Hususy pudakda täze önümçilikler
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ajaýyp güýz gününde uludan bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde ýurdumyzyň hususy pudagynda gazanylanlara aýratyn orun berildi. Türkmen telekeçileriniň diwarlyklaryny ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply azyk, senagat we gurluşyk önümleri bezedi. Esasan-da, ol ýerdäki eýjejik gölejikler hemmäniň ünsüni çekdi. Gözegçi hünärmen gölejikleriň biriniň adynyň Näzli, beýlekisiniň Ajapdygyny aýdyp, sergä gatnaşanlaryň gyzyklanmalaryna höwes bilen jogap berýärdi. Gölejikleriň pasportynda doglan senesi, gulak belgisi, doglan wagtyndaky agramy, tohumy, şeýle-de ady görkezilipdir. Olar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp ussat — halal önümler» hojalyk jemgyýetine degişli bolup, daşary ýurtlardan getirilen simmental we golşteýn tohum mallaryň neslinden eken. Bu barada, şeýle-de hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan beýleki işler dogrusynda hünärmen Meýlisguly Saryýew: — Dünýä ýurtlarynyň ösen maldarçylyk fermalary bilen özara hyzmatdaşlyk saklamaga, alyş-çalyş etmäge döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, daşary döwletlerden tohum mallary satyn alyp, türkmen topragynda idetmegi ýola goýduk. Türkmen topragynyň ajaýyp howasy, talaplara laýyklykda edilýän ideg işleri olaryň