Sübselik jöwen

16 Ýanwar 2024
570

Halkymyzda azyklyk, ot-iýmlik, bezeg ösümlikleri bilen birlikde hojalyk hajatlary üçin hem ösümlikleriň ençeme görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olara mysal hökmünde suw, sürteç kädilerini, sübselik jöweni, mekgejöweni we beýlekileri görkezmek bolar.

Hojalyk, durmuş hajatlary üçin biziň günlerimizde ekilýän şeýle ekinleriň biri hem sübselik jöwendir. Sübselik jöweniň oty mallar üçin iýmit hökmünde ulanylsa, uzyn bogunly, seçelenip duran başyndan öýleri, howlyny süpürmek üçin sübse ýasalýar.

Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.