"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň beýik danasy

Dünýäde her bir halk öz milli gymmatlyklary, mirasy, medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen tanalýar. Ynsan aňyýetini ösdürmekde, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde edebiýat we sungat eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Medeniýetiň we sungatyň kämilleşmegi dünýäde agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmaga ýardam berýär. Medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, gadymy gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby artýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi guruldy we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bina edildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirildi. Ýadygärlik hem-de medeni-seýilgäh toplumy bedew batly ösüşlerimiziň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň özboluşly alamatydyr. Bu taryhy wakalar Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuny has-da şöhratlandyrýar. Munuň özi şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň adamzat kalbynda uly orun alandygyna şaýatlyk edýär.

Milli mirasymyzyň terbiýeçilik ähmiýeti

Şöhratly taryhymyza buýsanmak we wagyz etmek bilim işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilik döredilýär. Bu günki günde bilim işgärleri hem milli mirasymyzy, gadymdan gelýän medeniýetimizi ýaş nesillere öwredýärler. Şunda nusgawy kitaplaryň, muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti uludyr. Çünki nusgawy edebiýatdaky ajaýyp goşgular, pähimler, şeýle hem muzeý gymmatlyklary şöhratly taryhymyzyň şöhlelenmesi hökmünde ýaşlara oňat täsir edýär. Ösüp gelýän ýaş nesle dürli ugurly terbiýe bermekde mekdep muzeýleriniň ornuny gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Biziň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebimizde hem ýörite muzeý bolup, nusgawy edebiýatymyzy wagyz etmäge ýardam berýär. Ol orta hünär okuw mekdebine degişli bolan halk döredijilik, taryhy-etnografik we okuw-usulyýet häsiýetli muzeýdir. Muzeý häzirki günde köp sanly muzeý gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Muzeý gorlaryny emele getirmek, muzeý gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak işine mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle hem ata-eneleriň, beýleki raýatlaryň işjeň gatnaşýandyklaryny aýtmak gerek.

“Magtymguly - söz ummanynyň ägirdi” atly bäsleşige

Gözüm düşüp belent daga meňzäp duran heýkele,«Magtymguly atam!» diýip, pyşyrdanym duýmadym.Golda kitap, serde owaz, şygyr bilen beýgelip,Bu ajaýyp gözellikden asyl-asyl doýmadym.

Pyragy we ruhy ahwalatlar

(«Kalbymyň sedasy we Pyragy» atly goşgular toplumyndan) Aşyk bolmuşam

Sülgün sesi (Hekaýa)

Nury aga boz meýdanyň gyrasyndan girende, özüni başga bir dünýä düşendirin öýtdi. Pah, gözüňe söweýin, mele meýdanyň gaýrasy ho-ol Garagumuň saryýag ýaly zire çägeli depeleri bilen ýanaşyp ýatyr. Ileriňe seret, çal bulutlaryň arasyndan Köpetdagyň geriş-geriş gaýalary seleňläp görünýär. Dur-la, bu gulaga gelýän owaz öň eşidilmedik nagma ýaly-la. «Hany, bile diňläli!» diýýän ýaly, dik depede mollatorgaýam pelpelledi. Käkilikdir diýseň, ol janawar gaýa-daşa gonmaly guş, bezbeltegiň sesem muňa meňzeş bolmaly däl. Huşum gursun, sülgün! Onda-da erkegi «jok-jok» urýar-a. Anha, taýy hem inçemik ses bilen höwrüne goşuldy. Uzynakdan dolmuş, ullakan ala gözleri höwesli-heserli lowurdaýan, altmyşa aýak atanam bolsa, göwresi ýeňil gopýan adam jam ýaly gulaklaryny hasam gerdi.

Nusgalyk ömür

«Aý dogsa, älem görer» diýipdirler. Bu hakykatdan hem şeýle. Türkmeniň dana şahyry Magtymguly, göräýmäge, hat-petegiň seýregräk ýyllarynda, mundan üç asyr töweregi öňräk ýaşanlygyna garamazdan, tanymallyk gazanmagy başarýar. Şahyryň dürdäne eserleri şol bir wagtyň özünde Arminiý Wamberi, Aleksandr Hodzko ýaly günbatar gündogarşynaslarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Olar dana şahyryň eserlerini bölekleýin nemes we iňlis dillerine terjime edip, günbatarly okyjylary tanyşdyrýarlar. Şeýlelikde, şahyryň «Bilmeýen soranlara, aýdyň bu garyp adymyz» diýen pendi hasyl bolup, Magtymgulynyň ynsanperwer filosofik eserleri dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynyň goruna goşulyp başlaýar. Häzirki wagtda bolsa şahyryň eserleri dünýäniň iň giň ýaýran, ýörgünli dilleriniň ählisine diýen ýaly terjime edildi. Başgaça aýdanyňda, dünýä halklary türkmeniň milli gymmatlyklary bilen Magtymguly Pyragynyň gyzyla gaplaýmaly setirleriniň terjimeleriniň üsti bilen tanyşýar, öz ruhy, medeni dünýäsini baýlaşdyrýar. Şeýlelikde, bu gün Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman, eýsem, Ýer ýüzüniň ähli halklarynyň sarpa goýýan şahyryna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi türkmen halkynyň durmuşyny hem-de ruhy gymmatlyklaryny goşgy setirleri bilen şöhlelendirýän bahasyna ýetip bolmajak özboluşly ensiklopediýa öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu babatda dana

Sungat — bakylyk aýdymy

Ak arzuwda gezen iller şu Watany bina bildi,Parasata barýan iller Pyragydan sena bildi,Maksady belent ykballar her aýdymy sena bildi,Bossanda açylan güller täze döwri pena bildi,Arşda-kürsde ruhy hümmet, sejde-kerem, keramatym,Arkadagly milli sungat — ak geljege dowamatym. Didaryn kaýda görmüşem, ýa gaýypdan sedamydyr,«Hüw-Hak» diýen bir derwüşe müň kysmat, müň jepamydyr,Ylhama erkim bermişem, jismim jana gedamydyr,Asmana golum sermişem, Ýa Ýaradan Hudamydyr,Arşda-kürsde ruhy hümmet, müň mertebe ybadatym,Ata-baba milli sungat — bakylyga dowamatym.

Köňül kelamy

Dabarasy dünýä dolan,Dana şahyr Magtymguly! Arzuwlary hasyl bolan,Dana şahyr Magtymguly! Baky beýik ýol gözlediň,Hakykat sözüň sözlediň,Bir beýik paýhas yzladyň,Dana şahyr Magtymguly!

Akyldar şahyra buýsanç

Paýhas ummanyny döredip duran,Geljegi nazarlap seredip duran.Sarpasy ýürekleň törüne dolan,Ýüreklerde baky ýer eden şahyr. Ýüregi Watana söýgüden doly,Ýagşy işe besläp niýeti-päli.Agzybirlik bilen uzaldyp ýoly,Kalplaryň töründe ýer eden şahyr.

Şygyr äleminiň ussady

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýändigi onuň döredijiliginiň beýikligi bilen baglanyşyklydyr. Söz ussadynyň many-mazmuna baý şygyrlary bütin adamzady watansöýüjilige, agzybirlige, edep-ekramlylyga, ahlak arassalygyna, dost-doganlyga, halallyga çagyrýar. Nusgawy şahyrymyzyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan zamanasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen wysal boldy. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň dürli dillere terjime edilmegi beýik akyldaryň kämil döredijiliginiň halkara derejede ykrar edilýändiginiň beýanydyr. Beýik akyldaryň ömrüne we çeper döredijiligine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldaryň çeper keşbi suratlandyrylýar. Bu ajaýyp şygyrda beýik akyldarymyza goýulýan sarpanyň çäksizdigi, çuňlugy duýulýar.

Nikola Tesladan paýhasly pikirler

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024

Mag­tym­gu­la ma­ýyl alym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragyny öwreniş ylmynyň bat alan döwri hasaplamak bolar. Bu döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen beýik akyldaryň mirasy ählitaraplaýyn ylmy esasda öwrenilip, bu ugurda iş alyp baran alymlaryň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Magtymgulynyň eserlerini öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitiren alymlaryň hatarynda Gündogar edebiýatyny öwreniji Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsi hormat bilen ýatlamak bolar. Ý.E.Bertels dünýä ylmynyň taryhynda pars, täjik, türki halklarynyň edebiýatyny öwrenen görnükli alym hökmünde bellidir. Ol ýaşlygyndan ylymlar dünýäsine aralaşyp, öz döwrüniň meşhur alymlary W.W.Bartoldyň, A.Samoýlowiçiň edebi mekdebinde terbiýelenipdir. Bu alymlaryň Gündogaryň müň öwüşginli edebi äleminden berýän sapaklary Ý.E.Bertelsiň bu ugra gönükmegine hem-de türkmen milli nusgawy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmagyna ýol açypdyr.

Ýedi yklymyň dilinde Magtymguly Pyragy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Institutyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideriniň pedagogik taglymaty esasynda ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň dil, edebiýat, bilim, ylym, jemgyýet we dünýä tejribesini öwrenmek baradaky taglymatlary ýokary bilimli, päk ahlakly, belent ruhly hünärmenleri taýýarlamaga uly ýardam edýär. Institutyň esasy wezipesi ýurdumyzyň halk hojalygy üçin döwlet we daşary ýurt dillerini bilýän ýokary hünärli dilçileri we edebiýatçylary, daşary ýurt dili mugallymlaryny we terjimeçileri taýýarlamakdan ybaratdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary akyldar şahyrymyzyň dürdäne paýhaslaryny dünýä dillerinde ýaňlandyrmakda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Magtymguly Pyragynyň häzirki wagta çenli daşary ýurt dillerine terjime edilen goşgularyny özleriniň okuw we kämilleşiş sapaklarynda dowamly peýdalanýarlar. Munuň ýene bir mysaly hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip beren mümkinçilikleri esasynda akyldar şahyrymyzyň daşary ýurt dillerindäki şygyrlaryny ýörite taýýarlap, web sahypalar, k

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

( Ýedi yklymyň dilinde Magtymguly Pyragy ) I’m worshipping to Magtymguly

Min­net­dar, ha­nym (He­ka­ýa)

Lengston HÝUZ,amerikan ýazyjysy Köçeden uzyn boýly, daýanykly aýal agyr ýantorbasyny egninden üstaşyry göterip barýardy. Daşyndan synlasaň ýarylaýjak bolup duran ýantorbada çekiç bilen çüýden başga ähli zat bara meňzeýärdi. Bezemen geýnüwli aýal gije sagat on bir töwerekleri bolanlygyna garamazdan, ýeke özi köçäniň boýuny syryp, maýdalyna barýardy. Birdenkä alagaraňkylykdan okdurylyp çykan oglanjyk aýalyň ýantorbasyny garbap almaga synanyşdy. Oglanjygyň batly zarbasyna ýantorbanyň kemeri üzülip allowarra gitdi, özi bolsa ýantorbanyň hemem öz agramyna tap getiribilmän, ýanýodadan aňyrlygyna tüwdürilip gitdi.

Lengston Hýuzyň goşgulary

Asudalyk Gitdim mazarlyga, Bir topar pida. Ýeňenmi, ýeňlenmi? Çykanok seda. Ebedi tümlükde Kim çykdy üstün? Aňşyrmak çetin.

Üç us­sa­dyň hu­zu­ryn­da

Durmuşda bolýan her bir täsin waka ynsanyň ýadynda hemişelik galýar. Ondan bäri ençe ýyllar hatar gurap geçip giden-de bolsa, 1985, 1995, 2005-nji ýyllaryň wakalary ýadymda hemişelik galypdy. 1985-nji ýyl. Biz M. W. Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde okaýardyk. Bu ýokary okuw mekdebi bizi dünýä edebiýatynyň wekilleriniň döredijiligine, esasan-da, A. S. Puşkiniň edebi mirasyna has ýakynlaşdyrypdy. Şahyryň doglan, gadamy düşen rus topragy onuň ruhuna has golaýdy.

Iki çy­nar

Ýakup ÖMEROGLY, türk ýazyjysy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti Süleýman Demireliň 1993-nji ýylyň dekabrynda Ankarada türkmen žurnalistleri bilen bolan söhbetdeşliginde eden çykyşynda: «Beýik Seljuk döwletini guranlar hem türkmenleriň kynyk taýpasyndandyr. Osmanly döwletini gurup, alty asyrlap Wena çenli türküligi we musulmanlygy ýöreden gaýy taýpasy-da türkmendir» diýen sözleri türkmenleriň gaýduwsyzlygyna berlen ýokary bahadyr1» diýip, örän jaýdar belleýär. Türk ýazyjysy Ýakup Ömeroglunyň «Iki çynar» atly hekaýasynda-da Osmanly döwletine 1421-nji ýylda soltan bolup, soltanlygyň her bir işine akylly-paýhasly çemeleşen beýik türkmen hökümdary Myrat II 1425 — 1426-njy ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde gurduran we bu türkmen soltanynyň öz ady dakylan Muradiýe seýilgäh toplumynda şol döwürde oturdylan 5-6 asyr ýaşan çynar agajy barada gürrüň edilýär. Hut şu sebäpli ýazyjynyň bu eseriniň türkmen okyjylary üçin hem gyzykly boljakdygyna ynanýarys. 

Köp wagt aý­dyl­ma­dyk söý­gi (He­ka­ýa)

Lýu Sün, hytaý ýazyjysy Maňa bu wakany Waň Siýawýun Linna gürrüň berdi.

Çin­giz Aýt­ma­tow we türk­men ede­bi­ýa­ty

"Aşgabat — muhabbetler şäheridir. Öňki Aşgabat juda ýigdelipdir, bu ýerdäki öýleriň bary ak, ulaglaryň bary ak, üstesine, adamlaryň ýüreklerem ak…" A.AKMATALYÝEW. ***