasyň we ýiti aň-akylyň merkezidir.