"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Arassa agyz suwunyň bolçulygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň tebigy gaz, elektrik energiýasy ýaly derwaýys serişdeler bilen bir hatarda, arassa agyz suwuna bolan isleginiň talabalaýyk kanagatlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, bu babatda öňde goýulýan wezipelerden ugur alýan welaýatymyzyň degişli edara-kärhanalarynyň işgärleri zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar barada «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Daşoguzşäheragyzsuw» müdirliginiň önümçilik-tehniki bölüminiň müdiri Allabergen Bazarbaýew şeýle gürrüň berdi: — Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere goşant goşmak müdirligimiziň işgärleriniň esasy aladasy bolup durýar. Şunlukda, olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti bilen her ýyl agyz suwunyň uly möçberleri öndürilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhanamyz boýunça 5463 müň kub metr arassa agyz suwunyň ilata ýetirilmegi-de şonuň netijesidir.

Haýyrly işiň rowaçlygy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşýan tejribeli bagbanlar, ata-babalarymyzyň gadymy bagbançylyk kärine höwes bildirýän ýaşlar welaýatymyzda az däl. Olaryň ýadawsyz zähmeti, yzygiderli gözlegleri netijesinde, çar tarapda miweli, saýaly baglar peýda bolup, ýylyň-ýylyna bereketli hasyl getirýär. Boldumsaz etrabynyň Babadaýhan geňeşliginiň Daýhanazat obasynda ýaşaýan Rozumbaý Orazbaýewi hem şeýle bagbanlaryň biri hökmünde görkezmäge doly esas bar. Sebäbi ol indi köp ýyllardan bäri bag ýetişdirmekde tanalýar. Şoňa görä-de, bu ýaşuly il arasynda ökde bagbanlara bolan uly hormat-sylagdan peýdalanýar. Elbetde, bagban hakynda gürrüň etmek şeýle kyn däl. Çünki onuň öz käri bilen baglanyşykly eden işleri, kemala getiren baglary göze görnüp dur. Hatar gurap oturan miweli, saýaly agaçlary synlap, zähmetsöýer bagbanyň eliniň yzlaryny duýmak bolýar. Rozumbaý bagbanyň bagyna girseň hem bu şeýle. Sebäbi meýdany gaty bir uly bolmasa-da, bu ýerde ösýän agaçlar görnüşiniň, düýp sanynyň köpdügi, şahalarynyň, daş-töwereginiň timarlylygy bilen ünsi çekýär. Şonuň bilen birlikde-de, bagda biziň golaýlarymyzda seýrek duş gelýän daragtlaryň hem bardygyna gözüň düşýär.

Täze hasylyň aladalary

Depgin ýokary Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri ýaz ekişi üçin 17 müň 500 gektar meýdanda sürüm işlerini geçirmegi meýilleşdirip, häzirki wagtda bu işi soňky gektarlarda alyp barýarlar. Olar gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde tekizleýiş, geriş çekmek ýaly agrotehniki çäreleri hem degişli talaplara laýyklykda ýerine ýetirýärler.

Daýhandan hereket – ýerden bereket

Rysgal-berekede baý boljak Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary hem gowaçanyň, bugdaýyň, şeýle-de dürli bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günlerden alada edýärler. Häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Belent sepgitleri nazarlaýan Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda welaýat boýunça 13 müň gektardan 16 müň tonna pagta hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Halal zähmetden bagt tapan

Baýramaly etrabynyň Guşlyoba geňeşliginiň ýaşaýjysy Baýramdurdy Mommaýew il arasynda halal zähmeti, nusga alarlyk durmuş ýoly bilen uly hormatdan peýdalanýan ýaşuly hökmünde tanalýar. Ol özüniň kärendesine alan ekin meýdanyndan bol hasyl almagy başarýar. Şeýle-de, özüniň 3 gektara golaý kärende ýerinde dürli baglary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Onuň bagynda miweleriň irki we giçki ýetişýän, zyýankeşlere garşy durnukly bolan baglaryň 15 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ol özüniň ýetişdiren miweleri bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşandyny goşýar. Zähmet çekmekden we özüniň iş tejribesini öwretmekden ýadamaýan bu daýhan baglardan bol hasyl almagyň, täze sortlary döretmegiň syrlaryny ýaşlara öwredýär. Tejribeli bagbanyň bagynda Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, etrabyň 2-nji orta mekdebiniň hünär okuw mugallymlary talyplar we okuwçylar bilen tejribe sapaklaryny geçýärler. Häzirki wagtda ýaş nahallara ideg etmek, olaryň göçüriljek ýerlerini taýýarlamak, baglarda gyşky ideg işlerini geçirmekde köp işler alnyp barylýar.

Möwsüme birkemsiz taýýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Akdepe etraby iri pagtaçylyk hojalyklaryň biri hökmünde tanalýar. Etrapda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň gowaça ekişi möwsümini hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen garşylamak ugrunda aladalanylýar. Häzirki wagtda Akdepe etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda sürüm traktorlarynyň 86-sy, derman pürküjileriň 53-si, gowaça ekijileriň 42-si, azallaryň 115-si, pluglaryň 115-si, çizelleriň 33-si, kultewatorlaryň 71-si bolup, olaryň hemmesi ekiş möwsümine birkemsiz taýýar edildi.

Tehnikalara hyzmat

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň hasyl ussatlary bol pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, täze hasylyň düýbüni tutmak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň belleniljek ýylynda etrabyň hasyl ussatlary 20 müň 400 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Ýerleri ýaz ekişine birkemsiz taýýarlamak üçin etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen daşary ýurtlardan satyn alynýan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanyp, ýerleri sürmek, endigan tekizlemek işlerinde traktorlaryň 57-si iki çalşykda işledilýär. Olaryň öndürijilikli işlemekleri üçin Tehniki hyzmat ediş kärhanasy tarapyndan iş üstünde hyzmatlar ýola goýulýar.

Oty köpüň — maly dok

Öňde goýlan wezipelere üstünlikli hötde gelmek maksady bilen iş alyp barýan maldarçylyk hojalygymyzyň hünärmenleri, çopandyr çoluklary gaýratly işleýärler. Hojalygymyza degişli bolan dowarlar Garagumuň giňişliklerinde ýerleşen Kyrkguýy, Damla, Gyzyljaburun we başga-da birnäçe ýerleriň oty, suwy ýeterlik bolan öri meýdanlarynda çopanlarymyzyň gaýratly zähmeti netijesinde talabalaýyk bakylýar. Ýeri gelende aýtsak, maldarçylyk hojalygymyzda gara mallaryň 500-si, dowarlaryň 37 müň 689-sy, düýeleriň bolsa 2 müň 694-si bolup, olar talabalaýyk idedilýär. Mallaryň gyşladyljak ýataklarynda, öri meýdanlarda kaşarlaryň hem-de agyllaryň abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegi dowarlaryň dok we ýyly gyşladylmagyna şert döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda göreldeli zähmet çekmäge, mallaryň baş sanynyň köpeldilmegine, olardan alynýan önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hojalygymyzyň maldarlary köp sagbolsunlary aýdýarlar. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan döwletli işleriniň ählisi rowaç alsyn!

Sübselik jöwen

Halkymyzda azyklyk, ot-iýmlik, bezeg ösümlikleri bilen birlikde hojalyk hajatlary üçin hem ösümlikleriň ençeme görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olara mysal hökmünde suw, sürteç kädilerini, sübselik jöweni, mekgejöweni we beýlekileri görkezmek bolar. Hojalyk, durmuş hajatlary üçin biziň günlerimizde ekilýän şeýle ekinleriň biri hem sübselik jöwendir. Sübselik jöweniň oty mallar üçin iýmit hökmünde ulanylsa, uzyn bogunly, seçelenip duran başyndan öýleri, howlyny süpürmek üçin sübse ýasalýar.

Burýatiýaly daýhanlaryň üstünligi

2023-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň gündogarynda ýerleşýän Burýatiýa Respublikasynyň taryhynda ekerançylyk meýdanlaryndan iň ýokary görkezijili bol hasyl alyndy. Şeýlelikde, ýeralmanyň her gektaryndan alnan hasyl 150 sentnere, açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirilen gök ekinler 314,1 sentnere deň boldy. Şeýle hem et we et önümlerini öndürmekde bu respublika Russiýada 7-nji orny, Uzakgündogar federal okrugy boýunça 1-nji orny eýeleýär. Bilermenler Burýatiýada ýetilen üstünlikleriň sebäbini ülkede oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwrebap maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi, şonuň ýaly-da, oba hojalyk işgärleriniň, fermerdir daýhanlaryň maksada ýetmek üçin yhlasly zähmet çekýändikleri bilen düşündirýärler.

Älem giňişliginden gelen ýeralmalar

Hytaýly alymlaryň kosmiki giňişlikde ýokary hilli, üýtgeşik hasyl almak hem-de ekmek üçin iberen ýeralmalary 5 aýdan soň Ýere gaýdyp geldi. Älem giňişligindäki gäminiň bortunda ýörite küýzejiklerde ösdürilip ýetişdirilen bu ýeralmalaryň klubenlerinde genetiki taýdan täze alamatlaryň ýüze çykandygyny ýa-da çykmandygyny, şeýle hem kesellere durnuklylygyny, irbişekligini barlamak üçin ýörite barlaghanalarda synagdan geçirilýändigini Hytaýyň ýeralma tehnologiýasy boýunça Şandu innowasion merkeziniň direktory Çžan Linhaý gürrüň berýär. Hytaýda şeýle synaglar 1987-nji ýyldan bäri geçirilýär we älem giňişliginde ösdürilip ýetişdirilen ekinlerden oňat netije hem gazanylýar. Şol ekilýän ekinleriň arasynda şaly, bugdaý, pomidor ýaly azyk ekinleri hem bar.

Täze hindi çaýy ekologiýa taýdan arassa bolar

Hindistanda şu ýyldan başlap, çaý ösdürip ýetişdirmekde mör-möjeklere garşy ulanylýan himiki serişdeleri, şol sanda pestisidleri gadagan etmek barada karara gelindi. Bu barada AgroXXI habar berýär. Öň bu ýurtda çaý ekinini ösdürip ýetişdirmekde zyýankeşlere garşy pestisidleriň 20-ä golaý görnüşi ulanylýardy. Olary aradan aýyrmak ýa-da öňküsinden az ulanmak sarp edijiler ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün ediler. Durmuşa geçiriljek bu özgertmäniň çaýyň hiliniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigine ýurduň Çaý birleşiginiň ýolbaşçylary hem-de çaý öndürijiler berk ynanýarlar

Gektardan 8 tonna

Nigeriýanyň federal maglumatlar agentliginiň habar bermegine görä, afrika ýurtlarynda şalyny ösdürip ýetişdirmäge hem-de gaýtadan işlemäge örän uly üns berilýär. Ýurduň oba hojalygy we azyk howpsuzlygy ministri Abubakar Kýari Nigeriýanyň Suleja şäherinde kuwwatlylygy her günde 200 tonna şalyny üwemäge niýetlenen degirmeniň ýakyn wagtda açylyp, ulanylmaga beriljekdigini aýdýar. Nigeriýaly fermer-daýhanlar şalynyň örän ýokary hasyl berýändigi bilen tapawutlanýan «Gawal – 1» sortunyň tohumyny ekmek üçin ekerançylyk ýerlerini giňeltmäge taýýarlyk görýärler. Şalynyň her gektardan 8 tonna hasyl berýän bu sortuny nigeriýaly alymlar oýlap tapdylar.

Çarwa durmuşyndan parçalar

Gum obalarynda tazylar aw awlamakda ulanylýar. Muňa garamazdan, olaryň hemmesi awa türgen bolmaýar, eger tazynyň öňi belent, ardy pes bolsa ol aw etmäge türgen bolmaýar. Tersine, öňi pes, ardy belent bolup, bykyny näçe inçe bolsa, ol tazy awa türgen bolýar. Awçylaryň «Ýedi ädim böken tazy keýik alar» diýýän tazysy şeýle ýyndam tazylaryň tohumyndandyr. * * *

Bol hasylyň düýbi tutulýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly ösüşleriň, ajaýyp hem-de göwünlere ganat bagladýan özgerişlikleriň ýyly boldy. Güneşli Diýarymyzyň oba hojalygy pudagynda hem uly öňegidişlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň topragyň hasyllylygyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň netijesinde halk hojalygy üçin juda ähmiýetli bolan pagtaçylygy we ekerançylygy ösdürmekde daýhanlara ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan, dökünden, ýokary hilli saýlantgy tohumlardan bökdençsiz peýdalanmak üçin ähli ýeňillikler döredildi. Şu günlerde welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda üstümizdäki ýylyň hem berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň ýene-de bir netijeli tapgyry bolmagy ugrunda degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu işe kärendeçi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak biziň birleşmämiziň hünärmenleriniň hem esasy wezipesi bolup durýar. Şuňa laýyklykda häzirki günlerde ýerlerde bolup, ilkinji guramalarymyzyň ýolbaşçylary bilen birlikde kärendeçi daýhanlaryň arasynda wagyz-ündew çärelerini guraýarys. Çärelerde ak ekinleriň hasylynyň düýbüniň berk tutulmagynyň biziň ertirimiziň has nurana, durmuşymyzyň has bagtyýar boljakdygyna ynam döredýändigi barada gürrüň edilýär. Döwlet tarapyndan ýer eýelerini höweslendir

Iri kärhanadaky netijeli işler

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda ýurdumyzyň ekerançylaryny ýokary hilli fosforly mineral dökünler bilen üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Himiýaçylar geçen ýyly hem zähmet üstünliklerine beslediler. Tamamlanan ýylda mineral dökünleriň 270,5 müň tonnasy öndürilip, degişli meýilnama berjaý edildi. Öndürilen kükürt kislotasy bolsa 94,4 müň tonnadan gowrak boldy. Şeýle üstünlik önümçilik bölümlerinde işleriň ýokary sazlaşykly guralmagy, çig mallar bilen üpjünçiligiň gowulandyrylmagy arkaly gazanylýar. Islendik önümçilikde adam esasy güýç bolup durýar. Işgärleriň bilelikde, agzybirlik bilen çekýän zähmeti umumy üstünligi kepillendirýär. Olar hakda alada etmek, hak-hukuklaryny goramak, ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmak, howpsuz iş şertlerini döretmek ýaly möhüm meseleler kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Kärhananyň ilkinji guramasy özüne agzalaryň 1330-dan gowragyny birleşdirýär. Bu uly güýji öňde durýan jogapkärli wezipeleri berjaý etmäge gönükdirmek maksady bilen netijeli çäreler alnyp barylýar. Şeýle-de köpçülikleýin şertnamada bellenilenleriň doly berjaý edilmegini gazanmak gündelik üns merkezinde saklanylýar. Bu mesele häzirki günlerde dowam edýän hasabat ýygnaklarynyň gün tertibine hem girizildi. Umumy maksatlara abraý bilen ýetmek üçin kärhananyň ýolbaşçylygy bilen bilelikde hereket edilmegi

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy azyk bolçulygynyň ykdysady kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk ekinleri bolan däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, gök ekerançylyk, miweçilik, bakjaçylyk, şol sanda üzümçilik, bagçylyk ýaly ekinler halkymyz üçin esasy azyk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hil derejesini ýokarlandyrmakda, ekologiýa taýdan arassa azyk bolçulygyny döretmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Agrosenagat pudagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýar. Oba hojalygynda tohumçylyk işini alyp barmak, ekerançylyga edilýän agrotehniki idegleri kämilleşdirmek, suwaryş ulgamynda täzeçil usullary synagdan geçirmek, durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini has hem kämilleşdirmek pudagyň işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ileri tutulýan bu ulgamda sebit we halkara, mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giňelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutýan ugurlary oba hojalygynda azyk bolçulygyny üpjün etmekden hem-de eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam berýän giň gerimli işleri döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Soňky ýyllarda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bil

2023-nji ýylda Türkiýäniň pomidor eksporty 43 göterime golaý ýokarlandy

2023-nji ýylda Türkiýäniň pomidor eksporty ozalky ýyl bilen deňeşdirilende, 42,8 göterim ýokarlanyp, 538,7 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada «Baazar Times» habar berdi. Günorta-Gündogar Anadolynyň Eksport edijileriniň assosiasiýasynyň (GAIB) maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Türkiýe 54 ýurda umumy bahasy 377,19 million amerikan dollarlyk pomidory eksport edipdi.

Täjigistan 178 müň tonna oba hojalyk önümlerini eksport etdi

Täjigistan 2023-nji ýylda 178 müň tonna oba hojalyk önümlerini daşarky bazarlara iberdi. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 13 müň tonna azdyr. Ýurduň oba hojalyk eksportynyň azalmagynyň esasy sebäbi ýylyň başyndaky aşa sowuk howa bolup, şol aýaz ýurtdaky üzüm hasylynyň 60 göterim azalmagyna getirdi. Täjigistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Eksport agentliginiň maglumatlaryna görä, geçen ýylda ýurduň daşarky bazarlara iberen miweleriniň 83,3 müň tonnasy gury iýmişler, 27 müň tonnadan gowragy ter miwelerdir.

Bugdaý maýsalary tolkun atýar

Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly üstünliklere beslemek üçin irgözinden işe girişdiler. Pagta we bugdaý taýýarlamakda mydama öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan bu hojalykda geçen güýzde 1125 gektara bugdaýyň «Alekseiç» sorty ekilip, şu ýyl 3050 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Hojalygyň baş agronomy Begenç Kiçiýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: “Bugdaý tohumynyň Russiýadan satyn alnan bu görnüşi örän hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Idegini ýetirseň, ol 60 — 70 sentnere çenli hasyl berip bilýär. Şonuň üçin şu günler biz maýsalap tolkun atýan bugdaýly meýdanlary dökünlemek, suwarmak işlerini utgaşykly alyp barýarys” diýip gürrüň berdi.