Şygyr äleminiň ussady

23 Iýun 2024
410

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýändigi onuň döredijiliginiň beýikligi bilen baglanyşyklydyr. Söz ussadynyň many-mazmuna baý şygyrlary bütin adamzady watansöýüjilige, agzybirlige, edep-ekramlylyga, ahlak arassalygyna, dost-doganlyga, halallyga çagyrýar. Nusgawy şahyrymyzyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan zamanasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen wysal boldy. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň dürli dillere terjime edilmegi beýik akyldaryň kämil döredijiliginiň halkara derejede ykrar edilýändiginiň beýanydyr.

Beýik akyldaryň ömrüne we çeper döredijiligine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldaryň çeper keşbi suratlandyrylýar. Bu ajaýyp şygyrda beýik akyldarymyza goýulýan sarpanyň çäksizdigi, çuňlugy duýulýar.

Şirin ANNAGELDIÝEWA,
Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.