Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

16 Fewral 2021
1128

Myhmançylykda dörän saz

Wiktor Uspenskiý 1927-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkmenistan boýunça ikinji saz-etnografik saparyna çykmak üçin Aşgabada gelipdir. Saparyň birinji böleginde Kerkiden Amyderýa boýunça aşaklygyna — Çärjewe çenli (häzirki Türkmenabat) gaýykly geçmek meýilleşdirilipdir. Sapara girmek üçin ähli zerur resminamalar taýýar edilipdir. Emma birdenkä, ol näsaglap, lukman oňa sapara gitmäge rugsat bermändir. Ol lukmana özüni bejerdip, Aşgabat töwereklerinde işlemäge mejbur bolupdyr. Hally bagşynyň, Amangeldi Gönibegiň, Täçmämmet Suhangulyýewiň hem-de Sary bagşynyň çalan aýdym-sazlaryny ýazga geçiripdir. Kerkä aprel aýynyň ortalaryna gelip, şäheriň Daýhanlar öýünde düşläpdir.

Ören ATAKOW,
Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň medeniýet merkeziniň bagşylar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy