"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gurban baýramy

Ýurdum toýa beslendi,Çagalar şat seslendi,Uly-kiçi höwesli,Geldi Gurban baýramy. Süýji sözler diýilýär,Täze lybas geýilýär,Hiňňildige barylýar,Ajap Gurban baýramy.

Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi

Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy özüniň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri bilen türkmen halkynyň, umuman Gündogar halklarynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde öçmejek yz galdyran söz ussadydyr. Şahyryň eserleri türkmen kalbynyň aýnasydyr. Onuň watansöýüjilik, halallyk, pespällilik, adamkärçilik duýgulary bilen bezelen çuňňur many-mazmunly eserleri halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Zamanasynyň ylymly-bilimli adamy, XVIII asyryň görnükli şahyry, öz mähriban pederi Döwletmämmet Azadydan tälim alan, mekdep gören, Gündogaryň dana kişilerine gol beren Magtymgulynyň öwüt-ündewe ýugrulan pelsepewi şygyrlary uly ähmiýete eýedir. Şahyryň akyl-parasatly, welilik garaýyşly şygyrlarynyň jadysy ýürekden-ýürege ornap, asyrdan-asyra uzap bilýän ruhy çeşmedir, gymmatly baýlykdyr. Şahyryň tutuş döredijiligini bezäp duran eserleri onuň ýürek owazyny, durşy bilen päklige ýugrulan arzuw-hyýallaryny, isleg-maksatlaryny beýan edýär. Şahyryň ajaýyp şygyrlary watansöýüjilik, adamkärçilik, bir-birege hormat, geçirimlilik, sabyr-kanagatlylyk ýaly çuňňur many-mazmunly, ynsanperwerlige ýugrulan edebi garaýyşlary özünde jemleýändigi bilen özüne çekijidir.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary — ynsan kalbynyň çyragy

Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary bilen türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň edebi eserlerini, halkyň milli-edebi gymmatlyklaryny gorap saklamaga, olary dünýäniň beýleki halklaryna ýaýmaga uly tagallalar edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölüminde Magtymguly Pyragy hakynda: «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, il-ulus, Watan hakyndaky köňül owazlary alyslara ýaň saldy» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyryň sarpasy belent tutulýar. Olk diňe bir öz iliniň «sözlär tili» däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem arasynda giňden tanalýar. Ussat Magtymgulynyň ömrüni we edebi mirasyny bu gün her jähetden çuňňur öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredilýär. Magtymguly atamyz her bir mesele babatda geňeşçimiz, halypamyz, syrdaşymyz, «döwürdeşimiz» hökmünde biziň bilen bilelikde ýaşaýar. Beýik akyldarymyzyň döredijiligi uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, onuň pendi-nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidir.

Söz äleminiň zergäri — Magtymguly Pyragy

Türkmeniň guwanjy, buýsanjy, beýik dana Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň söýgüli şahyrydyr. Ol özünden öň hem-de soň ýaşap geçen şahyrlaryň arasynda iň bir kämili, iň bir ýürege ýakynydyr. Pyragynyň her bir eseri watansöýüjilige, mertlige, gaýduwsyzlyga, agzybirlige ýugrulandyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özeninde türkmeniň gadymy hem baý taryhy uly orun tutýar. Şahyrymyzyň döredijiliginde, esasan, agzybirlik, watançylyk, il-gün baradaky temalar öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragy mukaddes Watanyny jany-teni bilen söýüpdir. Watan üçin aýgytly hereketleri edip, il-halky watansöýüjilige çagyryp, ençeme goşgulary döredipdir. Onuň «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň»... ýaly ençeme goşgulary bu babatda ýazylan ölmez-ýitmez eserleridir. Ol dogduk Watanynyň bir gysym topragyny dünýä baýlygyna çalşyp bolmajak derejede mukaddesdigine, ezizdigine düşünipdir. Hiç bir gaýry ýurt göbek ganyň daman mekany ýaly mähriban däldir. Bu babatda Pyragy özüniň «Mert bolmaz» şygrynda:

Poeziýa

Türkmenistan Bagt içre bakylyk saýan,Şirin janym — Türkmenistan!Çar ýana çakylyk ýaýan,Şöhrat-şanym — Türkmenistan!

Mag­tym­gu­ly, söz­le her­ne bi­le­niň!

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Gah­ry­man Ar­ka­dy­gy­myz: «Her bir hal­kyň be­ýik­li­gi onuň öňe çy­ka­ran, dün­ýä be­ren şah­sy­ýet­le­ri­niň be­ýik­li­gi­ne ba­ra­bar bol­ýar. Kö­ňül­le­riň we dö­wür­le­riň şa­hy­ry, adam­za­dyň iň gö­zel, iň tä­miz duý­gu­la­ry­nyň aý­dym­çy­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň ru­hy be­ýik­li­gi­dir. Be­ýik şa­hy­ryň bi­ze go­ýup gi­den mi­ra­sy öz­bo­luş­ly ter­bi­ýe mek­de­bi­dir» di­ýip bel­le­mek bi­len, da­na akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.

Ýatdan çykmajak gün

(Hekaýa) Biz obada seleň-sähra ýerde ýaşaýardyk. Howlymyz giňdi. Biz säher hem-de agşamaralar maşgala agzalarymyz bolup üýşüp, giň ýaýrawly howlymyzyň üzüm dalbarynyň aşagyna düşek düşelen ýerde nahar edinerdik.

Arzyly kitap

(Hekaýa) Öýümiziň aýratyn bir otagynda atamyň kitaphanasy bardy. Atam mugallymdy. Okumyş, kitaphon adamdy. Kitaphanasyndaky köp kitaplary ýatdan bilýärdi. Ýöne atamyň bir häsiýeti bardy. Ol kitaphanasyna girende, şol bir kitaby sesli görnüşde okaýardy. Mende «Atam näme üçin şol bir kitaby okaýarka?» diýen sorag döreýärdi. Ine, günleriň birinde biz kitaphananyň içini tämizläp ýördük.

Goşgular çemeni

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Azat RAHMANOW

Adam bolmak kyn ...

Kömek KULYÝEW, ýazyjy. (Erteki-powest)

Gülmähegiň gülleri

(Hekaýa) Synplarynda okuwa ýetişigi babatda-da, dil öwrenmek, kitap okamaga gezek gelende-de aýratyn tapawutlanýan Gülmähek el işlerine-de diýseň höwesjeňdi. Onuň bilesigelijiligini töwereginde ýaşaýan goňşy gyzjagazlar bilen tirkeşip zähmet sapagyny okadýan Sona mugallymyň «El hünäri — il gezer» gurnagyna işjeň gatnaýandygyndan hem biläýmelidi. Mugallymyň sapakdan soň galyp öwrenesi gelýän gyzjagazlara örüm örmegi, alaja işmegi öwretmegi olaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrýardy. Ulurak synpda okaýan gyzjagazlaryň arasynda mugallymynyň kömegi bilen eýýäm köýnek biçmegi we tikmegi başarýanlaryň bardygyny bilip, beýleki gyzjagazlar hem has-da höwesli ýapyşýardylar. Gülmähek hem işjeňdi, hem örän synçydy. Onuň her bir zady özboluşly gaýtalanmaýan waka öwresi gelýärdi. Gyzjagazlaryň dürli reňkli ýüplüklerden nagyşly jorap örýänleri bardy, Gülmähek hem örmegi başarýardy, emma ol ýa täze bir gül salardy, ýa-da nagyşlaryny üýtgederdi, hökman täzelik girizýärdi.

Çaga kalbynyň owazy

Magtymgulyň setirleri Şygyrlary döwre ganat beripdir,Beripdir akyly, paýhasy bile.Beýik Magtymguly öwüt beripdir,Egsilmez ylhamy, yhlasy bile.

Uly sowgat

(Hekaýa) «Şygryýet» diýilse, aňymda beýik bir ynsanyň — Pyragynyň keşbi janlanýar. Bu nurana keşp häli-häzire çenli ynsanyýetiň dünýäsine öz täsirini ýetirip, onuň päk kalbyndan syzylyp çykan dürdäne jümlelerden ýürekler jünbüş eýleýär. Köňülleri lerzana salýan şol jadyly setirler hiç wagt gadyr-gymmatyny ýitirmez.

Dostluk daragty

Tursunbaý ADAŞBAÝEW, özbek şahyry. Kemput

Durnajyk

(Erteki) Bir kiçijek durna bolupdyr. Onuň dostlary aýy, pyşdyl eken. Howa sowap başlandan durnalar ýyly ýere göçmäge hyýallanypdyrlar. Kiçijek durna ene durnanyň «Ýör, gideli!» diýenine gulak asman, dostlary pyşdyl bilen aýynyň ýanynda galyberenmiş. Ol bir gün dostlary bilen bile oýnaýan ýerine gelse, ne pyşdyl barmyş, ne-de aýy. Durnajyk: «Aýynyň öýüne baraýyn, belkem, ol öýündedir» diýip oýlanypdyr-da, aýy dostunyňka barypdyr. Ýöne aýy agyr gyş ukusyna giden eken. Ol ony oýaryp bilmejekdigine gözi ýetenden soň, pyşdylyňka barypdyr. Pyşdylam gyş ukusynda eken. Durnajyk ýalňyz galyp, enesiniň diýenini etmän, telek iş edendigine düşünipdir. Ol bir ýyly gowak tapyp, şol ýerde gyşlapdyr we ýazyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyberipdir. Ahyram gyş sowlup, ýaz baýyrlary bezäp ugranda, durnalar bu ýere dolanypdyrlar. Durnajyk süriniň içinden enesini dessine tanapdyr. Ene durna balajygyny bagryna basyp, aşa begenipdir.

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Ine-de, tomus. Ine-de, dynç alyş möwsümi! Hezil edip dynç alýarkaň, hezil edip kitap okabermeli möwsüm. Üç aýda, gör, näçe kitap okap bolar?! Ýöne şonda-da, biz size iýun aýynda okamak üçin üç sany kitap salgy berýäris. Şol üçüsini okaň, şu-da ýeterlik. Sebäbi siz dynjam almaly, «Awaza», «Gökderä», beýleki dynç alyş merkezlerine-de gitmeli. Garaz, tomsuňam «işi özüne ýetik».

Uzyn burunly oglanjyk

Ýalan sözlände, burny öz-özünden ulalýan oglanjyk barada eşidip gördüňizmi?! Aslynda, onuň burny ozalyndan şeýle ýasalan. Ýalan sözlände welin, burny has-da ulalyberýär. «Beýle uzyn burunly oglanjyk kimkä?!» diýmäň. Ony dünýäniň ähli çagalary gowy tanaýar. Ol ilkibada agaçdan ýasalsa-da, oňa jan girensoň, edil özümiz ýaly oglanjyga öwrülip, kakasynyň kömegi bilen mekdebe-de gatnap başlaýar. Eline ullakan «Harplyk» kitabyny alyp, okamaga, ýazmaga hem synanyşýar. Ýöne entek kiçijek bolansoň, onuňam beýleki çagalar ýaly oýnasy, bökjekläsi gelýär. Ine, şol ýerdenem uzyn burunly oglanjygyň täsin başdangeçirmeleri başlanýar.

Akylly oglanjyk

(Rowaýat) Gadymy döwürlerde hanlaryň biri medresäniň ýanyndaky çagalaryň okadylýan ýerine barypdyr. Ol çagalara sapak berýän müderris bilen görşüp, saglyk-amanlyk soraşypdyr. Çagalara, daş-töweregine göz aýlapdyr. Şonda bir oglanjyk hanyň ünsüni özüne çekipdir. Han onuň bihal däldigini aňypdyr.

Ylham ýaýlasy

Eziz Watanym! Ýüreklerde mähir, söýgi döreden,Ýyly, gyzgyn gujagynda ýer eden, Bagtyýar halkynyň agzyn bir eden, Arkadag Serdarly eziz, Watanym!

Mübärek kanun

Söze, şygra, edebiýata ýugrulan ýylymyzyň her aýy, her güni akyldarymyz, pähimdarymyz Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly gelýär. Şanyna guralýan dabaralarda, taryhy wakalarda şahyryň şygra siňen ömri bar, arzuwlan berkarar döwri bar. «Türkmeniň Magtymgulusy bar». Bu jümle il içinde-de, dünýä ýüzünde-de ýygy-ýygydan ýaňlanýar. Şeýle beýik söz ussadynyň türkmen halkymyzdan dörändigine buýsanjymyzyň çäk-serhedi ýok. Bu türkmeniň bagtynyň daş ýarmasy, ykbalynyň çüwmesidir. Ýakynda munuň ýene bir subudyny gördük. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.