"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Aýdyma öwrülen şahyr

(Bolan waka) Men mekdebe kakamyň awtoulagynda gidýärin. Köplenç kakamyň ulagyna münenimde, şol bir adamyň aýdan aýdymlary ýaňlanýardy. Ol aýdymlaryň soňunda: «Magtymgulynyň» ady aýdylyp gutarýardy. Kakam hemişe aýdym gutaranda: «Hä, gaty dogry, ussat şahyr, sözleri ýüregiň sesi bilen deň urýar» diýip gaýtalaýardy.

Owadanja guşjagaz

(Hekaýa) Şu ýyl Gökderä gitmek höwesi mende has ir oýandy. Belki, geçen ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde ol ýere dürli ýerlerden baran boýdaşlarym bilen ýene-de duşuşmak hakda edýän pikirimdendir, belki-de, ýene «Gökdere» atly owadanja şol guşjagazy görmek hakdaky islegimdendir.

Bir dänämiz müň boldy daýhanyň yhlasyndan, Doldy bu gün Watanyň harmany bol hasyldan. Goý, Watanyň şöhraty harman deýin beýgelsin, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagbolsun!

Şat saýraýar dillerimiz,Joşgunlydyr ýürek bu gün.Bereketli ene ýeriňHasylyndan galkdy göwün. Daýhanyň päk zähmetindenMüňläp hasyl eçildi Ýer.Güle dönen bu topragyÝürek mydam jandan söýer.

Liliýa gülli bag

Nura HAKPEREST, eýran ýazyjysy. (Hekaýa)

Nähili gün?

Walentina OSEÝEWA, rus ýazyjysy. (Erteki)

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda). Amanmuhammet Orazmyradow. «Köz çokan togdary». Ol näme üçin köz çokaýdyka? Aslynda, hakykatdanam, köz çokdumyka ýa-da köze meňzeş başga bir zady? Şeýle täsin atly bu kitap jümmüşindäki hekaýalaryň täsinligi bilen hem özüne çekýär. Kitap kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenen hem bolsa, şu ýyl onuň öz ýaşy 51-e gadam goýýar. Ýöne bu kitap heniz hem deň-duşlaryňyzyň elinden düşenok. Çünki ondaky hekaýalarda kepderileriň nädip ýuwnuşy hem, arylaryň urşy hem, zemzenleriň oýny hem bar. Ýazyjy diňe haýwanlar ýa-da janly-jandarlar barada hekaýa ýazman, eýsem, käbir täsin häsiýetli deň-duşlaryňyzyň bolşuny hem hekaýa geçiripdir. Şonuň üçin hem ondaky hekaýalaryň köptaraplydygy bilen ünsüňizi özüne çekjekdigine ynandyryp bileris. Bary-ýogy 30 sahypadan gowrak kitapda 15 hekaýa dagy bar. Gysgajyk we gyzykly hekaýalar siziň tomusky dynç alşyňyzy öz dünýäsine alyp gitse gerek.

Edebi miras

Ahmet GURBANNEPESOW Kiçi oglum hüwdülenende göçüren goşgym

Watan topragy — derdiň dermany

Taryhda uly orun eýeleýän meşhur serkerdeleriň ömür ýoly baradaky ýazylanlar hem olaryň watansöýüjiliginiň beýik nusgasyny aýan edýär. Jelaleddin Türkmeniň ady hem bu töwereklere giňden ýaýrandyr. Ol merdana, batyr, gaýratly we edenli türkmen serkerdesidir. Bir gezek söweşde serkerde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe em etseler-de, gutulybermändir. Şonda serkerde başyny galdyryp:

Magtymguly, öwüt bergil söz bile

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köpetdagyň seleňläp, gol ýaýyp oturan eteginde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy mynasybetli açylan «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumyna baryp, Gündogaryň beýik danasynyň heýkelini synlap durşuňa, onuň kalbyňa mähir mukamy bolup ýazylan goşgy setirleri seriňe dolýar. Sebäbi şygyrlaryň her setiri filosofiki pikirlere, öňdengörüjilige, pähim-paýhasa, nesihatdyr wesýetlere baý. Ajaýyp heýkele tagzym edip durşuňa, çagalyk döwrümizde dana şahyryň şygyrlaryndaky parasatly pikirleri, öwüt-ündewleri pederlerimiziň aňymyza guýuşlary, käbir adamlaryň söz ussadynyň ähli şygyrlaryny ýatdan bilişlerine haýran galyşymyz biygtyýar göz öňüňe gelýär. Şol ýyllarda eşiden gürrüňleriň aň eleginde elenene dönýär. Olary töwerek-daşyň bilen paýlaşmaga howlugýaň. Magtymguly atamyzyň şygyrlarynyň üsti bilen öňe süren pikirlerini içgin öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, olary daşary ýurt diline terjime edip, uzak ülkelerdäki dostlarymyza ýetirmegi, ony dünýä ýüzüne ýaýmagy maksat edinen ynsanlaryň biri-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Romanguly Mustakowdyr.

Magtymguly hakynda söhbet

Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň altynjy arkasy Ata işan Muhammedi Annagurban ahun, onuň ogullary — şahyryň ýedinji arkasy Gara işandyr Aba işan Muhammedi Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetdeş bolup, beýik akyldarlaryň ömrüne-döredijiligine degişli maglumatlary toplamak bize miýesser etdi. Bu işlerimiz häzirki günlerde hem dowam edýär. Ýaňy-ýakynda Aba işan bize agasy Gara işanyň ömrüniň 35 ýylyny sarp edip, halk arasyndan Magtymguly Pyragy hakda toplan maglumatlarynyň käbirini gürrüň berdi.

Köňül içre ýagşy niýet

Ynsan durmuşyny ýagşylyklar bezeýär. Ýagşylyk etmek, durmuşda haýsydyr bir sebäp bilen kyn ýagdaýa düşen ynsanlary goldamak, ýardam etmek bu biziň ata-babadan gelýän häsiýetlerimiziň biri. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Elden gelen ýagşy işiň bolmasa, Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr» diýýär. Eýsem, durmuşda kimdir birine ýagşylyk etmek üçin hökman egniň «adatdan daşary gahrymanyň» eşigini geýen adam bolmagyň geregi ýok. Ýagşylyk etmek üçin ýaş tapawudam gerek däl, gazanjyň hem durmuşda tutýan ornuň hem hökman däl. Iň esasy ynsanlara we ýakynlaryňa zerur wagty kömek bermegi, ýaşaýan dünýämizi az-kem bolsa-da ýagşylyklar bilen gözelleşdirmegi başarmakdyr. Deňiz suwunyň damjalardan emele gelşi ýaly, ýagşylyklar hem kiçijik, owunjak ýagşylyklardan kemala gelýär. Biz gündelik durmuşymyzda şeýle ýagşylyklaryň ýüzlerçesine gabat gelýäris ýa-da ony dost-ýarlarymyzdan eşidýäris. Geliň, onda ýagşylyklar dünýäsine seýil edeliň.

Sowal

Çaga diýeniň beýle soranjaň bolýan eken. Bir soragdan sypsaň ikinjisini, onsoň üçünjisini, dördünjisini... aý garaz, şol sorag baryny ýagdyryp gidip otyr. Özem jogabyňdan hiç kanagatlanmaz. Barmajygyny agzyna sokup, gözleri bilen soraga öwrülip, şol ýüzüňe seredip durandyr. Berýän soraglary käte aljyradyp barýar. Çaga diýjeksiň weli, seniň beýläňden gelip, bilmeýäniňe müýnürgemeli edip dur, asyl käte. Käbir berýän soraglarynyň jogabyny biljek bolsaň, uzakly gün pikirlenip ýörmeli. Göräýmäge berýän sowallary bir görseň-ä çylşyrymly ýaly, bir görseňem juda ýönekeý ýaly, bir görseň bir sözde jogap tapyp boljak, bir görseňem näçe ýaňrasaň-da jogabyňdan kanagatlanmajak ýaly bolup dur. «Näme üçin gündiz Gün dogýar?», «Menem siz ýaly uly bolarmykam?», «Näme üçin ýyldyzlar şeýle köp bolsa-da, Gün ýaly ýalbyrap duranok?». Bir gün jaýyň daşyny agardyp ýörkäm, oglum bir ýerlerden haýdaşlap geldi. Durup-durmanam sowal ýagdyryp başlady:

Obam (oýlanma)

Eziz obamyň ýakymly, salkyn şemally säheri, asuda gijesi, onuň mähriban adamlarynyň ýüz keşbi gaýta-gaýta hyýalymda janlanýar. Çagalygymyň geçen ýerlerine gaýybana syýahat edýärin. Ýaşlygymyň süýji ýatlamalary meni hyýalymda ýene göbek ganym daman topraga, eziz obama, mähriban ýaýlama dolaýar. Göwnüme bolmasa, çagalygymyň aýak yzlary obamyň gumaksy ýollarynda heniz-henizlerem saklanan ýaly. Anha, okamagy, ýazmagy öwreden, durmuşyň ak ýollaryna ak pata beren mekdebim otyr, obanyň bir gyrasynda. Bilim-terbiýe berip, edep-ekram öwreden mähriban mugallymlarym ýaşaýar, eziz obamda. Topragynda ezizlerimi, pederlerimi penalap oturandyr, mähriban obam. Önüp-ösen ojagym, her wagt doganjyklarymy bir saçagyň başyna jemleýän düýp öýüm, garry öýüm bar, obamda. Syr alşyp, syr berşen deň-duşlarym, joralarym ýaşaýar, obamda.

Gazak edebiýatynyň kerwenbaşysy

Geçen asyrlarda ägirt uly döredijilik kuwwatynyň pajarlap ösmegine, köpasyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmak, ygrarly goňşuçylyk däpleriniň, umumy ruhy gymmatlyklaryň uly üstünliklere beslenmegine bimöçber goşant goşan söz sungatynyň wekilleriniň onlarçasy ýaşap geçipdir. Şolaryň biri hem gazak halkynyň akyldary Abaý Kunanbaýewdir. Gurply maşgalada kemala gelen dananyň hakyky ady Ybraýymdyr. Onuň «Abaý» adynyň manysy «örän ünsli», «üşükli» diýmegi aňladýar. Gazak halkynyň görnükli jemgyýetçilik işgäri, tanymal akyldary we meşhur söz ussatlaryň kerweniniň ilkinji wekili hasap edilýän Abaý Kunanbaýew 1845 — 1904-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçýär. Häzirki zaman gadymy we köp žanrly gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy, iň öňdebaryjy döwlet, jemgyýetçilik işgärleriniň biri bolan Abaý Kunanbaýew Semipalatinsk şäherindäki Ahmet Reza adyny göterýän medresäni we ýerli rus mekdebini üstünlikli tamamlaýar. Ol bu okuw jaýynda dürli dillerdäki golýazmalary, hatdatçylyk ýazuwlaryny okamakda, jiltlemekde, sözleýşiň köpdürli orta asyr medeniýetiniň hazynalarynyň, folklor miraslarynyň, türkmen, gyrgyz, özbek, uýgur, tatar, rus we ýewropa halk hünärmentçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň aýratynlyklaryny kämillik bilen çuňňur, düýpli özleşdirmekde, taryhy, edebi-çeperçilik miraslaryň görnüşlerini, ygtybarly we nepis ýazuw ýadygärliklerini, şahyrana sýužet ýordumlar

Dymma

Geçen asyryň segseninji ýyllarydy. Işe ýaňy başlan döwürlerimde bir tanşym: — Dost, aýtsana, seniň üçin ýanýoldaşyň bir diýeniňe ikini gaýtaryp duran, dogumly bolany gowumy ýa-da dymma bolsa gowumy? — diýip sorady. Meniň bolsa ýaňy öýlenen günlerimdi. Onuň haýsynyň gowudygyna entäk doly göz ýetirip ýetişemokdym. Onda-da meniň göwnüme dymmarak bolsa kem däl ýaly bolansoň:

Şygryýet

Şeker HUSEÝINOWA

Ýagşy söz dünýäni gezýär

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). — Uzaga şaýlandyňyzmy?

Halk söýgüsin gazanan şahyr

Türkmen topragy dünýä nusga bolan alymlaryň, ýazyjylaryň, beýik danalaryň kemala gelen mukaddes topragydyr. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň biri Magtymguly Pyragy manyly ömrüni türkmen halkynyň agzybirligi, erkinligi ugrundaky göreşe bagyşlapdyr. Akyldar şahyr özüniň döredijiliginde watançylyk meselesini, halkyň durmuş ýagdaýyny has giň şöhlelendirýär. Ol öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazandy. At-owazasy dünýä dolan beýik şahsyýet boldy. Türkmen halkynyň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täjine deňelen Magtymgulynyň döredijiligindäki watançylyk, parahatçylyksöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň waspy asyrlary aşyp, biziň bagtyýarlyga beslenen döwrümize mizemez ruhy tereňligi bilen gelip ýetipdir. Bu eserler halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýrapdyr. Häzirki wagtda türkmen alymlary we edebiýatçylary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde uly işleri alyp barýar. Şahyryň şygyrlary çap edilip, halkymyza ýetirilýär. Dünýäniň dürli dillerine hem terjime edilýär. Şahyryň pähime ýugrulan goşgulary döwürlere paýhas nuruny saçýar. Häzirki döwürde şahyr has-da sarpalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda şeýle setirler bar:

Datly miweli daragt

Bagtyýar geljegiň özeni ylym-bilimde, asylly edep-terbiýede. Ylym — hiç wagt solmaýan täze lybas. Ylym bilen ösüş, kuwwatlylyk, dünýägaraýyş, medeni gatnaşyklar kemala gelýär. Bir akyldar: «Eger-de seniň ýaşaýyş-durmuş aladaň bary-ýogy bir ýyllyk bolsa, onda bugdaý ek. Ýok, ol aladaň bäş-on ýyla niýetlenen bolsa, onda miweli, ir-iýmişli bag ek. Eger seniň aladaň has uzagyndan bolsa, onda ýaşaýyş dowamat dowam bolar ýaly, nesliňe mynasyp terbiýe ber, ony bilimli-ylymly, hatly-sowatly et. Bilimli nesliň ruhy baý bolýandyr. Bu daragt ebedidir. Ylym-bilim altyndan gymmat» diýenmişin. Bu tymsalyň hikmeti bagtyýar ýaşaýşyň özeni bolan ylmyň, bilimiň, edep-terbiýäniň ebediligidir. Islendik hünäriň esasy öwrenmekdir. Öwrenmegiň ýeke-täk ýoly bolsa tejribedir. Akyldarlaryň biri: «Zehini, bilimi we zähmete söýgüsi bolan adam üçin päsgelçilik ýokdur. Esasy zat wagtyňy ähmiýetli zada sarp etmekdir» diýipdir. Ylma yhlasly zähmet siňdirilse, adamyň bagtyýar durmuşy şöhratlanýar. Il içinde: «Ynsana berlen kyrk gylygyň serdary paýhasdyr, edepdir, ýöne ol hem zähmete, tejribä mätäçdir» diýlen pähim bar.

Şygryýet

Pyragynyň öňünde Manysyna düşündim men heýkeliňMagtymguly Pyragynyň öňünde.Unut, göwnüm, dünýäniň dem şeýkelin,Magtymguly Pyragynyň öňünde.