"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Daýhan mert — ýer jomart

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(2024-nji ýylyň 17-nji apreli) Hormatly adamlar!

Galkynýan Watanyň röwşen ýoly

Hereket. Tizlik. Ösüş. Bu düşünjeleriň biri-biri bilen berk baglanyşyklydygyny tebigatyň kanunlary hem, taryhy tejribe hem tassyklaýar. Adamzadyň ylmy-tehnologik ösüşiniň barha artýan tizligi hem hut şu düşünjeler bilen baglanyşyklydyr. Wagtyň we giňişligiň esasy düşünjeleri bolan hereketiň, tizligiň we ugruň kesişýän nokatlarynyň biri-de ýoldur. Ulaglaryň we ýollaryň kämilleşmegi hereketiň tizliginiň artmagyna, ösüşiň çaltlanmagyna getirýär. Atdyr düýeleriň ornuny olardan has çalt hereket edýän demir ýol ulaglarynyň we awtomobilleriň eýelän döwründe adamzat siwilizasiýasynyň ösüş depginiň hem has çaltlanandygyny görmek bolýar. Gadymy kerwen ýollarynyň geçen ugurlarynda bu gün döwrebap polat hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň çekilmegi bolsa halkara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pajarlamagyna getirýär. Ýurdumyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasynyň tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilmegi sazlaşykly ösüşlere tarap ädilýän ynamly ädimleriň nyşanydyr. Buýsanja mynasyp taslama

Türkmenistan — BMG: durmuş-ykdysady hyzmatdaşlyk

Häzirki wagtda ýurdumyz bilen dünýäniň köp döwletleriniň arasynda durnukly, ygtybarly gatnaşyklar ýola goýuldy. Birleşen Milletler Guramasynyň hemmetaraplaýyn ylalaşdyryjylyk hereketiniň maksatnamalarynyň işjeň ugrukdyryjysy hökmünde döwletimiziň abraýy has-da artdy. Bu günki gün Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, yklym derejeli ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistika merkezlerini ösdürmek, ykdysady gatnaşyklarda, ynsanperwer meselelerde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak başlangyçlary giňden ykrar edilýär. Muňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy aýdyň mysaldyr. 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlandy. Şeýle hem Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üç

Döwrümiziň batly gadamlary halk bilen bilelikde amala aşyrylýan döwletli işlerde aýdyň beýanyny tapýar

Aýdylyşy ýaly, binýadyň berkligi binanyň bakylygynyň, dowamat-dowamlygynyň güwäsidir. Halk bilen bilelikde halkyň bähbidine gönükdirilýän beýik işler hem ýurt berkararlygynyň, il agzybirliginiň we jebisliginiň binýadynyň berkdigini görkezýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasyndaky: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn» diýen parasatly sözleri bu gün her bir türkmeniň ýürek töründen orun aldy. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwleti bedew batly ösüşler bilen aýdyň geljege barýar, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy maksat edinýän tutumlar raýatlarymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Şeýle döwletli tutumlaryň rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji apreli hem ýyl senenamamyzda aýratyn orun alyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Şol gün Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Mary şäheriniň Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda 2 gatly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-synyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Angola Respublikasynyň Prezidenti Žuan Manuel Gonsalweş Lourensudan hat geldi. Onda: “Angola Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Auguştu da Silwa Kunýany Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek baradaky çözgüt kabul edildi. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirjekdigine ynamly bolmaga mümkinçilik berýär” diýlip bellenilýär.

Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmek, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak oňyn özgertmeleriň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş syýasatynyň esasy meselelerine aýratyn üns çekildi. Şol syýasatyň çäklerinde ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, beýleki ugurlarda özgertmeler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz ildeşlerimize taýsyz toý sowgady boldy. Önjeýli zähmetiň önümi bolan bu kitap türkmeni dünýä tanatmak üçin hem-de pähim-paýhasyňy, dünýägaraýşyňy giňeltmäge uly mümkinçilik berýär. «...120 ýyl mundan ozal Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy tarapyndan Änewiň gadymy depelerinden ýüze çykarylan arheologik tapyndylar boldy. Bu wakanyň ýüzýyllygynyň öňüsyrasynda 2004-nji ýylda dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda biziň döwletimizde «Türkmenistan — Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň Watany» atly halkara maslahaty geçirilipdi.

Ynsanperwerlik — şu güne hemaýat, geljege ynam

Ýagşylygyň, sogaply işleriň ölçegi ýok. Olaryň ölçegini ynsan duýgusy bilen kesgitläp bolýar. Ynsan duýgusy bolsa adamzat ýaşaýşynyň gözbaşydyr, megerem. Begenmek, şatlanmak, minnetdar bolmak, göwnühoşluk duýgularyň naýbaşy, ýaşaýşa ruhlandyrýan ýürek joşguny dälmi näme?! Bagt diýlen düşünjäni hem şeýle duýgular bilen aňladýarys ahyry.

Gadymy medeniýetleriň merkezinde

Golaýda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatyna gatnaşan «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň okuw bölüminiň başlygy Irina Kuzminskaýa bilen söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy birnäçe ýyl bäri Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlykda. Ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gün-günden ilerleýändigi iki dostlukly halky hasam ýakynlaşdyrýar. Bu babatdaky pikirleriňizi okyjylarymyz bilen paýlaşsaňyz...

Edepli-ekramly mylaýymzada

Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi dünýäniň ünsüni ýene bu gadymy topraga gönükdirdi. Bu taryhy waka mynasybetli eziz Diýarymyzyň çar künjünde dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. «Zenan kalby» žurnalynyň Daşoguz welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçiren «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi hem Magtymguly Pyragynyň guýmagursak döredijiligi hakynda boldy. Maksuda TÖRÄÝEWA,

Ilçi işe başlady

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, olaryň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi işe başlady

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, olaryň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek. 1-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, taraplar howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, täze wehimlere garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de durnukly ulag boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy D.Frensisiň durnukly ösüş hepdeliginiň çäginde çagyran duşuşygyna ýöriteleşdirilen halkara guramalary, ulag pudagynyň ministrlikleriniň we pudka edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-ä agza döwletleriň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Diplomata ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäklerinde Mejlisiň alyp barýan işi we düzümi barada gürrüň berildi. Özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara dialogy giňeltmek maksady bilen, ysnyşykly parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek. 1-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, taraplar howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, täze wehimlere garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek. 1-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, taraplar howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, täze wehimlere garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, üstünlik, abadançylyk dileýärin.