"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Mirasgäriň ýandepderçesinden

RYSGALYŇY SAT, RÖWŞEN AL... ýa-da yşyklandyryşyň gadymy görnüşleri

Gadymdan gelýän adat

Şatlyk-şowhuny çar ýana ýaň salyp, uludan tutulýan toýlarymyzyň esasy bezegleriniň biri göreşdir. Goýlan baýraklary almak ugrunda pälwanlar göreşiň berk düzgün-kadasyna eýerip, özara bäsleşýärler, şonda ähli märekäniň ünsi olara gönügip, toý şowhuny has-da artýar. Ogşuk, ikiýaşar duluç, öküz, göle ýaly uly mallary göreşe baýrak hökmünde goýýarlar. Toýlara ýakyn-alysdan pälwanlar çagyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda, oba-kentlerinde baýrak goýluşy tapawutly bolsa-da, toý göreşleriniň geçirilişinde umumylyklar köpdür. Göreş geçirmek üçin amatly, gumluk, ýumşak ýer saýlanyp, onuň daşynda tomaşaçylar tegelenip oturýarlar, ortada pälwanlara göreşmäge ýer goýulýar. Göreşi guramaçylykly geçirmek, ýeňijileri kesgitlemek üçin il-ulus tarapyndan hormatlanýan, göreşden başy çykýan adamlar emin saýlanýar. Eminler ortada gezip, göreşiň gidişine ýakyndan gözegçilik edýärler. Merkezi Garagumda ýerleşýän çarwa obalarynda öňden gelýän düzgüne laýyklykda, toý göreşine nähili görnüşli baýrak bolsa-da, dört-dörtden goýulýar. Aýdaly, mal, keçe ýa başga hili öý goşy baýrak goýulsyn, tapawudy ýok, şonuň sany dört bolmaly. Gymmatly baýraklar göreşiň başynda goýlup, dört tokly, dört çebiş tutmak öňden gelýän adatdyr. Baş baýraklardan daşary pul, keçe, haly, hojalyk esbaplary ýaly dürli görnüşli baýraklar göreşe goýulýar. Göreşmäge meýli bolan islendik höwesjeňe güýjüni synamaga mümkinçili

Pederlerimiziň çarwaçylyk ýörelgeleri

Gowkanyň we kakmajyň taýýarlanylyşy Bu barada etrabyň Şamahy obasynyň ýaşaýjysy Nartäç Maşadowa şeýle gürrüň berdi:

Miweli daragt

Bahar pasly özüniň ýaşyl begrese bürenen tebigaty, al-elwan gülleri, parç bolan läle-reýhanlary bilen owadan. Türkmen sährasyna kükräp gelen bahar pasly häzirki zaman türkmen şygryýetine ýaz şemalynyň mylaýymlygy, gülleriniň näzikligi we bahar howasynyň hoştaplygy duýlup duran goşgulary bilen girip gelen Miwe Tuwakbaýewanyň döredijiliginiň esasy gönezligidir. Şahyr zenanyň dürli döwürlerde neşir edilen «Sähra gyzy» (1981 ý.), «Sallançak» (1985 ý.), «Çöregiň tagamy» (1991 ý.) atly goşgular ýygyndylary okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Miwe Tuwakbaýewanyň özboluşly döredijilik ýoly bar. Şahyr söz bilen inçe duýgularyň suratyny çekýär. Şygryýet dünýäsi — bu duýguly dünýä. Oňa mähir-muhabbet gerek. Döredijilik üçin irginsiz gözleg, synmajak yhlas gerek. Söz, şygyr bu — nur. Şahyr onuň bilen ynsanlaryň köňül külbesini ýagtyltmaly.

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Myhmançylykda dörän saz Wiktor Uspenskiý 1927-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkmenistan boýunça ikinji saz-etnografik saparyna çykmak üçin Aşgabada gelipdir. Saparyň birinji böleginde Kerkiden Amyderýa boýunça aşaklygyna — Çärjewe çenli (häzirki Türkmenabat) gaýykly geçmek meýilleşdirilipdir. Sapara girmek üçin ähli zerur resminamalar taýýar edilipdir. Emma birdenkä, ol näsaglap, lukman oňa sapara gitmäge rugsat bermändir. Ol lukmana özüni bejerdip, Aşgabat töwereklerinde işlemäge mejbur bolupdyr. Hally bagşynyň, Amangeldi Gönibegiň, Täçmämmet Suhangulyýewiň hem-de Sary bagşynyň çalan aýdym-sazlaryny ýazga geçiripdir. Kerkä aprel aýynyň ortalaryna gelip, şäheriň Daýhanlar öýünde düşläpdir.

Arheologik tapyndylaryň täsin nusgalary

Ta­ry­hy­myz­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry, şol san­da sun­gat eser­le­ri ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar we ýa­dy­gär­lik­ler bu gün­ki gün­de ýaş ne­sil­ler üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­lyk ha­sap­la­nyl­ýar. Se­bä­bi eziz Wa­ta­ny­my­zyň iň ga­dy­my ýa­şaý­jy­la­ry il­kin­ji di­ni ynanç­la­ry­ny, ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni di­ňe sun­gat eser­le­ri­niň üs­ti bi­len be­ýan edip­dir­ler. Şol sun­gat eser­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­ler­den ta­py­lan ze­nan keşp­li heý­kel­le­r aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu ze­nan heý­kel­le­ri di­ňe bir bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den il­kin­ji ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň ýa­dy­gär­li­gi bol­man, eý­sem, iň ga­dy­my dö­wür­ler­de ila­tyň ze­nan­la­ra go­ýan hor­ma­ty­ny, me­de­ni­ýet­de, sun­gat­da ýe­ten sep­gi­di­ni şöh­le­len­dir­ýän ta­ry­hy çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ze­nan heý­kel­le­ri­ni ýa­sa­mak tä­ze daş asy­ryn­dan (bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki VII-VI asyr) göz­baş alyp gaýd­ýar. Olar şol dö­wür­de öz­bo­luş­ly sa­da gör­nüş­de ýa­sal­mak bi­len, çyl­şy­rym­ly di­ni dü­şün­jä­ni özün­de jem­läp­dir. An­tik eý­ýam­da bu ze­nan heý­kel­le­ri örän tä­sin be­ze­len gör­nüş­de çe­per­çi­lik ese­ri hök­mün­de be­ýan edi­lip­dir. Ylaý­ta-da, Ga­dy­my Mar­gia­na­dan beý­le­ki ta­pyn­dy­lar bi­len deň de­re­je­de ze­nan heý­kel

Halk hekaýatlaryndan

Beýiklik Bagban ýoluň gyrasynda almanyň nahalyny oturtdy. Ol baharda ýaşyl pyntyk çykardy. Soňam topragyň yssy mährini, Günüň ýyly çoguny sorup ösmäge başlady. Şeýde-şeýde kölegesi Gün bilen aýlanyp duran daragt boldy.

Mirasgäriň ýandepderçesinden

SYNYKÇY Öňräk tanyşlarymyň biri jaň edip: “Gadymy kesp-kärler barada ýazypsyň, näme, synykçy ýadyňa düşmedimi?” diýdi.

Haly — halkyň hakydasy

Pazyryk halysynyň müňlerçe ýyllyk taryhy halkymyz bu beýik sungatynyň adamzat durmuşyndaky ornunyň örän uludygyny aýan edýär. Halynyň taryhy bu senediň gymmatynyň ynsan durmuşy bilen baglydygyny görkezýär. Halynyň taryhy öwrenilende onuň diňe bir gelip çykyşy, nagyşlarynyň manysy, dokalyş tilsimleri bilen çäklenmek bolmaýar. Gadym döwürlerden bäri halyçylyk halkymyzyň maddy, ykdysady durmuşynyň bir pudagy bolup gelipdir. Halyçylyga önümçiligiň köp pudaklary gatnaşýar. Mysal üçin, saryja goýunlary ýetişdirýän çopanlaryň, ýüňi işläp, ýüp taýýarlaýanlaryň, boýagçylaryň, dokma senetlerini ýasaýan ussalaryň zähmeti bolmazdan, halyçylygy göz öňüne getirmek kyn. Haly taýýar önüm bolanyndan soň, onuň haryt hökmünde söwda dolanyşygyna çykarylmagynyň özi-de, halynyň maddy gymmatlyk hökmündäki ornunyň ýokarydygyny görkezýär. Gadym döwürlerde-de, häzirki wagtda-da el halysynyň maddy gymmatlyk hökmünde ykdysadyýetimizde, halkyň durmuşynda orny uludyr. Metbugat habarlaryna görä, diňe bir geçen ýylda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda 28 müň 560 inedördül metr el halylary we haly önümleri dokalypdyr. Olaryň 2 müň 495 inedördül metri eksport edilipdir. Halyçylyk pudagy telekeçiler tarapyndan hem ösdürilýär. Şeýle hem halyçylyk türkmenleriň gadymy senetleriniň biri hökmünde gelin-gyzlaryň öý hojalygynda giňden dowam etdirýän el hünärleriniň biridir.

Milli edep mekdebi

Halkymyzyň gözbaşyny iňňän irki döwürden alyp gaýdýan toý däp-dessurlary ata-babalarymyzdan we ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli edep mekdebidir. Bu ýörgünli däp-dessurlarda, esasan, il-günüň agzybirligini, birek-birege sylag-hormatyny berkitmek, maşgala abadançylygyny gazanmak ýaly mukaddes ýörelgeler öňe sürlüp, ýagşydan-ýagşy niýet-arzuwlar edilýär. Häzirki döwrümizde hem giň gerimde dowam etdirilýän bu milli ýörelgelerimiz şahandaz halkymyzyň asyrlarboýy owadanlyga, gözellige we ruhubelent ýaşaýşa bolan gatnaşygyny äşgär edýär. Gadymy döwürden bäri dowam edip gelýän milli toý däplerimize laýyklykda gyz durmuşa çykarylanda atasy ak pata berýär. Gyza pata berlende, köplenç, arzuw-islegler şahyrana, çeper söz bilen şeýle beýan edilýär:

Ömür-örküm aýdym bilen sazymdyr

Tanymal bagşy-sazandalaryň haýsy biriniň ömür ýoluna ser salsaň, olaryň köpüsiniň döredijiliginiň mekdep ýyllarynda hereket eden aýdym-saz gurnagyndan baş alyp gaýdýandygyna göz ýetirýärsiň. Lebaply onlarça bagşy-sazandalaryň sungatdaky ilkinji ädimleri hem mekdep ýyllaryndan gözbaş alýar. Mekdep gurnagyndan aýdym-saza imrigen sazandalaryň biri-de Allanazar Hudaýnazarow bolmaly. Ol ilkinji halypasy hökmünde mekdebiň aýdym-saz gurnagynyň ýolbaşçysy, mugallym Juma Annamämmedowy hormat bilen ýatlaýar. Medeni-köpçülik çärelerinde eden çykyşlary, bagşy Haýytly Mämmetdurdyýew bilen ýakyndan tanyş bolmagy onuň ykbalyny aýdym-saza baglaýar. Mandolina, skripka saz gurallarynda saz çalyp başlamagy onuň sungata bolan höwesini has-da artdyrýar. Skripkanyň gyjaga ýakynlygy Allanazarda şu milli saz guralyny çalmaga söýgi döredýär. Skripkanyň käbir basuwlarynyň, saz öwüşginleriniň gyjakda ulanylmagy sazyň labyzlylygyny artdyrýar.

Kak suwuny durlajak bolsaň...

Baharyň hoştap howaly günleriniň birinde, Garagum ýaýlasyna üç-dört bolup, ýeňil ulagda gezelenje çykdyk. Täzelikde çabga ýagyp, sährany suw-sil eden ekeni. Kaklar suwdan dolup, töweregindäki takyrlar köl bolup ýatyrdy. Birden uzakdan salgym göründi. Ýöne bizi gözümiz aldaman ekeni. Golaý barsak, salgymdyr öýdenimiz suw basan takyr bolup çykdy. Giň giden takyr köl bolup çaýkanyp ýatyrdy. Onuň ortasynda bolsa, bir süri ördekdir gaz ýüzüp ýördi.

Milli ýörelge — ömre görelde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wajyp wezipe hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkymyza wepaly, ylymly-bilimli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda aladalar edýär. Munuň üçin ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de bu işi amal etmekde şöhratly taryhymyzy öwrenmegiň hem tutýan ornuna uly baha berilýär. Çünki halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň durmuş ýoly, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri ýaş nesli Watana, il-halka wepaly, tutanýerli, maksada okgunly, arassa ahlakly, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň taryhy giňişleýin öwrenilip, ata Watanymyzyň at-abraýyny beýgelden görnükli şahsyýetlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Maddy gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldilip, olar ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny öwrenmekde ýaşlar üçin esasy çeşmeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärliklerimize gezelençler guralyp, ol ýeriň taryhy aýratynlygy, häzirki döwürdäki ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berilýär. Bu bolsa biz — ýaşlaryň ata-babalarymyzyň edim-gylymlaryny öwrenmegimiz, olaryň ýokary ahlak sypatlaryny özümizde terbiýelemegimiz üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar

Serdar şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan dokmaçy gelin-gyzlar hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň zenan ykbalyna ýetirýän täsirini, durmuşdaky ähmiýetini wasp etdiler. Wideoşekilleriň üsti bilen welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde el işlerinde ulanylýan gadymy we häzirki zaman nagyşlaryny görkezdiler. Şol nagyşlaryň döreýşi, gelip çykyşy hakynda gürrüň berdiler. Çeper elli zenanlar eminler tarapyndan tabşyrylan el işlerini ökdelik bilen ýerine ýetirdiler. Nagyşlaryň gadymy nusgalary bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary, rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary aýdyp berdiler. Zenan zehininden döreýän keşde-nagyşlarymyzyň gadymy nusgalaryny kämilleşdirmäge, arkama-arka dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimizi ýaş nesillere ýetirmäge giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Köneürgenç — rowaýatlar şäheri

Ýakynda biz «Köneürgenç» taryhy-medeni goraghanasynda bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen özboluşly taryhy-binagärlik ýadygärliklerimiz, olary öwrenmek, adamlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyk. Şonda Köneürgenç baradaky rowaýatlary toplamak bilen uzak ýyllardan bäri meşgullanyp gelýän mirasgär, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şöhrat Abdyýew bilen duşuşyp, söhbetdeş bolduk. — Şöhrat aga, sizi okyjylarymyz mirasgär hökmünde gowy tanaýarlar. Köneürgenç rowaýatlary bilen gyzyklanyp ýöreniňize köp wagt boldumy?

“Gelin ýöreýşi ýa-da Myrat haýran” sazy

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda halypa žurnalist Allaberdi Sapargeldiýew bilen salamlaşaly hem-de saglygyny soraly diýip barypdyk. Zanny ýumşak häsiýetli Allaberdi aga bizi güler ýüz bilen garşy aldy. Çaý-nahardan soňra köne tanyşlar — Mary etrabynyň Mülkburkaz geňeşliginiň ýaşaýjysy Togtagül Kaka gyzy bilen Allaberdi aganyň gürrüňleri alşyp gitdi. Şonda Allaberdi aga: —Togtagül, sen ýaşlykdan türkmeniň edep-ekramyna, däp-dessuryna degişli rowaýatlar bilen gyzyklanyp ýörsüň. Hany, şolardan birini gürrüň bersene — diýip, gürrüňdeşligi ugrukdyryp goýberdi. Öňdenem ýumşak häsiýetli, türkmeniň inçe sungatyna ýüregi bilen berlen, ata-babalarymyzyň döreden medeni mirasy bilen gyzyklanyp ýören Togtagül Kaka gyzy:

Yz çalmagyň inçe syrlary

Ýodalary yzlap, ýola ýetmegi nesillere pent edip ýaşaýan halkymyzyň arasynda yzçylyk sungaty aýratyn orny tutupdyr. Türkmen dessanlarynda we ertekilerinde bir kişiniň aýak yzyny yzarlap, onuň ýoldan haçan geçendigini, näme iýip-içendigini bilýän adamlaryň ugurtapyjylygy beýan edilýär. «Görogly» şadessanyndaky: «Öten kim bar, geçen kim bar, yz çalaly!» diýlen setirler türkmeniň yzçylyk sungatynyň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýanlygyna güwä geçýär. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» eseri esasynda surata düşürilen çeper film tomaşaçylara hödürlenilenden soň, köpler yzçynyň keşbini döreden Akmyrat Bäşimowyň hakyky adyny tutman, oňa «yzçy» diýip ýüzlenipdirler. Sebäbi belli artist bu keşbi döretmek üçin olaryň hereketlerini, özlerini alyp baryşlaryny içgin öwrenipdir.

Mirasymyzyň nepis nusgasy

Türkmeniň ak öýüniň duluny bezän gadymy horjunlar häzirki wagtda muzeý gymmatlyklarynyň hataryna girýär. Şol gymmatlyklary bir ýere jemlemek, aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek üçin adamzat muzeý diýilýän täsin dünýäni döredipdir. Ine, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu ýerdäki gymmatlyklary synlasak, geçen müňýyllyklara syýahat eden ýaly bolýarys. Şeýdip asyrlaryň ýaňyna gulak asyp ýörşümize, etnografiýa bölüminde has üýtgeşik ýakymly duýgular kalbymyza dolýar. Sebäbi bu ýerdäki gymmatlyklaryň hersi — giden bir hazyna. Şolaryň hatarynda gadymy horjunlar hem ünsümizi özüne çekýär. Bu medeniýet ojagynda horjunlaryň öýdüme görnüşi hem bar. Öýdüme horjunlar «gylyç» diýlip atlandyrylan gural bilen dokalypdyr. Olaryň nagşy, ýüpi beýleki horjunlaryňkydan ýogynrak bolýar.

Timar berse saçlaryna

Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna şamar saçlaryna timar bermek bilen bagly asylly ýörelgeleri we däp-dessurlary miras galdyrypdyrlar. Daralanda düşen saçlaryny salyp goýar ýaly «saçbukja» tikip beripdirler. Gyzlar akja mata ýazyp, saçlaryny darapdyrlar. Sähetli gün saçlaryny tuduň düýbüne gömüpdirler. Saçlar çem gelen ýere zyňlyp goýberilmändir. Şonuň üçinem nusgawy şahyrlarymyzyň wasp edişi ýaly, şana degende zülpleriň her tary başga-başga bolupdyr. Gyzlara saçbagy bilen saçlaryny örmek öwredilipdir. Saçbag saçyň tozman, ykjam saklanmagyna oňaýly täsir edipdir we gyzlaryň görküne görk goşupdyr.

Gopuzyň owazy şirin

Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky geçmiş taryhynda 70-den gowrak dürli saz gurallaryny döredipdir. Şeýle saz gurallarynyň biri bolan gopuzy örän arassa, saýlama demirden ýasapdyrlar. Etrabymyzyň Esgi geňeşliginiň ýaşaýjysy demirçi ussa Nurgeldi Joraýewiň aýtmagyna görä, eger gopuzy ýasap, onuň dilini gije daksaň, owazsyz, gündiz daksaň, goh-galmagally, daňdan — guşlaryň saýraýan säher çaglarynda daksaň, saýrak guş ýaly owazly bolarmyş. Gopuz belli bir ölçege eýe bolman, onuň ululy-kiçili görnüşleri bar. Möçberlerine görä, olaryň sesleri belentli-pesli bolýar. Bu saz guraly eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanylýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazyna kakylýar. Dutarda sese ýaň berýän onuň kädisi bolsa, gopuzda agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde owaz alynýar. Gopuzda her kim öz ussatlygyna, ýerine ýetiriş ukybyna baglylykda ýüzugra 5-6 ses bilen dürli sazlary çalmagyň hötdesinden gelip bilýär.