Gazak edebiýatynyň kerwenbaşysy

2 Awgust 2024
251

Geçen asyrlarda ägirt uly döredijilik kuwwatynyň pajarlap ösmegine, köpasyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmak, ygrarly goňşuçylyk däpleriniň, umumy ruhy gymmatlyklaryň uly üstünliklere beslenmegine bimöçber goşant goşan söz sungatynyň wekilleriniň onlarçasy ýaşap geçipdir. Şolaryň biri hem gazak halkynyň akyldary Abaý Kunanbaýewdir. Gurply maşgalada kemala gelen dananyň hakyky ady Ybraýymdyr. Onuň «Abaý» adynyň manysy «örän ünsli», «üşükli» diýmegi aňladýar. Gazak halkynyň görnükli jemgyýetçilik işgäri, tanymal akyldary we meşhur söz ussatlaryň kerweniniň ilkinji wekili hasap edilýän Abaý Kunanbaýew 1845 — 1904-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçýär.

Häzirki zaman gadymy we köp žanrly gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy, iň öňdebaryjy döwlet, jemgyýetçilik işgärleriniň biri bolan Abaý Kunanbaýew Semipalatinsk şäherindäki Ahmet Reza adyny göterýän medresäni we ýerli rus mekdebini üstünlikli tamamlaýar. Ol bu okuw jaýynda dürli dillerdäki golýazmalary, hatdatçylyk ýazuwlaryny okamakda, jiltlemekde, sözleýşiň köpdürli orta asyr medeniýetiniň hazynalarynyň, folklor miraslarynyň, türkmen, gyrgyz, özbek, uýgur, tatar, rus we ýewropa halk hünärmentçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň aýratynlyklaryny kämillik bilen çuňňur, düýpli özleşdirmekde, taryhy, edebi-çeperçilik miraslaryň görnüşlerini, ygtybarly we nepis ýazuw ýadygärliklerini, şahyrana sýužet ýordumlaryny, gymmatlyklary toplamakda we olary täzeçe, milli gözýetimler bilen öwrenmekde, ösdürmekde Abaý Kunanbaýew pikir ýörediş ukyplary, aýratyn zehinliligi, üşükliligi, erjelligi,  ymtylyşlary we ezberligi bilen talyp deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başarypdyr. Şahyryň çeperçilik ylhamynyň baýlaşmagyna, sagdyn we köptaraply poeziýa ussatlygynyň kemala gelmegine, jemgyýetçilik-syýasy we medeni dünýägaraýşynyň kämilleşmegine Aristoteliň, A.S.Puşkiniň, L.N.Tolstoýyň, M.Ýu.Lermontowyň, I.A.Krylowyň, F.Dostoýewskiniň, N.G.Çernyşewskiniň, I.W.Gýotäniň, J.G.Baýronyň, A.Dýumanyň, Ferdöwsiniň, Nyzamynyň, Fizulynyň, Abu Aly ibn Sinanyň, Alyşir Nowaýynyň we Magtymgulynyň dürli many öwüşginli, mazmun şireliligi, özboluşly stilistik goýazylygy, özüneçekiji, hyjuwly, jadyly we hakyky watançylyk duýgularynyň, zehin gözlegleriniň hikmetleri, döredijilik dünýäleri güýçli täsir edipdir.

Dädebaý PÄLWANOW,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.