Döredijilik dünýäsine syýahat

18 Iýul 2024
204

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwaty,  halkara jemgyýetçiligindäki abraýynyň has ýokary belentliklere çykmagy döredijilik işgärlerini hem ajaýyp zamanamyza mynasyp eserleri döretmäge borçly edýär. Şu nukdaýnazardan, üç ýüzden gowrak hekaýalaryň, birnäçe powestleriňdir romanlaryň, goşgular ýygyndylarynyň, sahna eserleriniň, çagalara niýetlenilen ençeme kitaplaryň awtory, önjeýli işleýän ýazyjylaryň biri Hemra ŞIROW bilen döredijilik işi, eser döretmegiň çylşyrymly tärleri barada söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Halypa, söhbedimizi eser ýazylanda ýazyjynyň — döredijiniň öz ýoly, ussatlyk tilsimleri baradaky gürrüňden başlaýalyň?!

Söhbetdeş bolan Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».