"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap çemeleşmeler, halkara ykrarnamalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Morfologiýa merkezi açylyp ulanmaga berildi. Ministrligiň Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasy bu merkeziň düzüminde wajyp hem aýratyn ähmiýetli edara bolup, onuň esasy wezipeleri hukuk goraýjy we beýleki ýöriteleşdirilen edaralardyr guramalaryň işinde ýöriteleşdirilen bilime daýanyp, ylmy taýdan esaslandyryp, ýüze çykýan degişli meseleleriň takyk we dogry çözgüdini tapmakdan ybaratdyr. Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasy, köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesine laýyklykda, kazyýet-lukmançylyk bilermenlik işini ýokary derejede guramak we amala aşyrmak wezipesini ýerine ýetirýär. Şeýle hem bu düzüm Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kazyýet-lukmançylyk ylmy-bilermenlik ugry boýunça alypbaryjy edarasy bolmak bilen, degişli seljermeleri geçirmegiň hukuk binýadyny, ylmy-usulyýet üpjünçiligini, kazyýet-lukmançylyk bilermenlerini taýýarlamagy we hünärini ýokarlandyrmagy amala aşyrýar. Geçirilýän seljermäniň aýratynlygyna we çylşyrymlylygyna laýyklykda, bu edaranyň barlaghanalary häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilendir. Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ähli ba

Kadalary berjaý edeliň!

Gyş paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Witaminlere baý gök-bakja önümlerini köpräk iýiň! Olar bedeniň immunitetini ýokarlandyrmakda juda ähmiýetlidir.

Süýt önüm­le­ri­niň peý­da­sy

Tür­gen­le­riň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän­le­riň ka­da­ly iý­mit sa­na­wyn­da süýt önüm­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Çün­ki bu önüm­ler kal­si­niň, be­lok­la­ryň, wi­ta­min­le­riň köp bö­le­gi­ni özün­de jem­läp, iý­mit siň­di­ri­ji­lik gym­ma­ty bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Tür­gen­le­re tür­gen­le­şik iş­le­ri­niň äh­li dö­wür­le­rin­de süýt önüm­le­rin­den peý­da­lan­mak maslahat be­ril­ýär. Süýt, aý­ra­tyn-da, agyr at­le­ti­ka ýa­ly, köp güý­ji we zäh­me­ti ta­lap ed­ýän sport gör­nüş­le­rin­de myş­sa do­ku­ma­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gin­de äh­mi­ýet­li­dir. Ol dü­zü­min­de ka­li­niň hem-de nat­ri­niň köp­dü­gi­niň ne­ti­je­sin­de or­ga­niz­miň ne­mi­niň gu­ra­ma­gy­nyň, tür­ge­niň ajyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar, ar­tyk­maç ýag­lar­dan sap­lan­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Lukmançylykda öňdebaryjy tejribeler

Ýurdumyzda saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, türkmen lukmanlarynyň iş tejribesini, hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz guwandyryjy netijelerini berýär. Şunda lukman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlan halypa-şägirtlik ýörelgesiniň örän uly ähmiýeti bar. Golaýda Mary welaýat köpugurly hassahanasynyň endowaskulýar hirurgiýa bölüminde welaýatyň ýaşaýjylaryna ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan endowaskulýar usuly bilen geçirilen angioografiýa barlaglary we olaryň netijesinde ýürek damarlaryna stentirleme amallarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi-de munuň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Welaýat merkezlerinde hem şeýle çylşyrymly lukmançylyk amallarynyň üstünlikli geçirilmegi, halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alnyp, paýtagtymyzdaky döwrebap saglyk merkezlerinde bolşy ýaly, ýakyn geljekde ýurdumyzyň sebitlerinde-de çagalara we uly ýaşly raýatlara kardiohirurgiki operasiýalaryň ýola goýuljakdygyny görkezýär.

Adaty itburun

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby ylmy-lukmançylyk maglumatlarynyň çeşmesi bolmak bilen, onda ene topragymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň iki müňden gowragynyň aýratynlygy, tebigy ýaýrawy, gory, çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy hem-de ulanylyşy giňişleýin beýan edilýär. Şeýle melhemlik ösümlikleriň biri hem itburundyr. Itburun bägül güllüler maşgalasyna degişli bolup, dik ösýän baldakly, ýapragyny düşürýän gyrymsy agaçdyr. Onuň köp görnüşi terligine iýmäge ýaramly bolsa, galany guradylandan soň, çaý görnüşinde ýa-da gaýnadylyp ulanylýar. Onuň miwesinden dürli görnüşli şerbetler taýýarlanylýar.

Möwsümleýin döreýän kesellerden goranalyň!

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berk berjaý etmeli. Elleri arassa saklamaly. Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp, üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar.

Ussatda usul kän

Ynsanyň dünýäde ýaşamagy üçin tenekar howa, arassa suw, ýokumly iýmit zerur. Edil şonuň bilen birlikde, adamyň zyýada ömür sürmeginde dermanlyk ot-çöpler hem aýratyn möhümdir. Türkmen topragy bolsa melhemlik ösümliklere diýseň baý. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri Hydyr gören türkmen topragynda bitýän ösümliklerdir ot-çöplerden ýerlikli peýdalanyp gelipdir. «Derdi bolan derman arar» diýlişi ýaly, dermanlyk ot-çöp hemişe hyrydarly bolupdyr. Şeýle bolansoň, olary ösdürip ýetişdirýän adamlara hem hormat goýlupdyr. Ynha, Tejen etrabynyň «Waharman» daýhan birleşiginiň Lukman obasyndan Begenç Atamyradow hem şeýle adamlaryň hilinden. Ol indi 60 ýyla golaý wagt bäri dürli dermanlyk ösümlikleri ýetişdirip gelýär. Onuň bolýan otagyna gireniňde, kitaphana giren ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Segsen ýaşy arka atyp, togsanyň gyrasyndan gädip ugran Begenç aganyň baý tejribesine esaslanýan gyzykly gürrüňlerini diňledigiňçe, diňläsiň gelýär.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almagyň kadalary

— Gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmeli. — Eliňizi elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Il saglygy — ýurt baýlygy

PEÝDALY MASLAHATLAR Gyş paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli.

Saglyk — baýlyk

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ynsan saglygyny goramak we dikeltmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek, şeýlelikde adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda bitirilen beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda maşgala lukmançylygy has kämil derejelere eýe boldy. Ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň tekliplerine laýyklykda ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olardan bolýan maýyplygy azaltmak, aýratyn hem, ýürek-damar, süýjüli diabet, öýkeniň dowamly keselleri, howply täze döremeleri irki döwürde ýüze çykarmakda we anyklamakda, netijeli bejermekde möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sagdyn bolmak özümize bagly

Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keseller näsag adamdan sag adama dem alyş ýollaryndan — üsgürmek, asgyrmak arkaly bölünip çykýan kesel döredijileriň aralaşmagy bilen ýokuşýar. Şol sebäpli hem arassaçylyk düzgünlerini, şahsy gigiýenanyň kadalaryny berk berjaý etmeli, pasla görä geýinmeli. Arassaçylyk kadalaryna eýermek üçin her bir adam şulary hökman berjaý etmelidir:

Ýurdumyzyň lukmançylyk diplomatiýasy

Biziň Watanymyzda il saglygy — ýurt baýlygy saýylýar. Adamyň ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygy Konstitusiýamyzda hem berkidilendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryny dowamata öwürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň ýurdumyzda taglymat derejesine göterilmegi-de adama goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanydyr. Şu ýörelgelerden ugur alyp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, jemgyýetimiziň aň-bilim binýadyny pugtalandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş kadalaryny işjeňleşdirmek babatynda ummasyz işler amala aşyrylýar. Ata Watanymyz dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmek bilen, sport äleminde uly abraýa eýe bolan ýurt hökmünde hem giňden tanalýar. Gysga döwürde giň gerimli sport özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylyp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalary, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlary, sport mekdepleri, atçylyk-sport toplumlary, sport meýdançalary guruldy we gurulýar. Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda döwlet syýasaty tarapyndan ileri sürlen esasy ugurlaryň biri ynsan saglygyna g

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünleriniň kadalaryny berk berjaý ediň! Elleriňizi elmydama arassa ýagdaýda saklaň we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwuň!

Gyş pasly we ynsan saglygy

Fiziki işjeňligiň ähmiýeti

Her bir ynsan ýaşyna garamazdan hereketde bolmalydyr. Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Bu hereketler maşklar, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek, gimnastika, aerobika bilen meşgullanmak ýaly görnüşleri öz içine alýar. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň immunitetini (kesellere garşy göreşijilik ukybyny) berkidýär. Agzalan dürli görnüşdäki hereketleriň hersiniň aýratyn täsiri bardyr. Tigir sürmek — dem alyş agzalarynyň işini, gan aýlanyşy kadalaşdyrýar hem-de tutuş bedeniň aýak myşsalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almagyň kadalary

— Gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmeli. — Eliňizi elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Sagdyn durmuş — bagtly geljek

Golaýda etrabyň 1-nji sport mekdebinde TDP-niň etrap komiteti etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen bäsleşik geçirildi. Onda sportuň grek-rim görnüşi boýunça etrabyň açyk birinjiligini almak ugrunda Mary şäher we Wekilbazar, Baýramaly, Mary etraplarynyň sport mekdeplerine gatnaýan, 2013 — 2015-nji ýyllarda doglan türgen oglanlaryň arasynda “Sagdyn durmuş — bagtly geljek” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik, diýseň, çekeleşikli bolup, oňa gatnaşan tomaşaçylara uly täsirini ýetirdi. Bäsleşikde emin agzalary tarapyndan 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan türgenler kesgitlenildi.

Gyş paslynda kadalary berjaý ediň!

— Gyş paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. — Pasyl aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, oňa görä geýinmeli.

Peý­da­ly mas­la­hat­lar

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Meş­hur rus luk­ma­ny Leo Bo­he­ri­ýa ýü­rek ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek­de öz­bo­luş­ly usul­la­ry dö­re­den­di­gi bi­len bellidir. Luk­ma­nyň pi­ki­ri­çe, ýö­re­mek beý­le­ki fi­zi­ki maşk­la­ra ga­ra­nyň­da, adam sag­ly­gy üçin has peý­da­ly­dyr.

Gyş paslynda sagdyn bolmagyň kadalary

— Gyş paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. — Pasyl aýratynlyklaryna görä geýinmeli.