"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Goşgular çemeni

Sowgat Toý güni, baýram güni,Sowgat berdiler maňa.Süýjüdir kökelerdenHökman bererin saňa.

Magtymguly Pyraga (Aýdym)

Şygyrlardan paýhas dagyn döredip,Halkynyň halyny syzandyr şahyr.Hak kelamyn sada dilde zer edip,Altyn sözler bilen ýazandyr şahyr. Azym sen, alym sen, iliň guwanjy,Bir biziň däl, sen jahanyň dür-genji.Aryflykda başa geýipsiň täji,Ylahy ylhamyň ezelden, şahyr.

Dost-doganlyk gatnaşyklary ilerleýär

Gözbaşy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar. Ýakynda — 4-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammitine hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemeginde ýene-de bir täze sahypa açyldy. * * *

Adam bolmak kyn ...

Kömek KULYÝEW, ýazyjy. (Erteki-powest)

Çaga kalbynyň owazy

Arkadag şäherinde Toý toýlanýar uludan,Arkadag şäherinde.Günler mydam bagta deň,Arkadag şäherinde.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym»

Eserler içinde bir kitap gördüm,«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym».Okadym, edebiň gülüni tirdim,«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym». Mährem eneleriň keşbi bar munda,Heňňamlara siňen kesbi bar munda,Zenan dünýäsiniň köşgi bar munda,«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym».

Kalp desterhany

Ýakynda Tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri, şahyr Rejepmyrat Allaberdiýewiň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Waspyň dilimde, Watan!» atly ilkinji kitaby neşir edildi. Oba hojalyk işgäri bolmagyna garamazdan, eline galam alyp, Diýarymyzyň waspyny ýetirýän şahyryň şygyrlarynyň süňňünden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de ata Watanymyzyň ösüşleriniň waspy, milli gymmatlyklarymyza sarpa, dost-doganlygyň gymmaty, ata-enäniň mähribanlygy, päk söýgi baradaky duýgy-düşünjeler eriş-argaç bolup geçýär. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejepmyrat Allaberdiýewiň bu goşgular ýygyndysy «Arkadagly Gahryman Serdarymyz — şöhrat-şanymyz», «Mähriban Watanym — buýsanjym, bagtym», «Gözellik älemi», «Mukaddes toprak», «Maşgala daragty» ýaly bölümleri öz içine alýar.

Gutlag kagyzy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine (Hekaýa)

Myraly we Soltansöýün

Gysga ýorgan Soltansöýün öz wekilleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin olaryň hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany başaşa kellesine büräp, injigini açyp ýatypdyr, wekillerine şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň diýip buýrupdyr. Wekiller nähili oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini tapmandyrlar.

Säher wagty seýran edip gezerkäm…

Çeper söz sungatyny baýlaşdyryp, türkmen halkynyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden Magtymguly Pyragynyň çeperçilik dünýäsi müň dürli öwüşgini bilen üç ýüz ýyl wagt bäri ynsanlaryň ruhuny ganatlandyryp gelýär. Şahyr döredijilik ussatlygynyň ägirt giň hem hertaraplylygy bilen dünýä edebiýatyny ýokary belentliklere eýe etdi. Hut şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyz dana akyldaryň mirasyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip, jaýdar kesgitleme berdi. Beýik Pyragynyň köpöwüşginli mirasynda, durmuşyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, dünýä, tebigat baradaky pikirlenmeler aýratyn orny eýeleýär. Beýik akyldaryň pikirine görä, dünýä hadysalary suwdan, daşdan, toprakdan, howadan, otdan düzülýär we özleriniň birleşmekleri esasynda dürli-dürli fiziki häsiýetleri emele getirýärler.

Doly dileg (Tymsal)

Bir gezek arzuw etmek barada gürrüň çykanda enemiň: «Ýagşylygy-da, arzuwy-da doly etmelidir» diýen sözleri ýadymdan çykanok. Birbada onuň aýdanlaryna düşünmedim. Şonda enem şeýleräk bir tymsaly gürrüň beripdi: Gadym döwürlerde güzeranyny zordan aýlap ýören bir goja kempiri bilen ýaşap ýören ekeni. Ol çölden odun çöpläp getirip, bazarda satyp, güzeran aýlaýan ekeni. Iki sanyjak towugynyň ýumurtgalarydyr arryk sygrynyň süýdem kempir ikisine huruşlyk bolýar ekeni. Bir gün olaryň gapysyndan derwüş sypatly bir myhman gelýär. Ol özüniň ýagşyzadadygyny, biraz dynç almak üçin gelendigini aýdýar. Goja muňa juda begenip, kempirine bolanja zatlardan saçaga goýmagy tabşyrýar. Kempirem aýdylyşy ýaly edýär. Emma myhman ertesi-de gitmeýär. Berere zady bolmansoň, goja towuklaryň birini soýýar. Ýöne myhman iki towugyň etini iýip bolansoňam gitmelidir öýtmändir. Şondan soň goja öz ýanyndan: «Beýle myhman hemmäň gapysyndan gelip duranok, gysylmaýyn» diýip, ýekeje sygryny-da soýýar. Emma ýagşyzada sygryň soňuna çykansoňam gitmeýär. Şondan soň goja myhman gidensoň boşatmagy şertleşip, goňşularynyň birine köneje külbesini-de satýar. Gojadyr kempirde halys hezzet edere ýagdaý galmandygyna ymykly göz ýetirensoň, myhman hoşlaşyp gidýär. Diňe şondan soň goja eden işine göz ýetirýär. Kempiriniň gözüne garamaga bogny ysmadyk goja çöl-beýewana çykyp, Allatagala ýüzlenýär: «Eý Ýaradan, bu zatlaryň ählisini

Çagalyk dünýämiziň senasy

Adamzat durmuşyndaky iň şirin mukam hüwdüdir. Çünki hüwdi her bir maşgalanyň iň eziz görülýän, göz-guwanjy hasaplanýan körpeje agzasyna bagyşlanan ene ýüreginiň synmajak söýgüsiniň mährem owazydyr. Dünýäde hiç bir aýdym, hiç bir mukam, hiç bir owaz ene söýgüsini ene hüwdüsi ýaly ähli çuňlugy bilen açyp görkezip bilýän däldir. Hüwdülerde naşyja çagany meýmiredip, uka batyryp biljek täsin güýç bar, onda soňsuz mähir jemlenen. Nesillerimiziň aňyna milli ýörelgelerimiz baradaky düşünjeleri guýmaga uly goldaw berýän hüwdi bentleriniň her bir setiri terbiýeçilik ähmiýetlidir. Olar dogduk Diýary, eziz Watanyňy söýmegiň, döredijilikli zähmet çekmegiň nusgasy bolup, ýyllaryň dowamynda kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Göwün düwünçeginden

Göwün göwünden suw içer, ýürek ýyly sözden şypa tapar. * * *

Magtymguly

(Gysga göwrümli sahna) Gatnaşýanlar:

Dost sarpasy

(Hekaýa)  Dogduk depäňde erkin ýaşamak uly bagt. Öz topragyň üstünde ýagşy häsiýetiňi mälim etmegiň özi-de ynsanlykdan nyşan. Magtymguly şeýle behişdi mekanda ýaşaýanlygyna guwanyp gezýärdi. Munuň üstüne, ol özüne wepaly dost tapanlygyna monça bolýardy. Jan içindäki jan bolýan dostuna guwanyp ýaşap ýören Magtymguly, her gün diýen ýaly, söwer dosty Orazmeňlini görmese, bir zady kem ýalydy. Orazmeňliniň düşünje-garaýşy-da örän giňdi. Toýlarda diňläp görensoň, dostunyň labyzly, şirin aýdymlary ony özüne imrindiripdi. Dogrusy, Magtymguly dostunyň aýdýan aýdymlaryna ýüregi bilen kökerilipdi. Ol aýdymlaryň köpüsi yşky aýdymlardy. Orazmeňli-de, Magtymguly-da juwan ýigitlerdi. Şonuň üçin bolmagy-da mümkin, Magtymguly onuň aýdýan yşky aýdymlaryny ýüregi bilen berlip diňleýärdi.

«Golaýyma sen gelmeseň...»

«Halk rowaýatlary — geçen durmuşyň aýnasy» diýilýär. Geçen döwürleriň durmuşy wakalarynyň jümmüşine aralaşmakda rowaýatlaryň ähmiýeti uly. Halk arasynda nusgawy şahyrymyz Annagylyç Mätäji bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar bar. Beýan etmekçi bolýan rowaýatymyzy bize Akdepe etrabynyň 1-nji orta mekdebinde işlän halypa mugallym, mirasgär Mäti Rahymow gürrüň beripdi. Annagylyjyň jahyl çykan mahaly eken. Onuň nazarynda eglenen Annagülem Aýdan ary, Günden nurly, üzümiň suwy ýaly diýilýän görmegeý gyz bolupdyr. Gyzyň nurana keşbi Annagylyjyň otursa-tursa göz öňünden gitmändir. Bir gün Annagylyjyň ýaşaýan Köşi obasynda uly toý bolupdyr. Obalarda toý bolsa, hormat bilen çagyrylýan şahyr bu toýuň hem arzyly myhmany bolupdyr. Toýda at çapdyrylyp, bagşy-sazandalaryň hoş owazy bütin töweregi gurşapdyr. Nobat şygra berlip, adamlar şirin sözli şahyryň dilinde ýaňlanjak goşgulary diňlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Şol döwrüň düzgünine görä, erkek adamlar bagşa-şahyra golaý durup diňlese, gyz-gelinler aňyrrakda — bir çetde üýşüp diňlär ekenler. Şol duranlaryň arasynda boýdaş joralary bilen Annagülem bar eken. Annagylyç gelen myhmanlara joşup-joşup goşgy okap berip, adamlaryň göwün mülküni ganatlandyrypdyr. Ahyry nobat yşky häsiýetli goşgulara ýetip, şahyr «Bilen barmy?» diýen goşgusyny okapdyr.

Ynsap

Arkadiý GAÝDAR, rus ýazyjysy. (Hekaýa)

Pyragynyň paýhas hazynasy

Halkymyz baldan süýji görýän balasynyň edebini ähli zatdan ýokarda görýär. Sebäbi edep onuň geljekki jemgyýetdäki ornuny, abraý-mertebesini kesgitleýän ölçeg çelgisi bolup durýar. Hut şonuň üçin-de Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda nesil terbiýesi meselesine kän ýüzlenipdir. Bu bolsa ol şygyrlaryň halkyň ýüreginden orun almagyna, ömrüniň asyrlar aşmagyna ýol açypdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew häsiýetli, durşy bilen pelsepä, watansöýüjilik duýgusyna ýugrulan şygyrlary diňe bir döwürdeşleriniň däl, eýsem, halkymyzyň ähli nesilleriniň ýürek aýdymyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň:

Şygryýet

Nurmyrat AŞYROW

Ýagşy söz dünýäni gezýär

(Hekaýa) Men indi bir döwürler: «Hemme ýollar Rime barýar» diýlen gaty gadymy şäherde üç günden bäri gezip ýörün. Bu ýerde her bir ädimde saňa täzelik garaşýar. Aňyrrak ýöräberseň, şäheriň dükandan pürepür bolan köçeleri başlanýar. Olara at goýluşam üýtgeşik. Dükanyň ýüzündäki hatlaram bilmedim ýa-ha müşderini gyzyklandyrmak üçin ýazylan, ýa-da başga bir pikir bilen. Ynha, bir dükanyň ýüzünde şeýle ýazgy bar: «Italýan harydyny alyp ýalňyşan ýok».