Söz äleminiň zergäri — Magtymguly Pyragy

16 Iýun 2024
324

Türkmeniň guwanjy, buýsanjy, beýik dana Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň söýgüli şahyrydyr. Ol özünden öň hem-de soň ýaşap geçen şahyrlaryň arasynda iň bir kämili, iň bir ýürege ýakynydyr. Pyragynyň her bir eseri watansöýüjilige, mertlige, gaýduwsyzlyga, agzybirlige ýugrulandyr.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özeninde türkmeniň gadymy hem baý taryhy uly orun tutýar. Şahyrymyzyň döredijiliginde, esasan, agzybirlik, watançylyk, il-gün baradaky temalar öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragy mukaddes Watanyny jany-teni bilen söýüpdir. Watan üçin aýgytly hereketleri edip, il-halky watansöýüjilige çagyryp, ençeme goşgulary döredipdir. Onuň «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň»... ýaly ençeme goşgulary bu babatda ýazylan ölmez-ýitmez eserleridir. Ol dogduk Watanynyň bir gysym topragyny dünýä baýlygyna çalşyp bolmajak derejede mukaddesdigine, ezizdigine düşünipdir. Hiç bir gaýry ýurt göbek ganyň daman mekany ýaly mähriban däldir. Bu babatda Pyragy özüniň «Mert bolmaz» şygrynda:

Melike ABDULLAÝEWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy.