Saglyk — baýlyk

31 Ýanwar 2024
439

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ynsan saglygyny goramak we dikeltmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek, şeýlelikde adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda bitirilen beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda maşgala lukmançylygy has kämil derejelere eýe boldy. Ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edildi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň tekliplerine laýyklykda ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olardan bolýan maýyplygy azaltmak, aýratyn hem, ýürek-damar, süýjüli diabet, öýkeniň dowamly keselleri, howply täze döremeleri irki döwürde ýüze çykarmakda we anyklamakda, netijeli bejermekde möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.