Eksport ugurly önümler

8 Noýabr 2022
1246

Änew şäherinde hususy pudagyň wekillerine degişli önümçilikleriň ençemesi hereket edýär. Şolaryň hatarynda «besti» haryt nyşanly çaga lybaslaryny öndürýän kärhanany hem agzamak bolar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Esli» hojalyk jemgyýetine degişli bolan bu önümçilik kärhanasynyň işe girizilenine bir ýyldan gowrak wagt boldy. Muňa garamazdan kärhanada öndürilýän önümler uly meşhurlyk gazandy. Ol ýerde, esasan-da, 6 aýlykdan başlap, 14 ýaşa çenli çagalara niýetlenen lybaslaryň önümçiligi alnyp barylýar. Önümçilik bölüminde ornaşdyrylan, Ýaponiýanyň «Juki» kompaniýasynyň iň häzirki zaman tikin enjamlary we beýleki degişli tehnologiýalar dürli ölçegdäki we biçüwdäki lybaslary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Yhlas SAPAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni. SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar.