«Golaýyma sen gelmeseň...»

11 Iýul 2024
325

«Halk rowaýatlary — geçen durmuşyň aýnasy» diýilýär. Geçen döwürleriň durmuşy wakalarynyň jümmüşine aralaşmakda rowaýatlaryň ähmiýeti uly. Halk arasynda nusgawy şahyrymyz Annagylyç Mätäji bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar bar. Beýan etmekçi bolýan rowaýatymyzy bize Akdepe etrabynyň 1-nji orta mekdebinde işlän halypa mugallym, mirasgär Mäti Rahymow gürrüň beripdi.

Annagylyjyň jahyl çykan mahaly eken. Onuň nazarynda eglenen Annagülem Aýdan ary, Günden nurly, üzümiň suwy ýaly diýilýän görmegeý gyz bolupdyr. Gyzyň nurana keşbi Annagylyjyň otursa-tursa göz öňünden gitmändir. Bir gün Annagylyjyň ýaşaýan Köşi obasynda uly toý bolupdyr. Obalarda toý bolsa, hormat bilen çagyrylýan şahyr bu toýuň hem arzyly myhmany bolupdyr. Toýda at çapdyrylyp, bagşy-sazandalaryň hoş owazy bütin töweregi gurşapdyr. Nobat şygra berlip, adamlar şirin sözli şahyryň dilinde ýaňlanjak goşgulary diňlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Şol döwrüň düzgünine görä, erkek adamlar bagşa-şahyra golaý durup diňlese, gyz-gelinler aňyrrakda — bir çetde üýşüp diňlär ekenler. Şol duranlaryň arasynda boýdaş joralary bilen Annagülem bar eken. Annagylyç gelen myhmanlara joşup-joşup goşgy okap berip, adamlaryň göwün mülküni ganatlandyrypdyr. Ahyry nobat yşky häsiýetli goşgulara ýetip, şahyr «Bilen barmy?» diýen goşgusyny okapdyr.

Täçbibi KARAÝEWA,
Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň kabul ediş bölüminiň enekesi.