"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Döredijilik dünýäsine syýahat

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwaty,  halkara jemgyýetçiligindäki abraýynyň has ýokary belentliklere çykmagy döredijilik işgärlerini hem ajaýyp zamanamyza mynasyp eserleri döretmäge borçly edýär. Şu nukdaýnazardan, üç ýüzden gowrak hekaýalaryň, birnäçe powestleriňdir romanlaryň, goşgular ýygyndylarynyň, sahna eserleriniň, çagalara niýetlenilen ençeme kitaplaryň awtory, önjeýli işleýän ýazyjylaryň biri Hemra ŞIROW bilen döredijilik işi, eser döretmegiň çylşyrymly tärleri barada söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Halypa, söhbedimizi eser ýazylanda ýazyjynyň — döredijiniň öz ýoly, ussatlyk tilsimleri baradaky gürrüňden başlaýalyň?!

Mugallym we okuwçy

Agtyklary bilen seýilgähde gezelenç edip ýören bir adamyň 40 ýyl mundan ozal özüni okadan mugallymyna gözi düşüp, onuň ýanyna baryp: — Salam, mugallym! Meni tanadyňyzmy? — diýipdir.

Beýik döwre buýsançnama

Agtarsaň dünýäniň barça kitabyn,Aklyň haýran bolup, oýlansaň bir dem.Bu durmuşy bolsadydan tapmarsyň,Artyk ol arzuwçyl ertekilerden. Indi türkmen geň galmaýar hiç zada,Nämä hyýal etse gola getirýär.Obalaryn dünýäň obalaryndan,Şäherlerin şäherlerden ötürýär.

Sözi gysga, şerhi köp...

Rowaýatlarda gelşine görä, gadym döwürlerde belli takwa bende haja gidip, haj amallaryny berjaý edenden soň, Käbäniň öňünde ybadat edip otyrka, iki sany perişde gelip, biri sag, biri çep tarapynda oturyp, özaralarynda sorag-jogap alşypdyrlar. Olaryň biriniň «Bu ýyl näçe kişiniň hajy kabul boldy?» diýen soragyna beýlekisi «Bu ýyl hiç kişiniň hajy kabul bolmady, diňe bir kişiniň hajy kabul boldy. Özi Müsürde ýaşaýar, käri köwüşçi, köwüş tikmek bilen gün görýär, özge hajylaryň hajy hem diňe şonuň sebäbinden kabul boldy» diýýär. Muny eşiden takwa kişi munuň sebäbini bilmek üçin Müsüre gidýär we ol adamy gözläp tapýar. Görse, ol bir dükanjykda ädik ussasy bolup işleýär eken. Gelen myhman ondan beýle derejä nädip mynasyp bolandygyny soranda, ol «Howlukma, hany, öýe bir baraly, soň gürrüň bererin» diýip, ony öýüne äkidýär we hezzet-hormat edýär. Şondan soň şeýle diýýär: «Men entek haja gidemok. Emma indi ençeme ýyl bäri haja gitmekligi arzuw edýärdim hem-de şoňa harajat toplaýardym. Ýaňy ussahanamda görensiň, iki sany çaklaňja golçajygym bar. Her gün maşgalam üçin gündelik sarp etmeli harajatymy bir golçajygyma, şondan näme artyk gazanyp bilsem, ikinji golçajygyma salýaryn. Kä günler, ýeterlik gazanyp bilmesem, ikinji golçajykdan almaly bolýan wagtlarym hem bolýardy. Ahyry şu ýyl haja gidilende ýol we öý harjym üçin ýygnaýan pulum ýeterlik derejä ýetip, golçajygym puldan doldy, menem

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Sarpasy synmaz Pyragy Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goýulýan belent sarpa halkara derejeli çäreleriň, asylly maksatly beýik işleriň mysalynda has aýdyň duýulýar.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň köp asyrlyk şöhratly taryhynda dünýä meşhur bolan akyldarlaryň, danalaryň, alymlaryň, şahyrlaryň nusgawy eserleri umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklara öwrüldi. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelen medeni mirasymyzda nusgawy şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň dürdäne eserleri aýratyn orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi» diýip, nusgawy şahyrymyzyň halkyň hakydasynda ýaşaýandygyny açyp görkezýär. Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly eserleri indi üç asyra golaý wagt bäri watansöýüjilik aýdymy, halallyk nagmasy, agzybirlik senasy, dost-doganlyk mukamy bolup ýaňlanyp gelýär. Magtymguly Pyragy diýlende arassa türkmen diliniň düýbüni tutujy söz ussady göz öňüne gelýär. Ol öz goşgularyny düşnükli dilde ýazmak bilen, halkyň aňyna müdimi ornaşan akyldar şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen setirlerini okanyňda onuň diňe şahyr däl, eýsem, beýik söz ussadydygyna, alymdygyna, öňdengörüjidigine, filosofdygyna göz ýetirip bolýar:

Mämmetweli Kemine

Zülpüň Aždarha dek ýassanyp, genji-nahana zülpüň,Meşhury älem olmuş pany jahana zülpüň,Görkezmedi gül ýüzüň bag Ispyhana zülpüň,Äleme anbar saçar, degende şana zülpüň,Neýleý ki, ot salypdyr men natuwana zülpüň.

Sahawat

Birkemsiz ukusyny alyp, irden oýanan Magtymguly ýerinden galdy-da, ýumşak basyşly gadamy bilen, hüjräniň açyk duran derejesiniň öňüne bardy. Daşardan gelýän tämiz howanyň badyna ýüzüni tutup, ep-esli eglendi. Hüjredeş dosty Maşak Hywaly Magtymgulynyň «Boýlaryňa» atly goşgusyny heňe salyp hiňlenýärdi. Ol birdenem sesini tapba kesip: — Halypa, men size bir mysapyr bendäniň naçar gyzyna aşyk bolanymy ho-ol baýakyda aýdyp beripdim-ä! — diýip, hamala diýersiň ho-ol diwaryň burçundan arzyly magşugy bärsine bakyp, jyklap duran ýaly heýjanly dillendi. Magtymguly bärik ýöräp gelşine:

Ömür süresiň geler

Aşgabada baryp gördüňmi, dostum?Baryp görseň, ýene barasyň geler.Beýik eždatlaryň öňünde durup,Edep bilen salam beresiň geler. Öň gezen ýerlerňi tanap bilmersiň,Mermer jaýlaň gatyn sanap bilmersiň,Geçen günleriňden nadyl bolmarsyň,Ýene kyrk ýyl ömür süresiň geler.

Buýsançnama

Paýhas bilen gurlup, görke gelensiň,Aşgabadym, sen ylhamyň gözbaşy!At-abraýy bütin dünýä dolan sen,Aşgabadym, sen ylhamyň gözbaşy! Has görklendiň bagtyýarlyk döwürde,Gijeler Aý, gündiz Gün dek lowurda,Tylla täç sen gadym owadan ýurda,Aşgabadym, sen ylhamyň gözbaşy!

Şygryýet dürdänesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän gelýän «Saglygym — baýlygym», «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýaly giň many-mazmuna ýugrulan pähimleri döwlet syýasatymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň möhüm ýörelgesi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň köpugurly döredijiliginde hem ynsan saglygyna degişli dürdäne setirlere köp duş gelmek bolýar. Akyldar şahyryň şygyrlarynda ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan saglyk, ony gorap saklamak ýaly pikirler giňden öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen nakyla öwrülen setirleri saglygy gorap saklamagyň şygaryna öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ündewlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan saglyk syýasaty ynsan saglygyny gorap saklamaga gönükdirilendir. Ynsan saglygyny gorap saklamagyň esasy şertleriniň biri sagdyn iýmitlenmek ýörelgesidir.

Syrly setirleriň çözgütleri

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli il içinde Annadurdy molla-şahyr ady bilen giňden tanalýan Annadurdy Eýeberenowyň «Syrly setirleriň çözgütleri» atly kitaby giň okyjylar köpçüligine gowuşdy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen bu kitaby Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýew çapa taýýarlapdyr.

Paýhas çeşmesinden

■ Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt. ■ Gerekli daşyň agramy ýok.

Magtymguly Pyragydan başlanýar

Täze döwrüň galkynyşly ýazlaryMagtymguly Pyragydan başlanýar.Türkmen toýlarynyň aýdym-sazlaryMagtymguly Pyragydan başlanýar. Setirlere siňip em-u-dowasy,Aýdymalara heň getirip owazy,Azadynyň arzuwlarnyň dowamyMagtymguly Pyragydan başlanýar.

Watanyma gulluk etsem

Bu toprakdan bagt tapyp,Başym egsem, dyzym epip,Tugumy togaplap, öpüp,Watanyma gulluk etsem. «Watanymdan kylma jyda»         diýip ýaňlandyrsam seda.

Tymsallar

Arzuwyňa nädip ýetmeli? Bir ýaş ýigit halypasynyň ýanyna gelip:

Ähli döwürleriň şahyry

Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şöhrat-şanynyň tutuş Ýer ýüzünde täze öwüşgin, özboluşly ylham bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň köňlüne joşgun berýär. Çünki beýik Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hökmünde biziň kalbymyzda hem aňymyzda hemişelik ýaşaýar. Dana Pyragynyň arzuw eden berkarar döwleti, bagtly durmuşy bu gün hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe-de derwaýysdyr» diýip belleýär.

Akyldaryň döredijiligindäki myhmansöýüjilik

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi özüniň köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem edebi mirasymyzyň özeni hasaplanylýan ol şygyrlaryň her setiriniň dür dänesine barabar gymmaty bar. Hususan-da, olarda adamlaryň gylyk-häsiýetleri, jemgyýetde özlerini alyp baryşlary, birek-birek bilen dost-doganlyk gatnaşyklary jemlenendir. Beýik akyldaryň bize galdyran edebi mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän salyhatlylyk, jomartlyk, myhmansöýüjilik ýaly häsiýetler türkmen halkynyň myhmanparazlygyny, adamkärçiligini, gülerýüzlüligini çeper sözleriň üsti bilen kemsiz suratlandyrýar. Şeýle şygyrlarda şahyr myhman bolmak, myhman almak dessurlarynda mert ýigitleriň mertebesiniň has belende göterilýändigini nygtaýar. Ol goşgularyň köpüsi il içinde nakyllara öwrülip gidendir: Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz,Goç ýigitler myhmanynda bellidir.

Demir ýol geçelgesindäki jogapkärçilik

Köçe-ýol hereket howpsuzlygynda demir ýol geçelgelerinden geçilmeginde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň sürüjilerine ýokary talap bildirilýär. Ulaglaryň sürüjileri demir ýolundan diňe demir ýol geçelgelerinden geçmelidirler. Şeýle hem demir ýol geçelgesiniň golaýyna geleninde sürüji ýol belgileriniň, ýolyşygynyň, çyzgytlaryň talaplaryndan, ala agajyň ýagdaýyndan hem-de geçelge boýunça nobatçynyň görkezmelerinden ugur alyp, golaýlaşýan otlynyň ýokdygyna göz ýetireninden soň geçmelidir. Welaýatymyzyň çäginde demir ýol geçelgeleriniň birnäçesi hereket edýär. Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan şol demir ýol geçelgelerinde hereket howpsuzlygynyň bellenilen kadalarynyň doly berjaý edilmegine gözegçiligi ýola goýýarys. Şunda ýollaryň demir ýol geçelgeli jogapkärli böleginde hemişe hüşgär bolunmagyna aýratyn üns berýäris. Şundan ugur alybam gözegçilerimiz tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki demir ýol geçelgelerine yzygiderli gözegçilik ýola goýulýar. Şu çäreleriň netijesinde demir ýol geçelgeleri bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda gowy netijeler gazanylýar.

Ol günler...

Ol günler bireýýäm uzakda galdy, Ondan soň erikler ýaýdy gülün kän.